Maşşan Hamzaýewiň 100 ýaşy bellenilýär

Türkmen diliniň sözlükleri

20-nji dekabrda Gyzyletrekde, ady dakylan mekdepde meşhur türkmen dilçisi, onlarça sözlügiň we okuw kitabynyň awtory bolan Maşşan Hamzaýewiň 100 ýaş toýy bellenilýär.

Türkmen dil biliminiň gözbaşynda duran iň görnükli dilçileriň biri hasaplanýan Maşşan Hamzaýew 1953-nji ýyldan ömrüniň ahyryna çenli, ýagny 1965-nji ýyla çenli Türkmenistan Ylymlar Akademiýasynda işleýär.

Maşşan Hamzaýew

Aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew Maşşan aganyň 75 ýaş toýunyň sowet ýyllarynda döwlet derejesinde bellenilendigini, emma indi garaşsyz Türkmenistanda diňe mekdep derejesinde bellenilýändigini habar berdi.

Ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen meşhur dilçiniň ylmy mirasy barada geçirilen söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Maşşan Hamzaýewiň 100 ýaşy bellenilýär