Aşgabat gyşa ýene taýýarlyksyz geldi

Aşgabat, Parahat etrapçasy

Türkmenistanda howanyň 14-nji oktýabrdan başlap tutuş ýurtda sowandygyny aýdýarlar. Ýerli synçylar muny akrap bilen baglanyşdyrýarlar.

Gadymdan gelýän Gündogar hasabyna görä, 16-njy oktýabrdan 17-nji oktýabra geçilýän gije Gündogarda «akrap» diýlip atlandyrylýar we il içinde «Akrapda urmasam, ahyretde-de urman» diýen söz bar.

Bu sowugyň şol günlerde gök ekinleri we miweli baglary urmagy bilen bagly dörän pähim hasaplanylýar.

Emma çeşmeler paýtagt Aşgabadyň jaýlarynyň, mekdepleriniň we çagalar baglarynyň köpüsiniň bu gyşa hem ýeterlik taýýarlyksyz gelendigini habar berýärler.

Azatlyk radiosy bu ýagdaý barada ýerli synçy, ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Aşgabat gyşa ýene taýýarlyksyz geldi