Aşgabatda ýene eýwanlar, sowadyjylar sökülýär

Aşgabatda ýene eýwanlar, sowadyjylar sökülýär.

Aşgabat şäheriniň Parahat 1 we 2 etrapçalaryndaky köp gatly jaýlaryň eýwanlaryny, split sistemalaryny, goşmaça otaglaryny we kir serilýän ýüplerini sökmek işleri güýçli depginde amala aşyrylýar.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylarynyň berýän maglumatyna görä, bu çäre esasan Parahat 2/1 etrapçasynyň 3-nji jaýynda we Parahat 1 etrapçasynyň 14, 38,39,40,41 we 50-nji jaýlarynda alnyp barlyp, indi bir hepdä golaý wagt bäri bu ýerde onlarça işçiniň we tehnikanyň hereket edýändigini görse bolýar.

Bu işçiler ýaşaýjylar tarapyndan jaýlaryň balkonlaryna, ýagny eýwanlaryna gurlan goşmaça diwarlary ýykyp, olaryň deregine bir meňzeş ölçegdäki hem-de olaryň içine gök reňkdäki aýna ýerleşdirilen täze plastik penjireleri oturdýarlar.

Penjireleri oturtmak işi döwletiň hasabyna bolsa-da, bu çäräniň bir günden köp dowam edýändigini we munuň gyşyň sowuk günlerinde dürli oňaýsyzlyklary döredýändigini käbir ýaşaýjylar gürrüň berýärler.

“Penjiräni ertir oturdarys”

“Düýn eýwanyň kerpiç diwarlaryny söküp, ‘ertir penjiräni oturdarys’ diýip gitdiler. Ýöne bu gün eýýäm öýlän sagat 3 boldy, henizem gelmediler. Öýüň içi sowukdan buz ýaly boldy, ýyladyş sistemasynyňam peýdasy ýok” diýip, Parahat 1 etrapçasynyň ýaşaýjysy 34 ýaşyndaky Gülnabat aýdýar.

Gürrüňi edilýän sebitde eýwanlarynyň deregine täze plastik penjireler oturdylan we split sistemasy, kir serilýän ýüpleri sökülen 15-e golaý jaýyň daşyna demir merdiwanlar aýlanyp, olaryň ikisiniň daşyna mermere meňzeş alfagon plitalaryny oturtmak işi hem dowam edýär.

Mundan başga-da, komunal hojalyk edarasynyň işçileri “bikanun” ekilendigi aýdylýan agaçlaryň hem onlarçasyny çapyp aýyrdylar. Şeýle-de, olar goşmaça gurluşyklary, ýagny il içinde aýdylyşy ýaly “pristroýkalary” ýykmak işinden galan zir-zibilleri hem arassalaýarlar. Olaryň käbirleri häzirki ýykylýan eýwanlaryň gurluşyk galyndylary bolsa, käbirleri mundan 8 aý çemesi öň ýykylan goşmaça gurluşyklardan galan zir-zibillerdi.

Häzirki wagtda protokol köçelerinden seredilende, ikinji we üçünji hatar bolup duran bu jaýlary “abadanlaşdyrmak işleriniň” çaltlaşdyrylmagy we onuň sebäpleri barada türkmen häkimiýetleri ýa-da media serişdeleri tarapyndan ilat köpçüligine maglumat berilmeýär.

31-nji maýa çenli “taýýar edilmeli”

Emma ol ýerde işleýän işçiler we ýaşaýjylar alnyp barylýan işleriň sebäbini “Aziada 2017-ä” az wagtyň galmagy bilen düşündirýärler.

“Bize 31-nji maýa çenli şäheriň doly abadanlaşdyrylmalydygyny, jaýlaryň doly taýýar bolmalydygyny aýtdylar. Şäheriň we jaýlaryň Aziýa oýunlaryna doly taýýar edilmelidigini aýtdylar” diýip, Parahat 1 etrapçasyndaky jaýlaryň birinde alfagon plitalaryny oturdýan 29 ýaşyndaky işçi Mergen aýtdy.

Ýeri gelende ýatlatsak, Aşgabatda 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda geçirilmegi planlaşdyrylýan V Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyklaryň çäginde, şäheri “abadanlaşdyrmak işlerine” mundan üç ýyl çemesi ozal başlanypdy.

Bu çäräniň çäginde şäheriň aglaba bölegindäki jaýlardan çanak antennalar, split sistemalar, kir serilýän ýüpler we goşmaça gurlan gurluşyklar sökülip aýryldy. Şeýle-de, protokol köçelerden görünýän jaýlaryň daşy mermere meňzeş alfagon plitalar bilen örtüldi.

Sözümiziň ahyrynda ýatlatsak, Türkmenistanda Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyklaryň çäginde anyk näçe möçberde maliýe serişdesiniň harçlanandygy barada maglumat berilmeýär. Emma bu çärä gabatlap, Aşgabatda bahasy 5 milliard amerikan dollaryna barabar bolan ýörite olimpiýa şäherçesi we 2 milliard amerikan dollaryna barabar bolan täze halkara aeroport guruldy.