Maglumata görä, bu proýekti durmuşa geçirmek barada Daşkendiň häkimi Jahongir Artykhojaýew bilen türkmen ilçisi Ýazguly Mämmedowyň 12-nji fewralda özbek paýtagtynda geçiren maslahatynyň dowamynda ylalaşylypdyr.
Duşuşykda Türkmenistanyň Daşkentdäki ilçihanasynyň golaýynda türkmen diplomatlary üçin ýaşaýyş jaýyny gurmak mümkinçilikleri barada hem pikir alyşylypdyr.
Degişli maglumat Özbegistan Türkmenistana $17 millionlyk oba-hojalyk tehnikalaryny ýollarÖzbek mediasynyň maglumatyna görä, geçen ýylyň birinji çärýeginde iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy 55% ösüpdir.
Özbegistan günorta goňşusy Türkmenistana oba-hojalyk tehnikasyny, ter we işlenen gök-önümlerini, mineral dökünlerini, gurluşyk harytlaryny we tekstil önümlerini eksport edýär.
Bellesek, geçen ýylyň aýagynda Özbegistanyň Türkmenistana umumy bahasy 17 million dollarlyk oba-hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň tapgyryny ugratjakdygy barada maglumatlar peýda bolupdy.
Türkmenistan hem öz gezeginde Özbegistana nebit we nebit önümlerini, şeýle-de himiýa senagatyna degişli beýleki serişdeleri eksport edýär.