Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan Türkmenistana $17 millionlyk oba-hojalyk tehnikalaryny ýollar


Özbek traktorlary

Özbegistan Türkmenistana umumy bahasy 17 million dollarlyk oba-hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň tapgyryny ugradar.

Özbek habar serişdeleriniň “Uzagrotehsanoatholding” edarasynyň wekiliniň sözlerine salgylanyp berýän maglumatyna görä, tehnikalaryň birinji tapgyry şu ýylyň aýagyna çenli, ikinji tapgyry hem geljek ýylyň ýanwar-mart aralygynda ugradylar.

Geçen aý türkmen prezidenti Özbegistandan oba-hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň uly tapgyryny satyn almak baradaky karara gol goýupdy.

Dokumente laýyklykda, Türkmenistanyň Oba we suw hojalygy ministrligine Türkmenistanyň prezidentiniň 2017-nji ýylyň 6-njy martynda çykaran 88-nji Kararyna laýyklykda, Özbegistan Respublikasynyň “Uzsanoateksport” paýdarlar jemgyýeti bilen baglaşan şertnamasyna goşmaça ylalaşygy baglaşmaga ygtyýar berildi.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG