Eýran Kaspiniň hukuk derejesi baradaky “habarlary” inkär edýär

Abbas Mousawi. Arhiw suraty

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Abbas Mousawi Kaspiniň hukuk derejesi boýunça kesgitleme baradaky “nätakyk” diýip häsiýetlendiren habarlary inkär etdi. Bu barada Eýranyň Tasnim habarlar gullugy IRNA agentligine salgylanyp 4-nji awgustda maglumat berdi.

“Kaspiniň hukuk derejesi boýunça hiç hili täze özgerilişik bolmady. Şeýle-de, gepleşikler [kenarýaka] döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlykdan we maslahatlardan aňry ilerlemedi” diýip, eýran resmisi sözüne goşdy.

Mousawi Kaspiniň hukuk derejesi bilen ilteşikli soňky netijä gelinmändigini, şeýle-de kenarýaka döwletleriň suw araçäkleriniň we deňiziň düýbüniň demakrasiýasy boýunça jemleýji ylalaşyga gelmändiklerini aýratyn belledi diýip, habarda aýdylýar.

“Bäş döwlet tarapyndan gurşalyp alnan Kaspiniň özüne mahsus çylşyrymly ýagdaýlary we aýratynlyklary bar. Şol sebäpli onuň hukuk derejesi entek jemlenmedi” diýip, Mousawi belledi.

Eýranyň ýokary derejeli diplomaty “kaspiýaka döwletleriň çözgüdi tapmak ugrunda tagalla edýändiklerini, şeýle-de munuň juda jikme-jik tehniki we ýurudiki işleri talap edýändigini” aýdyp, Kaspiniň ýurdiki statusy boýunça ylalaşyga gelnendigi baradaky habarlaryň “hakykata gabat gelmeýändigini” belledi.

Şol bir wagtda, Mousawi “hakykata gabat gelmeýär” diýip anyk nirede çykan habarlary göz öňünde tutýandygyny aýdyňlaşdyrmady.

Mundan bir ýyl ozal, ýagny 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystanyň Aktau şäherinde Türkmenistanyň, Eýranyň, Azerbaýjanyň, Russiýanyň hem-de Gazagystanyň prezidentleriniň gatnaşmagynda geçirilen Hazarýaka döwletleriniň V sammitinde Kaspiniň hukuk derejesini kesgitlemek boýunça Konwensiýa gol çekilipdi.

Şonda bäş kaspiýaka döwletleriniň prezidentleri meseleleriň aglabasy hakda ylalaşsalar-da, Eýranyň prezidenti deňzi bölüşmek işiniň Tähran üçin bir mesele bolup galýandygyny belläpdi. Prezident Hassan Rohani Kaspini bölüşmek meselesini çözmek hakda ýene-de gepleşikleriň gerekdigini aýdypdy.

Galyberse-de, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Abbas Mousawiniň geçen dynç günleriniň dowamynda eden çykyşy, Türkmenistanda 11-12-nji awgustda geçmeli birinji Hazar ykdysady forumynyň öňýanyna gabat geldi.