Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň premýer-ministri prezidentiň ölümi baradaky gürrüňler arasynda Türkmenistana sapar eder


Prezident Berdimuhamedow rus premýeri Dmitriý Medwedowy Aşgabatda sowet döwrüniň ulagynda gezdirýär. 31-nji maý, 2019.
Prezident Berdimuhamedow rus premýeri Dmitriý Medwedowy Aşgabatda sowet döwrüniň ulagynda gezdirýär. 31-nji maý, 2019.

Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew şu aýyň ortalaryna golaý, merkezi aziýa döwletiniň awtokrat lideriniň ölendigi barada edilýän erjel gürrüňleriň arasynda, Türkmenistana sapar etmegi planlaşdyrýar.

Medwedew Türkmenistana 11-12-nji awgustda, birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin sapar eder diýip, onuň metbugat gullugynyň beýanatynda aýdylýar.

Şeýle-de, beýanatda tassyklanmagyna görä, Medwedew sapar mahalynda türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşmagy planlaşdyrýar.

Medwedew Türkmenistana soňky gezek 30-31-nji maýda, GDA ýurtlarynyň hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň Aşgabatda geçirilen mejilisine gatnaşmak üçin barypdy.

Berdimuhamedow 5-nji iýuldan bäri jemgyýetçilige çykman gelýär, hatda ol 6-njy iýulda, ÝB-niň daşary syýasat başlygy Federika Mogherini türkmen paýtagty Aşgabada sapara baran wagtynda hem jemgyýetçilige görünmedi we bu onuň saglygynyň öwerlik däldigi hakynda edilýän gürrüňleriň üstüne ýag sepdi.

Türkmen häkimiýetleri, uzak wagt planlaşdyrylan forum biraz öň başlanýan-da bolsa, prezidentiň 15-nji awgusta çenli dynç alyşda boljakdygyny ýanjap aýtdylar,

Döwlet telewideniýesi 15-nji iýulda haçan düşürilendigi görkezilmedik wideony efire berdi, onda 62 ýaşyndaky Berdimuhamedow täze kitabynyň üstünde işleýän, öz aýdym aýdyşyny synlaýan we gyz agtyklary bilen gezim edýän şekilde görkezilýär.

Bu ýyldaky dynç alşyndan tapawutlylykda, türkmen telewideniýesi öňki ýyllarda prezidentiň dynç alyşdaky işjeňlikleri hakynda hem ara kän salym salman maglumat bererdi.

20-21-nji we iýulda döwlet baştutanynyň ýogalandygy ýa-da saglyk ýagdaýynyň ýaramazdygy hakynda ilki internetde, soňra rus metbugatynda ýaýran gürrüňlerden soň, türkmen telewideniýesi 24-nji iýulda Berdimuhamedowyň şäher häkiminiň haýyşy boýunça Aşgabadyň içinde guruljak täze şäheriň awtobus duralgalarynyň taslamalary bilen tanyşmaga gelendigini habar berdi.

Emma synçylar we bilermenler türkmen telewideniýesiniň prezidenti soňky görkezen wideosynyň düşürilen wagtyny sorag astyna alýarlar.

Türkmenistan hukuk toparlary tarapyndan dünýädäki iň bir ýapyk we despot hökümetleriň biri hökmünde häsiýetlendirilýär we bu ýurtda jemgyýetçilik durmuşynyň ähli aspektiniň Berdimuhamedow we onuň kömekçileri tarapyndan gözegçilikde saklanylýandygy aýdylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG