Marynyň ilatynyň pensiýalaryny we kömek pullaryny almakda çekýän kynçylyklary dowam edýär. Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, onlarça obanyň ilaty bankomatlarda nagt puluň bolmazlygy sebäpli noýabr aýy üçin geçirilen pullaryny alyp bilmän şäherlere gatnamaly bolýarlar.
"Maryda adamlara pensiýalary, maýyplyk boýunça we beýleki kömek pullaryny kartlaryna geçirdiler. Emma Zähmet, Ýersuw, Garagum ýaly çetki obalaryň, şeýle-de Türkmengalanyň Kemine obasynyň we "Täze durmuş" daýhan birleşiginiň ýaşaýjylary günde irden üýşüp awtobusa münüp, nagt puluň gözleginde Baýramaly şäherine gelýärler, emma Baýramaly şäherinde nagt pul berýän bankomatyň bolmazlygy sebäpli adamlar ýene awtobusa münüp Mary şäherine gelýärler. Emma Maryda hem nagt pul berýän bankomat tapmaýarlar" diýip, habarçymyz aýdýar.
Marydaky habarçylarymyzyň sözlerine görä, şäherlerde topar bolup, bir boş bankomatdan başgasyna aýlanyp ýören adamlary görse bolýar. Bankomatlarda köplenç pul bolmaýar.
"Sebäbi hiç bir bankyň bankomatlarynda we başga ýerlerde nagt pul tapdyrmaýar. Adamlar sowukda üşäp, şäheriň niresinde bankomat bar bolsa aýlanmaly bolýarlar, irden gelen adamlar plastik kartlaryndan pul nagtlaşdyryp bilmän, elleri boş yzlaryna, ýagny öýlerine dolanýarlar" diýip, habarçymyz belleýär.
Onuň sözlerine görä, bankomatlarda puluň bolmazlygyndan başga-da, adamlary polisiýanyň we bankomatlaryň ýerleşýän ýerlerindäki işgärleriň kemsitmeleri köseýär.
"Adamlar plastik kartlaryndan pul nagtlaşdyrmakçy bolup haýsy bankomatyň oňüne barsalar adamlaryň ýüzlerini alyp goýberýärler, pul ýok diýip kowýarlar, ýagny banklaryň daşyndaky bankomatlara barsalar polisiýa işgärleri näme dursuňyz pul ýok baryň diýýärler, eger dükanlaryň, edaralaryň içindäki bankomatlara barsalar üýşüp girmän pul ýok diýip nobatçylar we işgärler kowup goýberýärler" diýip, habarçymyz gürrüň berýär.
Degişli maglumat Maryda, Lebapda, Daşoguzda ilat kartlaryna geçirilen pullaryny alyp bilmeýär
Soňky aýlarda Türkmenistanda bankomatlar köplenç boş durýar, emma adamlar ençeme sagatlap nobatlarda durýarlar.
Habarçylarymyzyň sözlerine görä, ilatyň öz pullary nagtlaşdyrmak bilen bagly ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryna bankomatlara ýeterlik puluň salynmaýandygy sebäp bolýar. Üstesine, bankomatlaryň köpüsi boş durýar ýa-da işlemeýär.
"Mary şäherinde şu gün sagat 14:00 Mollanepes köçesinde ýerleşýän 'Senagat' bankynyň içinde bir bankomada pul saldylar sagat 15:30 50-den gowrak adam jemlendi, adamlaryň köpüsi şu bankda bankomada puluň salynandygyny bilmeýärdi. Mary şäheriniň başga bankomatlary boşlugyna galýar. Bu 'Senagat' bankynda nobat gitdigiçe köpeldi, emma nobatda duranlaryň hemmesine pul ýetmedi. Başda 800 manat bassaň berýärdi, soňra 200 manat berdi, sagat 16:30 adamlar 20 manatdan basyp, pul almaly boldular. Bir adam bir kartdan puly nagtlaşdyrmakçy bolsa, kartyndan 800 manat pul almak üçin 40 gezek kartyny salyp çykarmaly boldy, Bankyň iş wagty 18:00 çenli bolsa-da, bankomatdaky pul 17:00 gutardy we polisiýa işgärleri adamlary daşyna çykardy" diýip, Marydaky habarçymyz 8-nji noýabrda habar berdi.
Degişli maglumat Häkimiýetler bankomatlaryň öňündäki nobatlaryň öňüni almaga synanyşýar
Türkmenistanda aýlyklar, pensiýalar, kömek pullary, stipendiýalar, daýhanlaryň gazanjy plastik kartlara geçirilýär.
Türkmenistanyň ýolbaşçylary nagt puluň ýetmezçiligi bilen bagly uzaga çeken krizisiň bir ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýändigine garamazdan, bu problemany diňe ýaňy-ýakynda resmi taýdan boýun aldy. Awgustda ýurt baştutany bankomatlarda puluň bolmazlygynyň döwletiň maliýe syýasatyna däl-de, eýsem tehniki meseleler bilen baglydygyny aýtdy we bu ýagdaýyň döremeginde resmileri aýyplady.
Şondan bäri üç aý geçdi, emma problema çözülmedi. Häkimiýetler pul üpjünçiligini berjaý etmegiň ýerine, nobatlaryň döremezligi üçin çäre görüp başdy.
Azatlygyň Marydaky habarçylary polisiýanyň bankomatlaryň öňünde duran adamlary saklap soraga çekýändigini, döwlet edara-kärhanalarda bolsa işgärlere bankomatlaryň öňünde "görünmezligiň" tabşyrylýandygyny habar beripdi.
Merkezi Bankyň maglumatlaryna görä, 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli döwürde ýurduň banklary 3 milliondan gowrak plastik kart beripdir, tutuş ýurt boýunça 2200 bankomat ýerleşdirilipdir.
Degişli maglumat Marylylar gijäň ýaryndan bankomatlaryň öňünde nobata durýarlarGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.