Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Häkimiýetler bankomatlaryň öňündäki nobatlaryň öňüni almaga synanyşýar


Bankomatyň öňündäki nobat, Aşgabat, awgust, 2019
Bankomatyň öňündäki nobat, Aşgabat, awgust, 2019

Türkmenistanyň Lebap welaýatynda ýerli häkimiýetler bankomatlaryň öňünde nobatlaryň döremeginiň önüni almak boýunça çäre görýärler.

​Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, polisiýa bankomatlaryň öňünde duran adamlary saklaýar we soraga çekýär. Üstesine, döwlet edara-kärhanalarynda işgärler bilen söhbetdeşlik geçirilip, olaryň nobatlarda görünmezligi talap edilýär.

​- Indi, nobatlarda duran adamlary polisiýa alyp gidýär we sorag edýär. Kärhanalarda bolsa, ýolbaşçylar öz işgärleri bilen ýygnak geçirip, olaryň bankomatlaryň öňünde görünmezligini talap edýär - diýip, welaýatdaky habarçymyz 25-nji awgustda aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Lebapda bankomatlaryň öňündäki nobatlara garşy bu çäreler Merkezi Bankyň başlygyna prezident tarapyndan käýinç berilmeginden soň başlanypdyr.

- Öz aýlygyny almak üçin nobatda durmaly bolýan adamlary jenaýatçy hökmünde yzarlaýarlar. "Arkadag düýn bankomatlaryň işini tankyt etdi, siz ýalylar sebäpli bankomatlar sandan çykýar we nobatlar döreýär, sizem soň suratlary internetde goýýarsyňyz" diýip, polisiýa adamlary ýygnaýar we soraga çekýär - diýip, habarçymyz aýdýar we şäherde bankomatlaryň köpüsiniň abatdygyny, ýöne olarda puluň ýokdugyny belleýär.

Türkmenistanda aýlyklar, pensiýalar, döwletiň kömek pullary, stipendiýalar we daýhanlaryň gazanjy bank kartlaryna geçirilýär.

Bankomatlaryň öňündäki nobatlar krizisi tomsuň başynda güýçlendi, paýtagtda we welaýatlarda ýüzlerçe adamlyk nobatlar döredi. Ilat köpçüligi öz pullaryny nagtlaşdyrmak üçin birnäçe sagatdan birnäçe güne uzaýan nobatlarda durmaly bolýar.

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň ýolbaşçylary bankomatlaryň işinde näsazlygyň bardygyny ilkinji gezek boýun aldy.

​Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanda bankomatlarda nagt puluň ýokdugy we nobatlaryň saklanýandygyny barada taýýarlan onlarça reportažyndan soň, 19-njy awgustda türkmen prezidenti Merkezi Bankyň ýolbaşçysy Merdan Annadurdyýewe bankomatlara gözegçiligi gowşadandygy üçin käýinç berdi. Ýöne şonda ýurduň bankomatlaryndaky nagt pul ýetmezçiliginiň sebäpleri düşündirilmedi.

Türkmenistanda ilatyň nagt pula bolan talabynyň kanagatlandyrylmaýan wagtynda, banklar öz müşderileriniň plastik kartlaryndan nagtlaşdyrmagyna rugsat berýän serişdeleriniň möçberini ýene çäklendirdi. Bu bolsa nobatlaryň has köpelmegine getirdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň maglumatyna görä, häzirki wagtda bankomatlarda günde 200 manatdan köp pul nagtlaşdyryp bolmaýar.

Bankomatlarda ýeterlik puluň bolmazlygy ilaty puluny nagtlaşdyrmak üçin dürli mümkinçilik gözlemäge mejbur edýär. Welaýatlara garanda paýtagtdaky ýagdaý ganymat hasaplanylýar. Şu sebäpden welaýatlylar öz kartlaryny paýtagta ugradyp, belli bir töleg edip, puluny nagtlaşdyrmaga synanyşýarlar.

Aşgabatda-da bankomatlaryň öňünde uly nobatlar saklanýar.

- Indi iki aý bäri puluny nagtlaşdyryp bilmän oturan lebaplylar mümkinçilik tapsalar öz kartlaryny Aşgabada ugradýarlar we şol ýerde nagtlaşdyrylan her 200 manat üçin 20 manat töleýärler - diýip, Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy aýtdy.

Türkmenistanda nagt bolmadyk töleg etmek hyzmaty örän gowşak ýola goýlan. Köp söwda nokadynda terminallar ýok, bolan ýagdaýynda-da ulanylmaýar.

Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysynyň sözlerine görä, welaýatyň administratiw merkezi Türkmenabatda dükanlarda, aeroportda we demirýol kassalarynda bank kartlary bilen tölegler kabul edilmeýär. Käwagt barlaglaryň geçirilýän wagtynda kart tölegleri gysga wagtlyk kabul edilýär, soň ýene-de bes edilýär.

Aşgabatdaky habarçymyzyň sözlerine görä, paýtagtyň hem köp ýerlerinde bank kartlary töleg üçin kabul edilmeýär.

- Gündogar Altyn Asyr bazarynda ähli dükanlarda we wagtlaýyn söwda nokatlarynda plastik kartlary bilen tölegler kabul edilmeýär, ähli söwda nagt amala aşyrylýar. Mekdep esbaplary hem diňe nagt pula satylýar, kassa apparatlary umuman ýok - diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 25-nji awgustda habar berdi.

Rus dilinde okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG