Stambulda ýasama arakdan zäherlenip ölen türkmen migrantlarynyň sany 20-ä ýetdi

Illýustrasiýa suraty

Stambulda ýasama arakdan zäherlenip ölen türkmen migrantlarynyň sany 20-ä ýetdi we başga-da 30-dan gowragy keselhanada saglyk bejergisini alýar. Olaryň aglabasynyň saglyk ýagdaýy agyr diýip, Azatlyk Radiosynyň Türkiýedäki çeşmesi habar berýär. Bu maglumaty Türkiýäniň habar serişdeleri hem tassyklaýar.

Degişli maglumat Stambulda wirusdan goranmak üçin ýasama arak içenden soň ölenleriň sany 15 adama ýetdi. Olaryň azyndan dördüsi Türkmenistanyň raýaty

"Hürriyet" neşiriniň 20-nji martda çap eden maglumatynda galp, ýasama arakdan zäherlenip ölen türkmenistanlylaryň sanynyň 20 adama ýetendigi aýdylyp, olaryň käbiriniň şahsyýeti barada maglumat berilýär.

"Ýasama arakdan zäherlenip ölenleriň arasynda Narmyrat Egamberdiýew, Esger Allannazarow, Mahmaşerip Resulow, Haýytbaý Begow, Ereş Kuzyýew, Perman Ýazdurdyýew, Hudaýnazar Hudaýgulyýew, Myrat Myradow dagy bar. Munuň yzýany ýene-de birnäçe etrapçada başga adamlaryň ölendigi mälim boldy. Munuň netijesinde ölenleriň sany 20-ä ýetdi" diýlip, neşiriň habarynda bellenilýär.

Maglumata görä, türk lukmanlary türkmenistanly zähmet migrantlarynyň ýasama arakdan ölendigini tassykladylar.

19-njy martda giçlik Azatlygyň Stambuldaky çeşmesi 10-dan gowrak türkmen migrantynyň ýasama arakdan zäherlenip heläk bolandygyny habar berdi.

"Soňky iki günuň dowamynda ýasama arak içen türkmen migrantlarynyň 10-dan gowragy öldi. Başga-da onlarça türkmenistanly keselhana ýerleşdirildi. Lukmanlar olaryň saglyk ýagdaýynyň agyrdygyny aýdýarlar" diýip, Azatlygyň çeşmesi gürrüň berdi.

"Hürriyet" neşiri hem, başga-da 34 sany türkmenistanlynyň keselhanada saglyk bejergisini alýandygyny we olaryň käbiriniň saglyk ýagdaýynyň agyrdygyny habar berýär.

Soňky maglumatlara görä, türk polisiýasy ýasama aragyň söwdasyny etmekde güman edip, 11 adamy tussag etdi. Mundan öň bu iş bilen bagly tussag edilen iki türkmenistanlynyň bolsa, sud gözegçiligi astynda boşadylandygy habar berilýär. Polisiýanyň geçiren derňewlerinde 14 litr arassa spirtiň, ýasama aragyň we birnäçe ýaragyň ele salnandygy hem aýdyldy.

Türk neşiri türkmenistanlylara salgylanyp, olaryň täze koronawirusdan goranmak üçin ýasama araklardan içendigini habar berýär.

"Biz spirti ýa-da aragy wiruslardan goranmak üçin tenimize, bedenimize çalýarys we içýäris" diýip, neşir keselhanada saglyk bejergisini alýan türkmenistanlylaryň biriniň sözüni sitirledi.

Şol bir wagtda, Azatlygyň Stambuldaky çeşmesi türkmen migrantlarynyň täze koronawirusdan goranmak üçin ýasama araklardan içendigi baradaky maglumatlary tassykladyp bilmändigini aýtdy.

Degişli maglumat Bütindünýä Saglyk Guramasy maslahat berýär

Häkimiýetler türkmen migrantlaryna öýde öndürilen ýasama araklary içmezlik barada duýduryş berýär.

Mundan öň, 19-njy martda irden Azatlyk Radiosy Stambulda dört türkmen raýatynyň ýasama arakdan zäherlenip ölendigini habar beripdi.

Şonda Azatlygyň çeşmesi ölen türkmenistanlylaryň​ hossarlarynyň jesetleri Türkmenistana ibermäge synanyşýandygyny, ýöne uçar gatnawlarynyň ýatyrylandygy sebäpli munuň başa barmaýandygyny gürrüň beripdi. Kömege taýýardyklaryny aýdan Türkiýedäki türkmen diplomatlary bolsa, muny Aşgabadyň rugsady bolmazdan berjaý edip bilmeýändiklerini belläpdiler.

Mundan ozal Eýranda şuňa meňzeş wakanyň bolandygy habar berlipdi. Şonda koronawirusdan goranmak üçin ýasama arak içen 159 adamyň zäherlenip ölendigi mälim edilipdi.

Lukmanlar spirtli içgileriň, şol sanda aragyň adamlary koronawirusdan goramaýandygyny aýdyp, tersine munuň immunitetiň gowşamagyna we keselçiligiň has-da agyrlaşmagyna getirip biljekdigini belleýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.