Özbek prezidentine gönükdirilýän onlaýn öwgüleriň arkasynda Daşkent bilim resmileri bar ýaly bolup görünýär

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew

Özbek prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň hem-de birnäçe döwlet edarasynyň ýurtda koronawirusyň ýaýramagyny haýallatmak babatyndaky tagallalaryny öwýän ýüzlerçe elektron hatyň arkasynda Daşkent şäher bilim bölüminiň resmileriniň duran bolmagy mümkin.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň (AÝ/AR) Özbek gullugynyň Telegram hasabyna 24-25-nji aprelde köpüsinde şol bir tekst gaýtalanýan hat ýagdy. Beýleki habar serişdelere-de şeýle hatlaryň ýagdyrylyp-ýagdyrylmandygy dessine mälim bolmady.

AÝ/AR gelen hatlaryň “awtorlarynyň” käbirleri bilen habarlaşdy. Olar bu hatlary Daşkent şäher bilim bölüminiň taýýarlandygyny hem-de olary AÝ/AR-a ugratmagy buýruk berip, paýtagtyň Olmazor etrabynyň çagalar baglaryndaky we mekdeplerindäki mugallymlara paýlandygyny habar berdiler.

Hatda şeýle diýilýär: “Ýurdumyz agyr synaga duçar bolýan wagty, ata watanymyzyň prezidenti Mirziýoýewiň durmuşa geçirýän ähli çärelerini adalatly we dogry hasaplaýarys”

Degişli maglumat COVID-19-yň möwjemegi bilen, Mirziýoýew MA liderleri bilen gatnaşykda öňe saýlanýar

“Näsaglaryň janyny halas etmek üçin öz şirin janlaryny orta goýup göreşýän medisina işgärleriniň bitirýän işlerine baha bermek kyn...Kanun goraýjy edaralaryň hem-de Milli gwardiýanyň gije-gündiz alyp barýan yhlasly işleri watanymyzyň howpsuzlygy we abadançylygy üçindir... Biz olara baş egip, minnetdarlyk bildirýäris” diýip, hatda aýdylýar.

Käbir mugallymlara hatyň mazmunyna öz sözlerini goşmak tabşyryldy. Olar Mirziýoýewi “aladaly Ýurtbaşy hem-de “Kerweniň hakyky lideri – Kerwenbaşy” atlandyryp, tabşyrygy ýerine ýetirdiler.

Şuňa meňzeş hatlar AÝ/AR-yň Telegram hasabyna käbir okuwçylaryň ene-atalarynyň adyndan hem gelip gowuşdy.

Ene-atalar bu hatlary AÝ/AR-a ibermegi özlerinden mugallymlaryň haýyş edendigini, mugallymlaryň şeýle tabşyrygy mekdep direktorlaryndan, mekdep direktorlaryna bolsa “degişli edaranyň” tabşyryklaryny ýerine ýetirýän Bilim bölüminden görkezme berlendigini gürrüň berdiler. “Degişli edara” sözi sowet döwründe gizlin gulluklary aňlatmak üçin ulanylýardy.

AÝ/AR Olmazbek etrabynyň bilim bölüminiň işgäri Ýaşygül Şadiýewa tarapyndan mekdep direktorlaryna ugradylan görkezmäniň tekstini tapdy.

Degişli maglumat Özbegistanda Mirziýoýew döwrüniň ilkinji parlament saýlawlary geçýär

“Gadyrly direktorlar! Men sizi dünýäni aladalandyrýan howply ýagdaýda biziň ýurdumyzda görülýän çäreler barada oňyn maglumatlary ýaýratmakda işjeň bolmagy haýyş edýärin” diýip, ol ýazýar.

Şeýle-de hatda direktorlardan mugallymlaryň we ene-atalaryň Azatlyk Radiosyna iberen hatlarynyň ekran suratlaryny Ýaşygül Şadiýewa ugratmak arkaly tabşyrygyň berjaý edilişi barada hasabat bermek talap edilýär.

Galyberse-de, Şadiýewa direktorlara ugradan görkezmesinde hat ugratmak usulynyň geçen ýyl geçirilen parlament saýlawlarynda-da ulanylandygyny belleýär.

10-njy aprelde Özbegistanyň Içeri işler ministrligi Ýaşlar bileleşiginiň hem-de Daşkendiň Innowasion-tehnologiýalar uniwersitetiniň gatnaşmagynda “watansöýer bloggerleriň wirtual toparynyň” döredilýändigini mälim etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.