Aşgabadyň we welaýatlaryň hassahanalarynda COVID-19 alamatlary bolan näsaglaryň köpelmegi dowam edýär, köpüsinde bu keseliň bardygy tassyklanýar. Emma bu barada habar berýän Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary bu ýagdaýyň şu günler ýurda sapar edýän COVID-19 boýunça BSG-niň haklara bilermenlerine görkezilmejegini aýdýarlar. Bu aralykda ýurtda koronawirusyň ýokdugyny aýdýan ýurt häkimiýetleri ýokanç keselleriň ýaýramagyndan goranmak boýunça öň görlüp-eşidilmedik çäreleri girizýärler, jemgyýetçilik we şäher transportynda, bazarlarda maska geýmegi talap edýärler.
Azatlyk radiosynyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, paýtagt we welaýat hassahanalarynda koronawirusa mahsus alamatlary bolan näsaglarda COVID-19 keseliniň tassyklanmagy dowam edýär.
"Düýn A.Nyýazow we Görogly köçelerindäki kardiologiýa merkeziniň kabulhanasyna 27 näsag getirildi, olaryň altysynda koronawirus tassyklady, ikisi öldi, galanlary analizleriň netijelerine garaşýarlar" diýip, Aşgabat şäherindäki saglyk edarasyndaky çeşmämiz adynyň aýdylmazlygy şerti bilen 6-njy iýulda Azatlyk Radiosyna aýtdy.
Lukmanlaryň arasynda koronawirus bilen kesellän 5 adam bardy olaram şäher keselhanasyna ýerleşdirildi. Türkmenabatdaky köp ugurly lukmançylyk merkezi BSG-niň wekillerine görkezmek üçin taýýarlandy, şonuň üçin hassalar ol ýere häzir kabul edilmeýär
Häzirki wagtda Aşgabatda COVID-19 keseli bilen kesellän we kesellän bolmagy güman edilýän adamlaryň diňe ýokanç keseller hassahanalaryna däl, eýsem taýýarlanan beýleki keselhanalara-da, şeýle hem käbir ofis jaýlarynda-da ýerleşdirilýändigini habarçylarymyz aýdýarlar.
"Aşgabatda POLIMEX ofisi bar, CNPC-iň gapdalynda ýerleşýär, indi ol türkmen Alabaý jemgyýetiniň binasy. Onuň aýlanyp geçýän ýolyň gaplynda ullakan ammarlary bar, şony koronawirusly adamlar üçin karantine öwrüldiler. Ýokanç keseller hassahanasyna kesellileriň sygmaýandygy sebäpli şol ýerde koronawirusly hassalar üçin wagtlaýyn ýer döretdiler"- diýip habarçylarymyzyň biri 6-njy iýulda aýtdy.
Emma Türkmenistandaky habarçylarymyzyň we çeşmelerimiziň sözlerine görä, koronawirusly näsaglaryň saklanýan ýerler Bütindünýä saglyk guramasynyň COVID-19 boýunça resmi toparynyň agzalaryna görkezilmez. Daşary ýurtlulara görkezmek üçin agyr hassalarda, şol sanda COVID-19 hassalygy bolan adamlardan boşadylan keselhanalar ýörite taýýarlandy.
Hususan-da, ýurduň gündogaryndaky Türkmenabat şäherinde halkara bilermenlerine görkezmek üçin birnäçe desga taýýarlandy, olaryň arasynda Farap gümrük gullugynda gurlan täze karantin zolagy, Türkmenabadyň köpugurly merkezi we Türkmenabatdaky ýokanç kesel hassahanasy taýýarlandy.
Azatlygyň bu welaýatdaky habarçylarynyň sözlerine görä, 7-nji iýulda Lebap welaýatynda Farap gümrükhanasyndaky uly karantin zonasynyň açylmagy planlaşdyrylýar.
Bu aralykda Azatlygyň habarçylary Lebap welaýatynda COVID-19 diagnozy tassyklanan, şol sanda bu keselden ýogalan adamlaryň köpelendigini habar berdiler.
Degişli maglumat COVID-19: Bütindünýä Saglyk Guramasynyň missiýasy Türkmenistana barýar"Koronawirus synagy tassyklanan bir adam şu gün 6-njy iýulda şäher keselhanasynda aradan çykdy. Ol 56 ýaşyndady. Koronawirus bilen kesellänleriň hemmesi şäher hassahanasyna geçirildi" - diýip, ýerli saglygy saklaýyş edarasyndaky çeşmämiz habar berdi.
Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda Bütindünýä saglyk guramasynyň COVID-19 boýunça missiýasynyň Türkmenabat şäherine sapary bilen baglanyşykly koronawirus tassyklanan hassalaryň hemmesi ýokanç keseller keselhanasyndan Türkmenabat şäher hassahanasyna geçirilipdir. Şeýlelikde, Türkmenabatdaky köp ugurly lukmançylyk merkezi koronawirusly näsaglardan boşadylypdyr, bu COVID-19 boýunça BSG-niň bilermenlerine görkezmek üçin edilipdir.
"Lukmanlaryň arasynda koronawirus bilen kesellän 5 adam bardy olaram şäher keselhanasyna ýerleşdirildi. Türkmenabatdaky köp ugurly lukmançylyk merkezi BSG-niň wekillerine görkezmek üçin taýýarlandy, şonuň üçin hassalar ol ýere häzir kabul edilmeýär"- diýip, çeşmämiz belledi.
Türkmenabatda COVID-19 diagnozly näsaglaryň takyk sanyny anyklap bolmady. Saglygy saklaýyş ministrliginiň wekilleri ýurtdaky keselçilik meselesi boýunça maglumat bermeýärler.
Azatlygyň Lebap welaýatynyň saglygy goraýyş ulgamyndaky çeşmelerine görä, häkimiýetler koronawirusyň ýaýramagy bilen bagly hakyky ýagdaýy gizlemäge synanyşýarlar.
"Näsaglary gizleýärler. Bularyň hemmesi sahnalaşdyrylýar. Käte pnewmoniýa diýýärler. Şäher hassahanasynyň reanimasiýa bölüminde nämeleriň bolýandygyny görsiňizdi. Näsaglar şol ýerde. Ikinji gatda wirus ýokaşan lukmanlar bar" - diýip çeşmämiz aýtdy.
Ol ýerdäki elhenç zatlary olaryň görüp biljekdigini göz öňüne getirmek kyn. Keselhana metjidiň gapdalynda ýerleşýär. Günde 5 gezek namaz okaýarlar. Şol wagtda keselhanada çagalar ölüm halynda ýatyrlar
"Mundan başga-da, BSG-niň wekilleri hakyky ýagdaýy görmek isleseler, inçekesel keselhanasyna baryp görsünler. Olaryň saparyndan öň onkologiýa hassahanasynyň näsaglary deri we wenerologiýa klinikasyna geçirildi. Ol ýerdäki elhenç zatlary olaryň görüp biljekdigini göz öňüne getirmek kyn. Keselhana metjidiň gapdalynda ýerleşýär. Günde 5 gezek namaz okaýarlar. Şol wagtda keselhanada çagalar ölüm halynda ýatyrlar "- diýip, Lebap welaýatynyň saglygy goraýyş edaralarynyň birindäki çemämiz aýtdy.
Iki aýlap garaşylan soň BSG-niň COVID-19 missiýasy 6-njy iýulda Türkmenistana geldi. Azatlyk Radiosy Türkmenistana baran halkara wekilleriniň özlerinden häzirlikçe maglumat alyp bilmedi. BSG-niň Aşgabatdaky ofisinde bize maglumaty ýazmaça soramagy maslahat berdiler. Azatlygyň iki gün bäri ýolaýan elektron hatlaryna entek jogap bolmady.
7-nji iýulda BSG-nyň Aşgabatdaky wekilhanasynda 14-nji ýa-da 15-nji iýulda missiýanyň metbugat konferensiýasyny geçirmeginiň planlaşdyrylýandygyny habar berdiler.
BSG-niň delegasiýasynyň Türkmenistana baran güni ýurt häkimiýetleri BSG-niň koronawirusyň ýaýramagyna garşy care hökmünde berýän rekomendasiýalaryna gabat işleri öň görlüp-eşidilmedik derejede amala aşyryp başladylar.
Ulag we beýleki jemgyýetçilik pudaklarynda işleýänlerden maska geýmek talap edildi. Mundan ozal türkmen häkimiýetleriniň bu talaby etmek beýle-de dursun, tersine ilatyň maska geýmegine garşy çykandygyny bellemek gerek.
Iýun aýynda BSG jemgyýetçilik transportynda we fiziki aralygy saklamagyň mümkin bolmadyk beýleki ýerlerinde maskalary dakynmagy dünýä ýurtlryna ýene-de maslahat berdi.
6-njy iýuldan bäri Aşgabatda resmi taksi sürüjileri maska geýdiler, awtobus sürüjileri maskalarda işleýärler, bazardaky satyjylar hem maska dakynýarlar.
Aşgabatdaky bu täzelikler daşary ýurt metbugaty tarapyndan habar berildi. Pakistanyň “UrduPoint” neşri Aşgabatdaky sürüjileri bilen geçirlen söhbetdeşligi çap etdi. Aşgabatly sürüjileriň sözlerine görä, maska geýmek buýrugy Saglygy goraýyş ministrliginden gelip çykypdyr.
“Olar ýola çykmazdan ozal bize mugt berilýär. Olary işiň dowamynda geýmelidiris"-diýip, neşir awtobus sürüjisini sitirleýär.
Neşir şeýle hem taksi sürüjisine salgylanyp, awtoulagda ýolagçynyň bardygyna ýa ýokdugyna garamazdan, maskalary hökman geýmelidigini habar berýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanda gorag maskalary welaýatlaryň hemmesinde geýilýär.
"Öň maska geýdiň diýip, jerime salynan bolsa, indi maska geýmäge mejbur bolýarsyň. Bazarlarda satyjylar maska geýmeli bolýarlar. Her bir satyjydan maska we ellik satyn almak talap edilýär. Sürüjilerden hem" diýip, Lebap welaýatyndaky habarçymyz 7-nji iýulda aýtdy we şu günler Türkmenabadyň awtobuslarynda dezinfeksiýa üçin girelgelerde tutawaçlara daňylan ersileri görse bolýandygyny belläp geçdi.
Azatlygyň Türkmenabatdaky habarçysynyň sözlerine görä, bazardaky satyjylar maskalarda işleýärler, käbir alyjylar hem maska geýýärler. Şol bir wagtyň özünde-de, satuwda maskalar ýeterlik däl we bahasy hemmeler üçin elýeterli däl.
"Ýeterlik däl. Bahalar hem elýeterli däl, bir maska 5 manat, bir ellik hem 5 manat. Maskalary her 4 sagatdan çalyşmaly" - diýip, habarçymyz aýtdy.
Şu wagt Aşgabadyň dermanhanalarynda hem maskalar satuwda ýok. Emma elden bahasy 2,5 manatlyk maskalary 10 manada satyn alyp bolýar.
Maryda hem maska gyçylygy döräpdir.
"Maryda dermanhanalarda maska satylmaýar. Dermanlar gaty gymmatdy. Hiç kimde maska ýok. Dermanhanalarda adam kän" - diýip, Azatlygyň welaýatdaky habarçysy aýtdy. Onuň sözlerine görä, Mary welaýatynda pnewmoniýa keseli ýüze çykýar, hassalaryň arasynda köp çagalar bar. Sebitdäki ýokanç keseller hassahanasynda karantin döredildi.
Türkmenistanda hökmany maska geýmek düzgüni ýerli metbugat neşirleri tarapyndan bellendi. Hususan-da, hökümetçi "Orient" websaýty maska geýmek talabyny howa düzümindäki mümkin üýtgeşiklikler bilen düşündirdi.
Degişli maglumat Nyýazow adyndaky hassahanada ýokanç keseller bölümi döredildi, Daşoguz keselhanalary hassalardan boşadylýar"Şeýle-de bolsa, gorag maskalaryndaky aşgabatly taksi sürüjileri görlende, käbir raýatlar koronawirusyň golaýdadygy barada netijä gelen bolmagy mümkin" - diýip, gazet ýazýar we dessine munuň beýle däldigini belleýär: "Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrliginiň tekliplerine görä, howanyň düzüminde bolup biljek üýtgeşmeler we maddalaryň düzüminiň kadadan ýokary bolmagy sebäpli tebigy ekzogen täsirleri azaltmak üçin saglygy saklaýyş ulgamynyň işgärleri, söwda nokatlarynyň, jemgyýetçilik ulaglarynyň we beýleki hyzmat ugurlarynyň işgärleri lukmançylyk maskalaryny ulanmalydyrlar. Dem alyş ýollaryny goramak üçin allergiki we beýleki keselleri bolan adamlara-da şol teklipler berilýär". Emma neşir Aşgabatda howanyň düzüminde nähili üýtgeşmeleriň bolup geçendigini, şeýle hem maska geýmegiň näme sebäpden edil BSG-niň bilermenleriniň saparyna gabat gelendigini anyklaşdyrmaýar.
Ýarym resmi "Türkmenportal" neşiri binasy, Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň çägine "daşardan giren howa akymynyň täsiri sebäpli ýel we tozan aktiwliginiň emele gelendigini" habar berdi.
Türkmenistanyň döwlet metbugatynda ýurtda pnewmoniýanyň ýaýramagy, COVID-19 garşy görlýän resmi çäreler, BSG-niň bu keseli anyklamak boýunça bilermenleriniň ýurda edýän häzirki sapary we dünýädäki global pandemiýa bilen baglanyşykly ýagdaýlar barada habar berilmeýär.
Degişli maglumat HRW Türkmenistanyň COVID-19 epidemiýasyny inkär edip, ilatyň saglygyna howp salýandygyny aýdýarGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.