Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW Türkmenistanyň COVID-19 epidemiýasyny inkär edip, ilatyň saglygyna howp salýandygyny aýdýar


Inçekeseli bejeriş-öňüni alyş merkezi

Türkmen hökümeti ýurtda keseliň ýaýraýşy barada maglumatlary gyssagly toplamaly we derhal jemgyýetiçile ýetirmeli, saglyk barlaglaryny, synaglary giňden elýeterli etmeli we saglyk işgärlerine basyş görkezmegi, olary ýazgarmagy bes etmeli diýip, beýanatda bellenýär.

Türkmenistan görnetin Covid-19 epidemiýasyny ret edýär, resmiler maglumatlary ýaşyrýar, saglyk işgärlerine basyş edilýär diýip, “Human Rights Watch” guramasynyň şu gün Berlinden ýaýradan beýanatynda aýdylýar.

Adam hukuklaryny goraýan guramanyň ýazmagyna görä, türkmen häkimiýetleri görnetin koronawirus epidemiýasyny inkär etmek bilen, jemgyýetçilik saglygyny howp astyna salýarlar.

Azatlygyň ozal hem habar berşi ýaly, türkmen resmileri ýurtda Covid-19 hadysasynyň düýpden ýokdugyny aýdýarlar, saglyk işgärlerini susdurýarlar we sosial aralygy saklamak hem-de beýleki öňüni alyş çärelerine goldaw bermeýärler.

Türkmen hökümeti ýurtda keseliň ýaýraýşy barada maglumatlary gyssagly toplamaly we derhal jemgyýetiçile ýetirmeli, saglyk barlaglaryny, synaglary giňden elýeterli etmeli we saglyk işgärlerine basyş görkezmegi, olary ýazgarmagy bes etmeli diýip, beýanatda bellenýär.

"Türkmenistanyň hökümeti ýurtda Covid-19 baradaky hakykaty gizlän her minutynda adam ömürlerine we saglyga howp salýar" diýip, “Human Rights Watch” guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň başlygynyň orunbasary Reýçel Denber aýtdy.

"Häkimiýetler bu geleňsiz inkär etmäni derrew bes etmeli we gyssagly degerli saglyk çärelerini görmeli" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Türkmenistanda maglumat elýeterliligini we söz azatlygyny gazaply çäklendirmek bilen tanalan aşa repressiw hökümet bar. Bu ýurduň tebigy betbagtçylyklar, agyr ýagdaýlar, sosial tolgunyşyklar, ýaramaz ykdysady maglumatlar we epidemiýa ýaly wajyp wakalary ýaşyrmak ýa-da olar barada dymmak gylygy bar we bu örän howply bolup durýar.

Bütindünýä saglyk guramasy aprel aýyndan bäri ýurda baryp görmek isleýär we ahyrynda bu mümkinçilik iýul aýynyň başynda dörejege meňzeýär. BSG-nyň wekili golaýda Aşgabada barjak missiýanyň ahyrynda resmi taýdan tassyklanandygyny habar berdi.

Türkmenistan BSG-a öz saparyny guramanyň şertlerine doly laýyk geçirmäge rugsat bermeli we Covid-19-yň öňüni almak we maglumatlary toplamak boýunça BSG-nyň tekliplerini we görkezmelerini derrew durmuşa geçirip başlamaly diýip, Human Rights Watch guramasy aýdýar.

Fewral we mart aýlaryndan başlap, Türkmenistan wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin käbir çäreleri gördi, şol sanda ýurda girmegi çäklendirmek, el ýuwmak we beýleki arassaçylyk çäreleri barada habardarlygy ýokarlandyrmak işine başlady. Şeýle-de bolsa, aprel aýyna çenli döwlet habar beriş serişdeleri we ýokary derejeli hökümet işgärleri bu ýagdaý barada dymdy.

Häkimiýetler belli bir derejede sosial aralyk çäresini öňe sürmekden geçen, tersine, isledikleriçe köp çäre, dabara we baýramçylyk geçirdiler. Mundan hem beteri, saglyk işgärlerini we beýlekileri wirusyň ýurtdaky täsiri barada gürlemekden saklamaga synanyşdylar diýip, hukuk topary ýazýar.

Türkmenistan özünde Covid-19 hadysasynyň ýokdugyny aýdýan örän az sanly ýurtlaryň biri bolmagynda galýar. Bu ýurtlar Demirgazyk Koreýany, Kiribati, Tongany we beýleki birnäçe ada döwletini öz içine alýar.

Adam hukuklaryny goraýan topar türkmen hökümetiniň, mejbury synagdan geçirmek, şahsy durmuşyna goşulmak hukuklaryny bozman, adamlary Covid-19-yň alamatlaryny wagtynda anyklamak we keselden goranmak babatynda habarly etmegi ileri tutmalydygyny aýtdy.

Ýurtda synaglaryň geçirilişi örän ugursyz g görünýär we adamlar özlerini wirus barlagyndan geçirmek boýunça ýeterlik maglumat alyp bilmeýärler.

Habar beriş serişdeleri aprel aýynyň ahyrynda saglyk ministriniň Türkmenistanda 30,000 synag enjamynyň bardygyny we ýene 40,000 synag enjamynyň alynjakdygyny aýtdy. Emma Hukuklar we Erkinlikler (Rights and Freedoms) synaglaryň we synag üçin zerur bolan reagentleriň, himiki serişdeleriň we enjamlaryň ýetmezçilik edýändigini aýtdy.

Bu topar “Human Rights Watch” guramasyna täze wirus babatynda oňyn synagdan soň iýun aýynda, öz öýünde ölen bir aýal hakda gürrüň berdi. Onuň maşgalasy wirus synagyndan geçmegi başardy, sebäbi munuň üçin zerur tanyşlary we maliýe serişdeleri bardy, saglyk barlagyndan geçmek üçin tölemeli tölegleri töläp bilmeýänleriň köpüsi synagdan geçmekde kynçylyk çekip biler diýip, gurama ýazýar.

"Türkmenistanyň hökümeti pandemiýa garşy göreşmek babatynda mundan aňryk hiç bir wagt ýitirmeli däl" diýip, Denber aýtdy.

"Ol öz raýatlaryny gorap biler ýaly, bu krizisi çözýän wagtynda repressiw usuldan gyssagly we düýpgöter daşlaşmaly” diýip, HRW-nyň beýanatynda aýdylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG