25-nji martda, 85 ýaşynda Türkmen hökümetiniň başlygynyň öňki orunbasary Nazar Söýünow aradan çykdy.
Nazar Toýlyýewiç Söýünow 1990-njy ýyldan 1994-nji ýyla çenli Türkmenistanyň Prezident Geňeşiniň agzasy, ýangyç, ykdysady toplum we senagat komitetiniň başlygy, Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary, nebit we gaz ministri boldy. 1994-nji ýylyň sentýabr aýynda işinden boşadyldy.
1995-nji ýyldan bäri Söýünow Orsýetde ýaşady. 1997-nji ýyldan bäri türkmen häkimiýetlerini açyk tankyt edip çykyş etdi.
1998-nji ýylda Orsýetiň Döwlet Dumasynyň 2-nji çagyryşynyň deputaty Telman Gdlýanyň kömekçisi bolup işledi.
Nazar Söýünow daşary ýurtdaky watandaşlar bilen gatnaşyklar boýunça "Rodina" birleşiginiň ýerine ýetiriji komitetine ýolbaşçylyk etdi.
Degişli maglumat
Türkmenistanyň ilkinji nebit-gaz ministri bilen söhbetGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.