Lebapda COVID-a garşy howadan we ýerden dezinfeksiýa işleri alnyp barylýar, mejbury zähmet ulanylýar

Türkmen häkimiýetleri pandemiýanyň başlaryndan bäri wirusa garşy ýüzärlik tüsseledip göreşdi.

Şu günler Lebap welaýatynyň Farap, Darganata we Dänew etraplarynda, şeýle-de serhetýaka etraplarda koranawirusa garşy dezinfeksiýa işleri alnyp barylýar. Bu işlere Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň işgärlerinden daşary býujet işgärleri mejbury çekilýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär.

Onuň maglumatlaryna görä, häkimiýetler dezinfeksiýa işlerinde uçarlardan we saglyk işgärlerinden peýdalanýar, ýöne býujet işgärleri hem derman sepmek işlerine mejbury çekilýär.

Degişli maglumat Paýtagtly komissiýa Maryda arassaçylyk we dezinfeksiýa çärelerini barlaýar

Hepdäniň başlarynda Farap etrabynyň 1-nji, 3-nji, 4-nji we 5-nji çagalar baglarynyň ähli işçileri derman sepmek işlerine çekilipdir. Darganata etrabynda bolsa arçynlyklaryň hem-de orta mekdepleriň işgärleri derman sepmek işlerine çekilipdir.

Şaýatlara görä, býujet işgärleri arkalaryna derman sepiji enjamlary asyp, köçeleri himiýa serişdeleri bilen dezinfeksiýa edýärler.

Käbir sebitlerde ýerli häkimiýetler, habarçymyzyň maglumatlaryna görä, dezinfeksiýa işlerini girdeji çeşmesine öwürmäge synanyşýarlar.

Azatlygyň habarçysy dezinfeksiýa işlerinde ulanylýan hlor ergini üçin býujet işgärlerinden 50 manat möçberinde pul ýygnalandygyna şaýatlyk edýär.

Türkmen häkimiýetleri mundan ozal dürli maksatlar bilen, şol sanda tebigaty goramak üçin, edara-kärhanalarda prezidentiň portretlerini çalyşmak üçin, tigir satyn almak üçin we başga-da ençeme bahanalar bilen býujet işgärlerinden pul ýygnady.

Hlor ergini üçin adam başyna 50 manat ýygnalýar, ýöne şol bir wagtyň özünde, birnäçe býujet işgäri dezinfeksiýa işlerinden halas bolmak üçin öz ýolbaşçylaryna 50 manat möçberinde para berendiklerini aýdýarlar.

Parahorlygyň we mejbury zähmetiň dezinfeksiýa işlerine-de aralaşmagy käbir býujet işgärlerini oýlandyrýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan býujet işgärleri keselçiligiň giň ýaýraýan mahaly emeldarlaryň para almak we ilatdan pul toplamak işleri bilen meşgullanmagyna özleriniň geň galýandyklaryny aýdýarlar.

Türkmen häkimiýetleriniň gaýtadan güýçlendirýän dezinfeksiýa işleri ýurduň gündogar sebitlerinde koronawirus alamatly keselçiligiň gürelýändigi baradaky habarlaryň yz ýany geçirilýär.

Degişli maglumat Türkmenistanyň ilaty köpçülikleýin keselleýär, häkimiýetler uçardan antiseptik sepýär we COVID-19 keseliniň ýokdugyny aýdýar

Habarçylarymyz Lebapda hassahanalaryň ýokanç kesel bilen keselleýän näsaglardan dolandygyny, ýokançlyklar bilen baglylykda Farap etrabynyň iýulyň ortalarynda daşynyň baglanandygyny habar berdiler.

Türkmenistanda mundan ozal hem, pandemiýanyň ilkinji aýlarynda geçirilen dezinfeksiýa işlerinde uçarlardan peýdalanyldy. Ýöne asmandan sepilen derman ýerli ilaty alada goýdy. Howa arkaly geçirilen dezinfeksiýa işlerinden soň ýurduň gündogar sebitlerinde iri we ýogyn şahly mallaryň arasynda ýüze çykan keseçilik barada habar berildi.

Geçen tomus Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki telewideniýesi “An-2” kysymly ýeňil uçarlaryň ýurduň Eýran bilen serhetleşýän sebitlerinde howa arkaly amala aşyrýan dezinfeksiýa işleri barada wideo reportažlary tomaşaçylaryň dykgatyna ýetirdi.

Ýöne döwlet metbugaty Lebapda arkasyna derman sepiji enjamlary asyp, köçeleri himiýa serişdeleri bilen dezinfeksiýa edýän çagalar baglarynyň we mekdepleriň mugallymlary, dezinfeksiýadan gaçmak üçin öz ýolbaşçylaryna para bermäge mejbur galýan býujet işgärleri barada habar bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.