Hereket çäklendirmesiniň güýçlenmegi taksi sürüjilerini ýolsuz ýerden ýol ýasap, howply böwetlerden geçmäge mejbur edýär

Kireý edýän hususy taksi sürüjileri ýollardaky gözegçilik nokatlaryndan geçmejek bolup, ýolsuz ýerlerden ýol ýasaýarlar we ulaglary bilen kanallary kesip geçýärler.

Türkmenistanyň häkimiýetleri welaýatlaryň arasyndaky hereket çäklendirmelerini gaýtadan güýçlendirdiler. Munuň bilen bagly, welaýatlaryň arasynda kireý edýän hususy taksi sürüjileriniň hereketi berk çäklendirildi. Bu çäklendirme hususy taksileriň öz gazanç mümkinçiliklerini dowam etdirmek üçin howply ýollary saýlap almagyna getirdi. Bu howply ýollaryň adam pidalaryna sebäp bolýan halatlary-da bolýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary Aşgabatdan maglumat berdiler.

"Soňky iki hepde bäri ýurduň içindäki hereket berk çäklendirildi. Şondan bäri welaýatlaryň arasynda ýa-da sebitlerden Aşgabada kireý edýän hususy taksiler ýollardaky gözegçilik nokatlaryndan geçmejek bolup, ýolsuz ýerlerden ýol ýasaýarlar. Olar derýalaryň, kanallaryň uly akabalaryndan, daglaryň dik jarlaryndan we çölüň gum depelerinden geçýärler" diýip, ýagdaýdan habarly aşgabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde 24-nji awgustda habarçymyza aýtdy.

Azatlyk ýurduň içinde hereket çäklendirmesiniň gaýtadan güýçlendirilmeginiň anyk näme bilen baglanyşyklydygyny häzirlikçe anyklap bilmedi. Bu barada ýurduň Içeri işler ministrliginden hem maglumat alyp bolmady.

Degişli maglumat Sebitara taksiler hereket çäklendirmeleri zerarly häkimiýetlere para bermeli bolýar

Ýöne habarçylarymyz çäklendirme sebäpli ýolsuz ýerlerden sürmäge mejbur bolýan hususy taksi sürüjileriniň hem özleriniň, hem-de ýolagçylaryň saglygyna, hatda ömrüne uly howp abandyrýandygyny aýdýarlar.

"Taksiler akabalary kesip geçende, ulaglaryň motorynyň döwülip, olaryň suwly kanallaryň içinde galýan halaty-da bolýar. Ulaglaryň içki kabinasyna suw dolup, ýolagçylar egin-eşikli buz ýaly hapa suwdan ýüzüp geçmeli bolýarlar. Käte Garagum çölüniň 50 gradusdan geçýän yssy gumunda ulaglaryň döwülmegi ýa-da ýangyn çykyp, ot almagy ýaly hadysalar hem bolýar" diýip, aşgabatly taksi sürüjisi anonimlik şertinde aýtdy.

Geçen hepde hususy taksi hyzmatyndan peýdalanyp, Daşoguzdan Aşgabada gelen bir zenan özleriniň ulagynyň Malýap kanalynyň ortasynda döwülmegi netijesinde, ini 110 metr çemesi ululygyndaky kanaly ýüzüp ýa ýöräp geçmeli bolandyklaryny aýtdy.

"Taksileriň kanaldan geçýän bölegi o diýen çuň bolmasa-da, ol garry we ýarawsyz adamlaryň ömrüne howp abandyrýar. Biziň ulagymyz döwlende-de, ýanymyzdaky garry daýzany beýleki ýolagçylar kanaldan göterip geçirdiler" diýip, daşoguzly zenan gürrüň berdi.

Habarçylarymyz uçar we otly gatnawlarynyň sanynyň çäklidigi sebäpli, olaryň ilatyň talabyny kanagatlandyryp bilmeýändigini, bilet tapyp bilmeýän köp raýatyň beýleki sebitlere aşmak üçin hususy taksileriň hyzmatyndan peýdalanýandygyny aýdýarlar.

Degişli maglumat Lebapda çäklendirmeler güýçlendirilýär, gizlin taksileriň çöldäki kynçylyklary oba ýaşaýjylary üçin gazanç çeşmesini döredýär

Olaryň sözlerine görä, howply ýollaryň adam pidalaryna sebäp bolýan halatlary-da bolýar.

"Golaýda Lebapdan Aşgabada gatnaýan hususy taksi Marynyň territoriýasynda gum depesinden aşak agdaryldy. Netijede, üç ýolagçy jan berdi" diýip, ýagdaýdan habarly ýaşaýjy anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlyk bu barada Marynyň ýol polisiýasyndan kommentariýa alyp bilmedi.

Türkmen häkimiýetleri ilatyň we hususy ulaglaryň hereketini wagtal-wagtal çäklendirýärler. Ýurtda bu çäklendirme global pandemiýanyň fonunda, 2020-nji ýylyň martyndan şu ýylyň iýun aýyna çenli aralykda has-da güýçlendirilipdi.

Agzalýan döwürde hususy taksi sürüjileriniň ýolagçy gatnadyp, gazanç etmek üçin ýa polisiýa para bermeli ýa-da ulaglaryny howply ýollardan sürmeli bolýandygy barada Azatlyk ençeme gezek habar berdi.

Ýurtda koronawirusyň ýeke ýagdaýynyň hem hasaba alynmandygyny erjellik bilen tekrarlaýan türkmen häkimiýetleri pandemiýa çäklendirmeleriniň ilata ýetirýän täsirleri barada resmi derejede hiç hili çykyş etmän gelýärler.

Degişli maglumat Lebapda otly we uçar gatnawlary togtadyldy, hususy taksileriň nyrhy tas iki esse gymmatlady

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.