Berdimuhamedowlar Hytaý lideriniň üçünji möhlete başlyk bolmagyny gutlaýar

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Hytaýyň Aşgabada sapara baran döwlet geňeşçisi we goranmak ministri Weý Fenhe bilen görüşýär. Arhiw suraty

Türkmenistanyň DIM-i 23-nji oktýabrda metbugat üçin maglumat çap edip, Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylarynyň Hytaýyň Türkmenistandaky Ilçisi Sýan Naýçen bilen bazar güni geçirilen duşuşykda oňa gutlag hatyny gowşurandyklaryny habar berýär.

Bu gutlag haty prezident Serdar Berdimuhamedowyň, Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan, Hytaý Halk Respublikasynyň başlygy Si Szinpiniň Hytaý Halk Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň baş sekretary wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli iberilipdir.

TDH şol gün türkmen lideriniň hytaýly kärdeşine iberen gutlagyny çap etdi.

Habarlardan mälim bolşuna görä, Hytaýyň prezidenti Si Szinpin däbi bozup, 23-nji oktýabrda üçünji möhlete partiýa liderligine bellenildi we özüniň iň ýakyn ýaranlaryny Kommunistik partiýanyň iň ýokary dolandyryş edarasyna çekip, häkimiýete bolan gözegçiligini has-da berkitdi.

Si ýedi agzaly Syýasy býuronyň hemişelik komitetini özüniň dört ýarany, şol sanda öňki sekretarlarynyň ikisi bilen jemledi. Olar onuň jemgyýete we kyn ýagdaýdaky ykdysadyýete has berk gözegçilik etmek baradaky pikirini goldaýar.

Türkmenistan soňky onýyllyklarda Hytaýa iberýän gazynyň möçberini artdyryp, Pekin bilen Aşgabadyň arasyndaky hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini aýdýar.

2012-nji ýylda häkimiýet başyna geçen Si, baş sekretar wezipesinde üçünji bäş ýyllyk möhlete eýe bolup, özünden öňki lideriň 10 ýyldan soň işden çekilmek däp-dessuryny bes etdi. Käbir synçylaryň pikirine görä, 69 ýaşly Si ömürboýy häkimiýet başynda galmaga synanyşar.

Degişli maglumat

Bilermen: Türkmenistan gazy has gymmat satmagy, Hytaý arzandan has köp almagy isleýär