Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bilermen: Türkmenistan gazy has gymmat satmagy, Hytaý arzandan has köp almagy isleýär


Türkmen we hytaý baýdaklaryny göterip duran nebit-gaz işgärleri. Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 18-nji iýunda Lebap welaýatyna sapar edip, Farap etrabynyň çäginde ýerleşýän "Gadyn" gaz ýygnaýjy bekediniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu waka prezidentiň, bir wagtlar türkmen gazynyň esasy müşderileri bolan ýurtlara, Russiýa we Eýrana eden saparlarynyň yz ýanyna, şeýle-de dünýäde tebigy gazyň bahasynyň durnuksyz ýagdaýda galýan mahalyna gabat geldi.

Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) tarapyndan gurlan bu bekediň açylyş dabarasyna korporasiýanyň prezidenti, dolandyryjylar geňeşiniň agzasy Hou Siszýuny, şeýle-de onuň Türkmenistandaky şahamçasynyň baş direktory Çen Huaýlun we ýokary derejeli döwlet resmileri gatnaşdylar.

TDH-nyň habaryna görä, türkmen prezidenti dabaraly ýagdaýda düwmäni basyp, “Gadyn” bekediniň işläp başlamagyna ak pata berdi.

Resmi habara görä, korporasiýanyň Türkmenistandaky şahamçasynyň baş direktory sanly ulgam ornaşdyrylan bekediň enjamlaşdyrylyşynyň häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýändigi aýtdy. Ýöne habarda bekediň ortaça ýyllyk kuwwatlygy barada anyk maglumat berilmedi.

Bu dabaranyň çäginde Çärjew etrabynda ýerleşýän, kuwwatlylygy 432 MWt bolan Lebap döwlet elektrik stansiýasy we Lebap welaýatynyň ilatyny tebigy gaz bilen üpjün etmäge niýetlenen "Üçajy" gaz käninden alyp gaýdýan "Üçajy-Zerger-Eltiji" gaz geçirijisi hem ulanylmaga berildi. Onuň ölçegi 530 mm, uzynlygy 125 km deňdir.

Bu wakadan iki gün soň, 20-nji iýunda döwlet baştutany Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň prezidentini kabul etdi.

Resmi metbugata görä, Siszýuny türkmen prezidentine hytaýly hyzmatdaşlaryň Türkmenistan bilen uzak möhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklapdyr. Öz gezeginde, türkmen lideri "ýangyç-energetika ulgamynda özüni ýurduň ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde görkezen “CNPC-niň” köpýyllyk gatnaşyklardaky oňyn ornuny kanagatlanma bilen belläpdir".

Ýurtda täze bekediň ulanylmaga berilmegi we döwlet baştutanynyň “CNPC-niň” prezidentini kabul etmegi, Serdar Berdimuhamedowyň, bir wagtlar türkmen gazynyň esasy müşderileri bolan ýurtlara, Russiýa we Eýrana eden saparlarynyň yz ýanyna, şeýle-de dünýäde tebigy gazyň bahasynyň durnuksyz ýagdaýda galýan mahalyna gabat geldi.

Merkezi Aziýa boýunça bilermen Brýus Panniýer Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde bu wakalaryň häzirki wagtda amala aşyrylmagynyň mümkin sebäplerini gürrüň berdi.

"Bekediň açylmagy bilen, Serdar Russiýa we Eýrana has köp gaz satmagy umyt edýär. Elbetde, bu başa barsa, onda bu Türkmenistan üçin gowy bolar. Sebäbi häzir energiýa bahalary gaty ýokary, rekord derejä ýetdi. Ýöne Türkmenistan Hytaý bilen uzak möhletleýin şertnama baglaşandygy we öňden kesgitlenen gaz bahalary sebäpli, gaz bahalarynyň ýokarlanmagyndan peýda görüp bilmeýär. Meniň pikirimçe, türkmen hökümeti bu täze beket esasynda has ýokary bahadan, has köp gazy Russiýa, hususan-da Eýrana satmagy umyt edýär" diýip, bilermen aýtdy.

Russiýa 2016-njy ýylda, Eýran 2018-nji ýylda türkmen gazyny satyn almagy bes etdi. Ýöne Russiýa 2019-njy ýylda türkmen gazynyň importyny ujypsyz hem bolsa gaýtadan ýola goýdy. Eýran hem Türkmenistan bilen gaz swap ylalaşyklaryny gaýtadan dikeldýär.

Bellesek, geçen ýylyň ýanwar aýyna çenli Hytaý müň kub metr türkmen gazy üçin 192 dollar töleýärdi. Türkmenistanyň Hytaýa eksport edýän tebigy gazynyň bahasy 2021-nji ýylyň birinji ýarymynda 23,9% ýokarlandy. Hökümetçi "Orient" neşiri geçen ýylyň iýul aýynda Hytaýyň müň kub metr türkmen gazy üçin iýul 238 dollar töläp başlandygyny habar berdi.

Birža maglumatlaryna görä, Ýewropanyň energiýa bazarlarynda müň kub metr gazyň bahasy mart aýynda Russiýanyň Ukraina çozmagynyň yz ýany rekord derejesine ýetip, $3900 çenli galdy. Ondan soň pese gaçyp, häzirki wagtda tebigy gazyň bahasy durnuksyz ýagdaýda galýar.

Beýleki tarapdan, Merkezi Aziýa boýunça bilermen Hytaýyň täze beket esasynda has köp türkmen gazyny satyn almagy meýilleşdirýän bolmagynyň ähtimaldygyny aýdýar.

"Indi Hytaýyň Russiýa bilen gazyň bahasy baradaky gepleşiklerde täsir güýji has ýokary bolar. Olar Russiýa bilen gazyň bahasy barada gepleşik geçirende, "Biz häzir Türkmenistana baryp geldik, olar bize has köp gazy, has arzan bahadan satyp bilýärler. Şol sebäpli siziň goşmaça gazyňyza zerurlygymyz ýok ýa-da biz ony arzan bahadan satyn alarys" diýip bilerler" diýip, bilermen aýtdy.

Türkmenistanyň iň uly gaz eksportýory “CNPC-niň” ýurtda işläp başlanyna şu ýyl 15 ýyl doldy we 13 ýyl bäri türkmen gazy Hytaýa akdyrylýar. 2007-nji ýylyň iýul aýynda Türkmenistan we Hytaý “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çägi boýunça Önümi paýlaşmak hakynda şertnama, “Türkmengaz” döwlet konserniniň hem-de “CNPC” korporasiýasynyň arasynda tebigy gazy satyn almak we satmak boýunça şertnama gol çekdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG