ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojersiň Türkmenistana sapara gelmegine garaşylýar.
Döwlet departamentiniň maglumatyna görä, bu sapar onuň 27-nji maýdan 10-njy iýuna çenli aralykda Günorta we Merkezi Aziýa, Hindistana, Nepala, Özbegistana edýän resmi saparlarynyň çäginde amala aşyrylar.
Amerikan resmisiniň Aşgabada etjek sapary wise-premýer we Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Waşingtonda ABŞ-nyň döwlet secretary Marko Rubio bilen duşuşyp, “energiýa, howpsuzlyk we söwda ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmeginiň ýollaryny" ara alyp maslahatlaşmagynyň yz ýanyna gabat gelýär.
Özbek metbugaty ýurduň Daşary işler ministrliginiň başlygy Bagtyýar Saidowyň 2-nji iýunda Daşkentde amerikan diplomaty Sara Rojers bilen gepleşik geçirendigini habar berdi.
3-nji iýunda berlen resmi habarda aýdylmagyna görä, bu gepleşikler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimli meselelerini, şol sanda bilim, medeniýet, maglumat we jemgyýetçilik diplomatiýasy ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak üçin gurnaldy.
Degişli maglumat
ABŞ Türkmenistanyň Trans-Hazar arkaly gaz eksport ugruny üýtgetmek islegini goldady“Orient’ neşiriniň geçen aýyň aýagynda beren habaryna görä, Sara Rojersiň türkmen paýtagtyna boljak saparynyň ynsanperwerçilik gatnaşyklary giňeltmäge, bilelikdäki bilim we medeni maksatnamalary durmuşa geçirmäge, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilmegine garaşylýar.
Türkmen metbugaty bu saparyň Aşgabat bilen Waşingtonyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň köpugurly häsiýetini we taraplaryň özara gatnaşyklaryň ýollaryny diwersifikasiýalaşdyrmak islegini görkezýändigini belledi.
Berdimuhamedow gyzmatdaşlygyň giňeldilmegini goldady
Şu aralykda TDH prezident Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň ýolbaşçysy Erik Stýuarty kabul edendigini habar berdi.
Amerikan işewüri duşuşyk wagtynda ABŞ-nyň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi.
Prezident Berdimuhamedow öz gezeginde iki ýurduň işewür düzümleriniň arasynda geljegi uly ugurlar boýunça gatnaşyklaryň ösdürilýändigini we hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň sanynyň ýylsaýyn artýandygyny belläp, Türkmenistanyň amerikan kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini goldaýandygyny we olaryň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.