ABŞ-nyň wekilleri Putin bilen gepleşikleri geçirmek üçin Moskwa bardylar

12-nji noýabrda ABŞ-nyň ýörite wekili Stiw Witkoff (çepde) we ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň giýewi Jared Kuşner (ortada) Moskwa şäherindäki "Wnukowo" aeroportuna gelende, Russiýanyň prezidentiniň wekili Kirill Dmitriýew (sagda) olary garşylaýar.

ABŞ-nyň wekilleri Stiw Witkoff we Jared Kuşner, Abu-Dabide iki gün dowam eden we Russiýanyň Ukrainadaky basybalyjylykly hereketlerini bes etmäge gönükdirilen üç taraplaýyn gepleşiklerden soň, rus prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşmak üçin Moskwa bardylar.

12-nji noýabrdaky sapar Witkoffyň konflikti çözmek maksady bilen, Putin bilen gepleşik geçirmek üçin Russiýa eden 10-njy sapary boldy.

Kuşner bilen birlikde, Witkoff uzak wagt bäri dowam edýän urşy çözmek ugrunda işleýän esasy gepleşikçileriň biri bolup çykyş etdi. ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 2025-nji ýylda ikinji möhlete wezipä girişenden soň, uzaga çeken urşy çözmek meselesini daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri etdi.

Moskwanyň "Wnukowo" aeroportunda iki wekili Waşington bilen gepleşiklere gatnaşýan Putiniň wekili, ýokary derejeli rus resmisi Kirill Dmitriýew garşylady.

Degişli maglumat

Abu Dabidäki Ukraina-Orsýet gepleşikleri gijeki howa hüjümlerinden soň tamamlandy

Putin bilen duşuşandan soň, olaryň Ýewropa liderleriniň duşuşygyna gatnaşmak üçin irden Irlandiýa baran Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý bilen duşuşmak üçin Dublina uçmagyna garaşylýar.

10-11-nji noýabrda Abu-Dabide geçirilen gepleşikler uly möçberli tussag alyş-çalşygy bilen birlikde diňe çäkli ynsanperwerlik öňegidişligini getiren ýaly bolsa-da, onda parahatçylyk ugrunda öňegidişligiň bolandygy barada yşarat bolmady.

ABŞ-nyň resmileri gepleşikleri agyr, ýöne netijeli häsiýetlendirdiler. Şol bir wagtda, Moskwa bilen Kiýewiň pozisiýalary berk bölünişikli bolmagynda galýar we Kreml öz berk talaplary boýunça eglişik etmäge isleg bildirmeýär.

Russiýanyň baş gepleşikçisi, 2022-nji we 2025-nji ýyllarda Ukraina bilen geçirilen öňki gepleşiklere ýolbaşçylyk eden, ýöne meselede öňe gidişlik gazanyp bilmedik Wladimir Medinskiý ylalaşygyň bir bölegi hökmünde territoriýa alyş-çalşygynyň mümkin däldigini aýtdy.

Kreml islendik parahatçylyk ylalaşygynyň Ukrainanyň gündogaryndaky möhüm Donetsk sebitindäki territoriýa doly gözegçiligi öz içine almagyny ýyllarboýy talap edip gelýär. Rus güýçleri söweş meýdanynda şol territoriýalary basyp almagy başarmady.

Bu mesele konflikti çözmegiň esasy açary hökmünde giňden kabul edilýär.

Muňa garamazdan, gepleşikler Ýewropa üçin has giň howpsuzlyk düzgünlerini hem öz içine aldy. Waşington gepleşikleriň çägini Ukrainadan daşary giňeltmäge çalyşýar.

Şeýle diskussiýalar, häzirki wagta çenli köp babatda çetleşdirilen Ýewropa hökümetlerini parahatçylyk prosesine ähtimal getirip bilse-de, bu mesele mundan ozal Russiýa tarapyndan urşuň diplomatik ýol bilen çözülmegine başga bir uly päsgelçilik hökmünde ulanylypdy.

Degişli maglumat

Moskwa bilen Kiýew howa hüjümlerini alyşýar, Tramp Ukrainanyň toprak eglişigini yşarat edýär

2022-nji ýylda Ukraina garşy doly göwrümli çozuşyna başlamazdan öň, Moskwa krizis babatynda NATO-ny we Birleşen Ştatlary günäkärläp, olary "dartgynlylygy güýçlendirmekde" aýyplady we "howpsuzlyk kepillikleri" diýip atlandyrýanlaryny talap etdi.

Talaplaryň arasynda Ukrainanyň NATO-a goşulmagyna gadaganlyk we ýaranlygyň gündogar tarapyna goşunlaryň we ýaraglaryň ýerleşdirilmegine çäklendirmeler bolup, bular NATO güýçlerini 1997-nji ýyldaky pozisiýalaryna gaýtaryp getirjek hereketdi.

Zelenskiý Kiýewiň şu ýyl Ukrainanyň tapgyr bäşinji uruş gyşyna girýän, Russiýanyň yzygiderli hüjümleri sebäpli müňlerçe adamyň elektrik energiýasynyň ýa-da ýyladyş ulgamynyň yzygiderli kesilýän mahaly, konflikti çözmek boýunça gepleşiklerde anyk netijeleriň gazanylmagyny umyt edýändigini aýtdy.

Emma gepleşiklerdäki öňegidişligiň ep-esli bölegi ABŞ-nyň Moskwa nähili çemeleşýändigine baglydyr diýip, Ukraina prezidenti sözüniň üstüni goşdy.



Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.