ABŞ resmisi Aşgabatda söz azatlygyny “ykdysady ösüşiň daýanjy” atlandyrdy

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers Halkara atçylyk sport toplumynda

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers Türkmenistana eden saparynyň çäklerinde söz azatlygy, açyk maglumat giňişligi we internet elýeterliligi barada çykyş edip, bu ugurlary diňe bir ynsanperwer gymmatlyk däl, eýsem ykdysady ösüşiň we innowasiýanyň esasy şertleriniň biri hökmünde häsiýetlendirdi.

Rojers 8-9-njy iýunda Türkmenistanda boldy we 9-njy iýunda Aşgabatda žurnalistler üçin geçirilen brifinge gatnaşdy. Bu onuň Günorta we Merkezi Aziýa ýurtlaryny, şol sanda Hindistany, Nepaly, we Özbegistany öz içine alan sebitleýin saparynyň bir bölegi boldy.

Brifingde Rojers saparynyň dowamynda üç esasy ugra – söwda diplomatiýasyna, medeni mirasy gorap saklamaga, şeýle hem sanly azatlyk we innowasiýa arkaly arabaglanyşygy güýçlendirmäge üns berlendigini aýtdy.

“Dört nokadyň ählisinde hem her bir söhbetdeşligime we her bir gatnaşygymyň mazmunyna üç ileri tutulýan ugur esas boldy. Bu ileri tutulýan ugurlar söwda diplomatiýasy, medeni mirasy gorap saklamak, şeýle hem sanly azatlyk we innowasiýa arkaly arabaglanyşygy güýçlendirmek boldy” diýip, Rojers aýtdy.

Brifingiň dowamynda amerikan resmisi hukuk toparlary tarapyndan media we internet erkinligini berk çäklendirmekde tankytlanýan Türkmenistanyň metbugat we maglumat giňişligi barada hem durup geçdi.

Rojers Aşgabatdaky Amerikan merkezinden göni çykyş edýändigini aýdyp, bu merkezi “tutuş Türkmenistan boýunça mugt, çäklendirilmedik jemgyýetçilik internet elýeterliligini üpjün edýän ýeke-täk ýer” diýip häsiýetlendirdi.

“Bu ýerde, Aşgabadyň Amerikan merkezinde men ýaşlaryň öz pikirlerini ynamly we berk ynanç bilen ara alyp maslahatlaşýandygyny synlamak hormatyna eýe boldum. Bu merkez tutuş Türkmenistan boýunça mugt, çäklendirilmedik jemgyýetçilik internet elýeterliligini üpjün edýän ýeke-täk ýerdir” diýip, Rojers aýtdy.

Aşgabatdaky Amerikan merkezi

Ol brifingiň sorag-jogap bölüminde hem Aşgabatdaky Amerikan merkezine gaýdyp gelip, şol ýerde türkmen raýatlarynyň senzurasyz internete mugt elýeterlilik alýandygyny aýtdy.

“Men häzir Aşgabadyň Amerikan merkezinden göni ýaýlyma çykýaryn. Bu tutuş Türkmenistan boýunça türkmen raýatlarynyň senzurasyz internete mugt jemgyýetçilik elýeterliligini alyp bilýän ýeke-täk ýeridir. Olar muny Amerikanyň kömegi bilen alýarlar” diýip, Rojers aýtdy.

Rojersiň sözlerine görä, Türkmenistanyň hökümeti Amerikan merkeziniň bu mümkinçiligi hödürleýändiginden habarly we muny goldaýar.

“Hökümet biziň muny hödürleýändigimizi bilýär we hökümet muny goldaýar. Munuň sebäpleriniň biri hem biziň bu Amerikan merkezinden Birleşen Ştatlar bilen Türkmenistanyň paýlaşýan ikitaraplaýyn maksatlaryny öňe süren köp sanly maksatnamalarymyzy giňeldenligimizdir” diýip, Rojers aýtdy.

Hukuk toparlary Türkmenistanyň maglumat giňişliginiň berk döwlet gözegçiligi astynda galýandygyny, garaşsyz media serişdeleriniň ýurduň içinde erkin iş alyp baryp bilmeýändigini aýdýarlar. “Serhetsiz reportýorlar” (RSF) guramasynyň 2026-njy ýyldaky Dünýä metbugat azatlygy indeksinde Türkmenistan 180 ýurduň arasynda 173-nji ýerde görkezildi.

RSF Türkmenistanda media giňişliginiň berk gözegçilik astyndadygyny, ýurduň gazetleriniň, radio-telewideniýesiniň we internetiniň hökümetiň berk gözegçiliginde galýandygyny aýdýar. Human Rights Watch guramasy hem soňky hasabatynda Türkmenistanda garaşsyz žurnalistikanyň gadagan edilýändigini we internet elýeterliliginiň yzygiderli çäklendirilýändigini belledi.

Degişli maglumat

Türkmenistan Metbugat azatlygy hasabatynda ýene iň ýaramaz ýagdaýdaky ýurtlaryň arasynda galdy

Rojers brifingde Özbegistanda we Türkmenistanda media wekilleri hem-de kontent döredijiler bilen duşuşandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, bu duşuşyklar garaşsyz sesleriň ösmegine mümkinçilik berýän gurallara we azatlyklara gyzyklanmanyň bardygyny görkezýär.

“Men Özbegistanda-da, Türkmenistanda-da media wekilleri we kontent döredijiler bilen duşuşdym, olaryň döredijiligi, batyrlygy we garaşsyz sesleriň ösmegine mümkinçilik berýän gurallara hem-de azatlyklara bolan islegi mende uly täsir galdyrdy” diýip, Rojers aýtdy.

Ol açyk maglumat giňişliginiň ykdysady ösüş bilen göni baglanyşyklydygyny aýtdy.

“Katmandudan Aşgabada çenli men yzygiderli bir habary ýetirdim. Açyk maglumat ekoulgamlary we söz azatlygy diňe ynsanperwer gymmatlyklar däl, olar ykdysady ösüşiň we innowasiýanyň esasy daýançlarydyr” diýip, Rojers aýtdy.

Senzura baradaky soraga jogap berende, amerikan resmisi özüniň ABŞ Konstitusiýasynyň Birinji düzedişi garaýşyndan, ýagny raýatlaryň söz we metbugat azatlygyny hökümetiň islendik görnüşdäki çäklendirmelerinden goraýan kanuny ýörelgeden ugur alýandygyny aýtdy. Ol senzura düşünjesini hökümetiň ýa-da merkezleşdirilen güýjüň sözi basyp ýatyrmagy ýa-da jezalandyrmagy bilen baglanyşdyrdy.

“Men Amerikanyň Birinji düzediş nukdaýnazaryndan ugur alýaryn we senzura düşünjesini kesgitlemegiň iň gowy usuly merkezileşdirilen güýç, aýratyn-da hökümet, sözi basyp ýatyranda ýa-da jezalandyranda ýüze çykýar diýip pikir edýärin. Senzura, esasan-da, hökümet sözi onuň beýan edýän garaýşy sebäpli basyp ýatyranda ýa-da jezalandyranda has ýiti bolýar” diýip, Rojers aýtdy.

Ol haýsydyr bir ýurda senzura gerek diýip pikir etmeýändigini aýtdy.

“Men haýsydyr bir ýurda senzura gerek diýip pikir etmeýärin. Aslynda, men biziň hemmämize senzurasuz has gowy boljakdygyna ynanýaryn” diýip, Rojers aýtdy.

Şeýle-de ol internetde belli bir düzgünleriň bolmagynyň mümkindigini, ýöne munuň pikirleri basyp ýatyrmak ýa-da jezalandyrmak görnüşinde bolmaly däldigini belledi. Rojersiň pikiriçe, internetiň daşyndaky dünýäde bar bolan goraglar onlaýn giňişlikde hem bolmaly, ýöne olar howply pikirlerden däl-de, howply hereketlerden goramaga gönükdirilmelidir.

“Meniň pikirimçe, senzura – ýok. Emma şol bir wagtda, internetiň daşynda bar bolan goraglar internetde hem bolmaly. Bular howply pikirlerden gorag däl-de, howply we jemgyýete garşy hereketlerden goragdyr” diýip, ol aýtdy.

Brifingde ‘ABŞ-nyň beýleki ýurtlarda söz azatlygyny, pikir beýan etmek azatlygyny we metbugat azatlygyny öňe sürmegini indi ileri tutmaýan ýaly görünýändigi’ baradaky sorag hem berildi. Rojers bu çaklama bilen ylalaşmaýandygyny aýdyp, Birleşen Ştatlaryň daşary ýurtlarda söz azatlygyny işjeň öňe sürýändigini aýtdy.

“Men biziň beýleki ýurtlarda söz azatlygyny örän işjeň öňe sürýändigimize ynanýaryn” diýip, Rojers aýtdy.

Ol ABŞ-nyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklarda hem bu gymmatlyklary öňe sürüp biljekdigini, şol bir wagtda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hem dowam etdirilýändigini belledi.

“‘Amerika Ilkinji’ hiç wagt ‘Amerika ýeke’ diýmegi aňlatmady. Merkezi Aziýanyň käbir ýurtlarynda Amerikadaky ýaly söz azatlygy taryhy we däbi doly ýok diýip, men bu ýerde şol baýdagy göterip ýa-da şol gymmatlyklary öňe sürüp bilmerin diýen zat ýok” diýip, Rojers aýtdy.

Degişli maglumat

ABŞ Türkmenistanyň Trans-Hazar arkaly gaz eksport ugruny üýtgetmek islegini goldady

"... SSSR-iň we KGB-niň basgysy astynda"

Amerikan resmisi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň syýasy we taryhy şertleriniň ABŞ-dan tapawutlanýandygyny hem belledi. Ol bu ýurtlaryň Sowet Soýuzynyň düzüminde bolandygyny we şol mirasyň täsiriniň henizem duýulýandygyny aýtdy.

“Bu Merkezi Aziýa ýurtlary 1990-njy ýyllara çenli, ýagny biziň ömrümiziň dowamynda, SSSR-iň we KGB-niň basgysy astynda ýaşady. Şonuň üçin olar henizem kemala gelýär” diýip, Rojers aýtdy.

Şeýle-de ol Türkmenistanda açyklyga ymtylyş görýändigini aýtdy.

“Emma meniň bu ýerde, şol sanda örän ýokary derejeli hökümet resmileri bilen geçiren duşuşyklarymyň esasynda umytly garaýan zadym, bu ýurduň açyklygy maksat hökmünde görýändigidir” diýip, Rojers aýtdy.

Rojers ýaş türkmen telekeçileri we talyplary bilen duşuşyklary barada hem gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, olar amerikan tehnologiýasyna gyzyklanma bildirýärler we amerikan stilindäki çekişmelere gatnaşýarlar.

“Men ýaş türkmen telekeçileri bilen, şeýle hem Özbegistanda telekeçiler we talyplar bilen duşuşandygymy aýdyp bilerin. Olar amerikan tehnologiýasy bilen uly höwes bilen iş salyşýarlar”

“Men olaryň amerikan stilindäki çekişmä gatnaşýandygyny gördüm. Men olaryň iPhone we Marshall meýilnamasy ýaly zatlara salgylanýandygyny gördüm, amerikan taryhy barada jedelleşýändigini gördüm” diýip, ol belledi.

Rojers bu synlaryny söz azatlygynyň jemgyýetçilik derejesindäki mümkinçilikleri bilen baglanyşdyrdy.

“Şonuň üçin Amerikada söz azatlygynyň şeýle gowy işlemegine esas döredýän duýgular bu ýerde hem bar diýip pikir edýärin” diýip, Rojers sözüne goşdy.

Brifingde internetiň öçürilmegi we awtoritar döwletlerde sanly giňişligiň çäklendirilmegi barada hem sorag berildi. Rojers söz azatlygynyň öz-özüňi dolandyrmak üçin esasy şertdigini aýtdy.

“Söz azatlygy bolmasa, öz-özüňi dolandyrmak bolup bilmez. Demokratiýanyň işleýşi şundan ybarat: siz islendik pikiri jemgyýetçilik meýdanyna getirip, mysal üçin, naýza alyp ýa-da hökümeti agdarmaga synanyşmagyň ýerine, ildeşleriňizi ynandyrmaga çalşyp bilýärsiňiz” diýip, Rojers aýtdy.

Rojers beýleki ýurtlary raýatlaryna söz azatlygyny bermäge çagyrýandygyny hem aýtdy.

“Birinji düzediş mirasyndan ugur alyp, ýurtlara öz raýatlaryna söz azatlygyny bermäge çagyrardym. Şeýle edilende, bu demokratiýa üçin has gowudyr diýip pikir edýärin” diýip, ol aýtdy.

Emeli aň boýunça hyzmatdaşlyk

Brifingde Türkmenistan bilen emeli aň we maglumat merkezleri boýunça hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri hem gozgalyp geçildi. Hökümetçi maglumatlary çap edýän onlaýn türkmen neşiriniň wekili Türkmenistanyň emeli aňy ösdürmegi meýilleşdirýändigini we maglumat merkezleriniň gurluşygy boýunça daşary ýurt kompaniýalary bilen gepleşikleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.

Rojers anyk kompaniýalaryň adyndan çykyş edip bilmejekdigini aýtdy, ýöne amerikan tehnologiýa kompaniýalarynyň bu ugurda hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Ol Merkezi Aziýadaky duşuşyklarynda emeli aň we maglumat merkezleri baradaky meseleleriň yzygiderli gozgalandygyny aýtdy.

“Merkezi Aziýanyň ähli ýerlerinde emeli aň we maglumat merkezleri meniň geçiren tas ähli söhbetdeşliklerimde, şol sanda her ýurtda ýokary derejeli ministrler bilen söhbetdeşliklerde hem gozgalan mesele boldy” diýip, Rojers aýtdy.

Rojers Türkmenistanyň tehnologiýa gyzyklanma bildirýändigini ‘ruhlandyryjy’ diýip atlandyrdy.

“Türkmenistanyň bu tehnologiýa gyzyklanma bildirýändigi meni ruhlandyrýar we bu meni geň galdyrmaýar, sebäbi meniň pikirimçe, bu hökümet tehnologiýa we abadançylyk isleýär” diýip, ol aýtdy.

“Umuman aýdylanda, bir ýurt tehnologiýa we abadançylyk islese, amerikan kompaniýalary ony bermäge taýýar durýar” diýip, Rojers sözüniň üstüni ýetirdi.

Rojers Türkmenistana saparynyň dowamynda Halkara atçylyk sport toplumyna baryp gördi hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Bilim ministrliginiň ýolbaşçylary bilen resmi duşuşyklar geçirdi

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.