Türkmenistanda öý haýwanlarynyň guramaçylykly tutulmagy we öldürilmegi bilen bagly ýagdaý ýüze çykdy. Şu günler Ahal welaýatynda köçelerdäki itleri we pişikleri tutmak we ýok etmek boýunça çäreler geçirilýär. Bu ýagdaý barada Azatlygyň ýerli habarçysy we çeşmeleri habar berýärler.
"Gündizlerine öý müdirlik işgärleri bilen bilelikde jemagat gulluklaryň işgärleri köçelerde, zibil dökülýän ýerlerde gezip ýören iti ýa-da pişikleri görseler ylgaşlap, wagt gidirmezden, ellerine demirden ýasalan agyr dürreleri alyp, olary urup öldürýärler" diýip, ahally çeşmeleriň biri 23-nji iýulda habar berdi.
Çeşmeleriň sözlerine görä, bu iş guramaçylykly alnyp barylýar we diňe bir idegsiz haýwanlara gönükdirilmän öýlerde saklanýan irler we pişikler tutulýar. Şu günler ýaşaýjylar öz öýlerinde saklanýan öý haýwanlaryny ýitirýärler.
"Itimi tapamok, pişigimi tapamok, bir günläp gelenok, näme bolduka" diýip, gözläp ýören adamlara köp duş gelýäris diýip, habarçy aýtdy. "Olar diňe idegsiz haýwanlary däl, eýsem hojalykda ýaşaýan, haýsydyr bir adamyň ýuwup-arassalap saklaýan itlerini we pişiklerini öldürýärler. Haýwanlar hojalykda saklansa-da, howlynyň daşyna çyksalar, daşarda göze ilse öldürilip äkidilýär" diýip, ol sözüne goşdy.
Degişli maglumat
Lebapda baýramçylyk günlerine görülýän taýýarlygyň arasynda itler we pişikler öldürilýärAhally ýene bir çeşme hem haýwanlary tutmak boýunça çärelere gatnaşýan adamlaryň özlerini örän rehimsiz alyp barýandygyny gürrüň berdi. Bu çärelere adatça jemagat gulluklaryň, şol sanda öý dolandyryş edaralaryň işgärleri, şol sanda köçe süpürijiler gatnaşýarlar.
"Olar it-pişik janawarlary çörek, kolbasa, towuk etiniň bölejiklerini berip, ýanlaryna golaýlaşdyrýarlar" diýip, çeşme aýtdy. "Ol janawar haýwanlar bir bölek çörek berilse şol çörek beren adamyny dost hasaplap, ýanyna goýberýär, emma bilmän durka ony agyr demir bilen kellesine urup öldürýärler".
Howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde gepleşen ýaşaýjylaryň sözlerine görä, şeýle rehimsizlik köpçüligiň, şol sanda çagalaryň gözüniň öňünde bolýar.
"Öz gözi bilen görýän adamlar şok ýagdaýda aňkaryp galýarlar, kiçi çagalaryň arasynda bu zalymlygy görüp gorkýanlaram bar, gynanyp aglaýanlaram bar" diýip, ýaşaýjy aýdýar.
Ýaşaýjylara basyş edilýär, telefonlary barlanýar
Başga bir çeşme ýaşaýjylaryň garşylyk bildirmek synanyşygyna ýol berilmeýändigini gürrüň berdi: "Eger-de it, pişigi gorap bir agyz söz aýtsaň ýa-da wideo düşürjek bolsaň derrew goluňy togalap polisiýa awtoulagyna salýarlar we eliňden el telefonyňy alýarlar", diýip çeşme ýaşaýjylara-da zorluk görkezilýändigi belledi.
"Adamlar el telefonlaryny bermejek bolup, garşylyk görkezseler hem zorlukly güýç bilen seniň rugsat-berip bermeýändigiňe garamazdan, eliňden telefonyňy alýarlar-da içini dörmäne başlaýarlar" diýip, ýene bir çeşme gürrüň berdi.
Telefony alnan ýaşaýjy: "Olar şahsy suratlaryma, wideolaryma, gelen- giden sms-lerime we jaňlarymyza göz gezdirdiler" diýip, gürrüň berdi. "El telefonymda haýsy messenjerler bar we ol messenjerlerde kim bilen ýazyşyp, hat üsti we wideo arkaly gepleşýänimi barlap çykdylar".
Goşmaça girdejä öwrülen aýylganç tejribe
Jemagat gulluklaryň işgärleri alyp barýan işini "köçelerde it-pişikleri azaltmak" diýip atlandyrdylar.
"Häzir kommunal işgärleri kim it öldürip tabşyrsa her öldürilen it üçin 10 manat, her öldürilen pişik üçin 5 manat döwlet tarapyndan tölenýär. Biz häzir her öldüren haýwany wideo ýazgy edýäris. Soň aňyrda görkezip, pul alýarys. Daşyndan ýazmaça depder hem özümiz ýöredýäris, hasapda ýalňyşmaz ýaly" diýip, ahally köçe süpüriji habarçymyza gürrüň berdi.
Azatlyk bilen gürrüňdeş bolan ýaşaýjylar bu ýagdaýa uly nägilelik bildirýärler. Olar öý haýwanlarynyň öldürilmeginiň we girdeji çeşmesine öwrülmeginiň jemgyýetde rehimsizligi kadalaşdyrýandygyny belläp, aýylganç tejribäni berk ornaşdyrýandygyny aýdýarlar.
"Bular zalym hereketlerini özleri wideo sýomka edýärler. Muňa ýol berilýär. Raýatlaryň, çagalaryň, göwreli aýallaryň öňünde urup öldürýärler. Adaty raýat wideo ýazgy etse, onuň elinden gara güýç bilen telefonlary alynýar we ýazgy edilen wideo pozulýar, adamlara haýbat atylýar" diýip, ahally ýaşaýjy eden-etdilikden nägileligini paýlaşdy.
'Tejende itler tüpeňli awlanýar'
Tejen şäherinde köçelerdäki itleri ýok etmek boýunça ýarag ulanylýar diýip, Azatlygyň ýerli çeşmeleri aýdýar.
"Karbamit zawodunyň arkasyna itleri kowýarlar. Şol ýerde Şatlyk ýolunyň ugrunda 3-4 awtoulagly aýlanyp, itleri tüpeňli kowalap atýarlar. Her bir atyp öldürilen iti yzy çelekli awtoulaga ýükleýärler" diýip, çeşmeleriň biri 23-nji iýulda habar berdi. Onuň sözlerine görä, öldürilen haýwanlary soň gazylan çukura taşlap, solýarka sepip, ýakýarlar.
Degişli maglumat
Maryda gemrijiler köpelýär, sanitariýa hünärmenleriniň hödürleýän çäkli çözgüdi netije bermeýärTejenli ýaşaýjylar hem ýerli ilatyň bu rehimsizliklere örän gynanýandygyny aýdýarlar, emma häkimiýetleriň basyşy sebäpli garşylyk bildirip bilmeýärler.
"Haýwanlara gynanýan adam kän, emma häzir haýwany goramakçy bolsaň, ölümden alyp galmakçy bolsaň özüňi günäli edýärler. Şol sebäpden köp adam gepläp bilmän galýar" diýip, ýerli ýaşaýjy aýdýar. "Öldürmäň, goýberiň, degmäň diýseň. 'seniň kelläň ýerinde däl, seni dälihana görkezmeli' diýip haýbat atýarlar" diýip, ol sözüne goşdy.
Başga ýaşaýjylar "häkimiýetler itleri we pişikleri ýok etmän, eýse çekirtge, alaka, syçan, saçakçy we beýleki mör-möjeklere garşy göreşse gowy bolardy" diýýärler.
Türkmenistanda gemrijileriň we mör-möjekleriň köpelip, ilata zar bermegi ýaly ýagdaýlar häli-şindi ýüze çykýar.
Türkmenistanda idegsiz haýwanlaryň, şol sanda öý itleriniň we pişikleriň guramaçylykly awlanmagy bilen bagly ýagdaýlar ýyllarboýy dowam edýär. Käwagt şeýle çäreleriň möçberi we rehimsizligi güýçlenýär.
Häkimiýetler itleriň we pişikleriň rehimsiz tutulmagy we ýok edilmegi barada resmi düşündiriş bermän gelýärler. Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary itleriň ýok edilmeginiň soňky birnäçe ýyl bäri ýurtda türkmen alabaýynyň kultunyň fonunda alnyp barylýandygyny belleýärler.
Degişli maglumat
Haýwanlary goraýjylaryň arzasyna berlen jogapda itleri we pişikleri tutmak boýunça görkezmäniň bardygy aýdylýarGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.