Ahalda et gymmatlaýar, hyrydary azalýar

Et dükany. Aşgabat (arhiw suraty).

Ahal welaýatynyň döwlet dükanlarynda we bazarlarynda etiň we et önümleriniň bahasynyň ýokarlanmagy göze ilýär. Soňky günlerde nyrhlar 10-30% aralygynda ýokarlanypdyr. Azatlygyň habarçysy welaýatyň birnäçe bazaryna baryp gördi.

Döwlet dükanlarynda satylýan et 20 manatdan 30 manada çenli gymmatlapdyr. Habarçymyz etiň täze bahadan geçen hepdeden bäri satylýandygyny aýdýar. Bazarlarda hem et gymmatlapdyr.

Şu günler bir kilogramy 140 manatdan satylýan süňkli et öň 130 manada durýardy. Öň 140 manada duran çylka et 170 manatdan satylýar.

Habarçymyz käbir bazarlarda öňki nyrhlaryň saklanýandygyny gürrüň berdi: "Bloşny diýilýän bazarda öňki nyrhlar saklanýar, ýagny bir kilogram üwelen et 50 manat bahalanýar. Ol eti uly malyň eti diýip satýarlar, emma nähili uly mal ony anyk aýdyp bilýän adam ýok".

Bazara barýan alyjylaryň ençemesi et satyn alyp bilmeýändigini, etiň öz maşgala býujetleri üçin gitdigiçe elýeterli bolmadyk haryda öwrülip barýandygyny aýdýarlar.

Degişli maglumat

Gurban baýramynyň öňüsyrasynda iri we ownuk şahly mallar, et gymmatlady

"Häzir et önümleriniň gymmatlamagy adamlaryň et satyn alyp, ýerli malyň etini iýip bilmez ýaly etdi" diýip, ahally ýaşaýjy aýdýar.

Ýene bir ýerli ýaşaýjynyň sözlerine görä, bazarlarda etiň görkezilen bahasy bilen hakykatda satylýan nyrhy esli tapawutlanýar: "Häzir et dükanlarynda goýun we sygyr eti satylanda, aýagy, gapyrgasy asylgy dur, emma görkezilen bahadan et sorasak, ol asylgy duran malyň etinden terezä goýman, aşakdan çykaryp böleklenen etden goýup bir kilogramy 70 manatdan diýip satýarlar. Sorasaň 'alyber arkaýyn, mal eti" diýýärler, emma şol witrinada asylgy goýun etden kesip ber diýseň, onda bahalar üýtgeýär ýagny bir kilogram et 70 manada däl-de 150 manada satylýar.

Bazarda alyjy azalýar

Bazarlarda satyjylar hem gymmatçylykdan nägile bolýarlar we alyjylaryň azalmagyndan zeýrenýärler

"Bizden diňe et näçeden diýip soraýarlar, emma adamlaryň bir kilogram eti satyn almaga ýagdaýlary bolman, olar Bloşny ýaly arzan et satylýan ýerleri soraýarlar. Indi bizem ýerli malyň etini satman, arzan et satmaga geçmesek boljak däl" diýip, hususy et dükanyň satyjysy aýtdy.

Ol satyjylyk işi bilen öz maşgalasyny ekleýändigini we söwda bolmasa, harydyň zaýalanýandygyny we girdejisiz galýandygyny gürrüň berdi: "Sebäbi men her gün et satyp, çagalaryň çöregini gazanmaly. Ondan daşary dükanyň arenda puluny jemlemeli. Häzir eti wagtynda satyp bilmänimden soň onuň reňki garalyp gitdi.

Ahally satyjylar bazarlarda azyk önümlerini satyn alýanlaryň gitdigiçe azalýandygyny, döwlet dükanlarynda satylýan has arzanrak harytlaryň hyrydarynyň köpdügini belleýärler. Şol azyk önümleriniň, şol sanda etiň hiliniň pesdigi hem alyjylary saklamaýar.

"Adamlara syn etseň häzir hakykatdan hem et iýip bilýän hojalyk tas ýok diýen ýaly. Adamlar esasan gök-önümi, bakja önümlerini, süzme, çal, towuk ýumurtgasy we arzan towuk budy ýaly harytlary satyn alýar" diýip, satyjy aýdýar.

Habarçynyň sözlerine görä, şu günler Ahal welaýatynyň döwlet dükanlarynda towuk budy bir kilogramy 25-30 manatdan satylýar.

"Arzan kolbasa hem peýda boldy bir kilogramy 40 manatdan satylýar. Adamlar ony uly höwes bilen satyn alýar" diýip, habarçy aýtdy.

Bazarlarda öý towuklary bir kilogramy 70 manatdan 90-100 manada çenli gymmatlapdyr.

Etiň gymmatlamagynyň häzirki sebäpleri barada häkimiýetlerden resmi düşündiriş bolmady. Azatlygyň çeşmeleri resmi maglumat boşlugynyň hem alyjylaryň, hem-de satyjylaryň arasynda döwül döredýändigini aýdýarlar: "Her hepde et önümleriniň nyrhynyň ýokarlanjakdygy aýdylýar" diýip, çeşmeleriň biri il içinde şeýle gürrüňleriň ýaýraýandygyny aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginden teswir almak boýunça eden synanyşygy oňyn netije bermedi.

Mundan öň etiň we beýleki azyk önümleriniň bahasy maý aýynda ýokarlanypdy. Şonda azyk önümleriniň 60% gymmatlamagy Gurban baýramyna gabat gelipdi.

Türkmen hökümeti ilatyň azyk üpjünçiligine degişli ýüze çykýan problemalary, şol sanda azyk önümleriniň gytçylygy we gymmatlamagy ýaly meseleleri açyk agzamaýar we bolýan ýagdaýlaryň ykdysady sebäplerine resmi düşündiriş bermeýär.

Degişli maglumat

Aşgabatda möhleti geçen azygyň senesini üýtgedip, gaýtadan satýarlar, Maryda gymmat etiň hyrydary azalýar

Şeýle-de bolsa, prezident Serdar Berdimuhamedow maý aýynyň başynda eden çykyşlarynyň birinde bazarlarda we söwda nokatlarynda azyk önümleriniň, beýleki harytlaryň üpjünçiligini hemişe gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belledi. Döwlet baştutanynyň bu barada Ministrler Kabinetiniň 8-nji maýda geçirilen göçme mejlisinde azyk üpjünçiligini agzamagy şunuň bilen çäklendi.

Türkmen prezidenti şeýle bellikleri ýurtdaky uly baýramçylyklaryň we şanly seneleriň öňüsyrasynda mundan öň birnäçe edipdi.

Türkmenistanda ilatyň aglabasy girdejisiniň uly bölegini azyga sarp edýändigini aýdýar. Köp maşgalalar azyk üpjünçiliginde döwlet tarapyndan dolandyrylýan dükanlarda hususy dükanlara görä, arzanrak satylýan harytlara, şol sanda pes hilli azyk önümlerine garaşly bolýarlar. Emma Azatlygyň ýurt içindäki habarçylary maşgalasyny ekläp bilmeýän, çagalaryny ýetimler öýlerine tabşyrýan ýa-da dilegçilige baş goşýanlaryň, şol sanda dilegçilik edýän çagalaryň köpelýändigini yzygiderli habar berýärler.

Nebit-gaza baý ýurduň döwlet mediasy hem sosial-ykdysady problemalar, şol sanda ilatyň garyplygy ýaly problemalary gozgamaýar.

Degişli maglumat

Bazarlarda azyk önümleri gymmatlaýar, döwlet dükanlarynda 'gurçukly un' satylýar

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.