Ahalda tut ýapraklary 'mesele döredýär', hojalyklar tutlaryny 'satmaýar'

Tut agajy. Bezeg suraty

Türkmenistanda çuňlaşýan ykdysady kynçylyklaryň arasynda, meýletin-mejbury ýagdaýda ýüpek gurçuklaryny idedýän adamlar bilen hojalygynda tut agaçlary bolan adamlaryň arasynda ‘düşünişmezlik’ döreýär diýip, Azatlygyň Ahaldaky çeşmesi 28-nji aprelde habar berdi. Her düýp tut agajyna 20 manat teklip edilýän hojalyklar bu ýyl tutlaryndan tudana hasylyny alyp, çagalarynyň agzyny süýjütmegi niýet edinýärler.

Azatlygyň Marydaky habarçysy iki hepde öň sebitiň býujet işgärlerine ýüpek gurçugynyň tohumynyň paýlanyp başlanandygyny, adatça bolşy ýaly, olaryň özlerine düşýän gurçuk tohumyny alýandygyny, ýa-da, oňa derek soralýan puly berýändigini habar beripdi.

Ahaldaky tut ýetmezçiligi saklanyp galýar

Resmi taýdan tassykladyp bolmaýan maglumata görä, gurçuk tutýanlaryň tut ýapragy bilen üpjünçiligi Maryda Ahaldaky bilen deňeşdirilende birneme gowy hasaplanýar. Ýöne tut ýapraklary bütin ýurt boýunça azlyk edýär diýip, synçylar aýdýar.

Ýurtda dowam edýän mejbury zähmetiň bir bölegine öwrülen pileçilik her ýyl, tut ýapraklarynyň ýetmezçiligi zerarly, gurçuk tohumyny alan adamlary her ýyl kyn synaga salýar. Emma ýylda ýüz müňlerçe düýp bag nahalynyň oturdylýandygyny, öňki baglara ideg edilýändigini aýdýan häkimiýetler otuz ýyl bäri ýüpekçi daýhanlara ýetjek tut baglyklaryny ýetişdirip bilmedi diýip, çeşme aýtdy.

Degişli maglumat

Býujet işgärleri ýene mejbury ýüpekçilige çekilýär, 'çykalga çäkli'


Azatlygyň habarçysy bilen aýry-aýrylykda gürleşen ahally ýaşaýjylar welaýatda ýüpek gurçuklaryny tutýan adamlaryň tut ýapragyny tapmakda uly kynçylyk çekýändigini aýtdylar.

“Geňeşlikleriň tutly hojalyklaryna aýlanyp, ‘gurçuk tutup bolýançak bize beriň, her tut agajyňyza 20 manat berjek’ diýip aýlanmaly bolýarys” diýip, bir daýhan aýtdy.

Onuň sözlerine görä, häzir, öňki ýyllardakydan tapawutlylykda, adamlar öz melleklerindäki tut agaçlarynyň ýapragyny bermek ýa satmak islemeýär.

Söhbetdeşimiz bu ýagdaýyň sebäbini adamlaryň maddy ýagdaýlarynyň peselmegi, ýaşaýyş, durmuş şertleriniň dowamly ýaramazlaşmagy bilen düşündirdi.

Onuň sözlerine görä, ozallar tut agaçlarynyň gowy bişen tudanalaryny köplenç esasan çagalar we guşlar iýerdi, köp tudana bişip, ýere dökülip, zaýa bolardy.

Adamlar bu ýyl ‘tut agajymyzy gurçuk tutýanlara berjek däl’ diýýärler. Olar munuň sebäbini geçen ýyl şeker satyn alyp bilmänsoňlar, tomsuna gyş üçin miwe ballaryny gaýnadyp bilmän galmaklar bilen düşündirýärler diýip, ýaşaýjy aýtdy.

Guşlara iým bolan tudanalaryň 'gadyr-gymmaty artýar'

“Bu ýyl atamyzyň eken tut agaçlarynyň tudanasyny ýygnap alyp, kak etjek we bal ýapyp, çagalarymyza iýdirjek, ýüpek gurçugy çagamdan ýakyn däl” diýip, bu ýyl gurçuk tutýanlara mellegindäki tut agaçlarynyň şahalaryny kesidrmejegini aýdan ýaşuly aýtdy.

Gurçuk tutýanlaryň ýagdaýyna düşünip, tut agaçlarynyň ýapragyny bermäge razy bolýan adamlar hem bar, ýöne olar hem ‘tudanasyny gaçyrman, diňe ýapragyny almak şertini goýýar’ diýip, gurçuk tutýan daýhan ozal tut çybyklaryny kesip, ulaga ýükläp, alyp gaýdan bolsa, indi uzak gün durup, ýaprak çöplemeli boljakdygyny gürrüň berdi.

Degişli maglumat

Pile önümçiligi: Tut ýapragynyň gytçylygy onuň bahasynyň üç esse gymmatlamagyna getirdi


Azatlyk bilen gürleşen daýhanlar döwlet näme üçin her ýyl adamlaryň melleginde gögerip oturan baglara göz dikmeli bolýar, ýolbaşçylar gurçuk tutup biljege-de, tutup bilmejege-de gurçuk tohumyny paýlap, adamlary kösäp ýörmän, ilki tut agaçlarynyň bolçulygyny döretse bolmaýarmyka diýýärler.

“Näme üçin gektarlap boş ýer barka, her ýyl pürli baglary ekdirip, soňam idegsiz goýup, nebir baglary guradyp, ömrüni kesýänçaler, tut agajyny ekdirip, ýüpek gurçuk tutýanlaryň şertini gowulandyrmaýarlar?” diýip, bir daýhan bu soragy häkimiýetlere däl, öz-özüne berip bilýändigini aýtdy.

Türkmenistanda ýüpekçilik, döwlet eýeçiligindäki metbugatyň ýazmagyna görä, ýokary hilli pile we ýüpek önümçiligini maksat edinen strategik oba hojalyk pudagy bolup durýar we bu 2 müň 100 tonna çig pile öndürmek meýilleşdirilýär.

Şeýle-de, metbugatda daýhan birleşikleriniň we kärendeçileriň döwlet tarapyndan ýüpek gurçugynyň ýokary hilli tohumy bilen üpjün edilýändigi aýdylýar, ýöne tut ýapraklary bilen bagly kynçylyklar agzalmaýar.

Soňky onýyllyklarda durmuş ýagdaýy peselen oba adamlary öz öndüren pileleriniň Aşgabadyň we Türkmenabadyň ýüpekçilik önümçilik birleşiklerinde gaýtadan işlenilýändigini, ýöne özleriniň ýüpek matalary satyn almaga kän gurbunyň çatmaýandygyny aýdýarlar.

Azatlygyň habarçylary oba hojalyk emeldarlaryndan ýurtda dowam edýän mejbury zähmet, tut, ýaprak meseleleri barada düşündiriş alyp bilmeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.