Ahalda we Balkanda sil ýollara zeper ýetirdi, gatnaw kynlaşdy

Dagdan gelen sil suwlary awtoulag we demir ýollaryna zeper ýetirdi

Türkmenistanyň Ahal we Balkan welaýatlarynda 10-11-nji oktýabrda ýagan güýçli ýagyşlardan soň gelen sil suwlary awtoulag ýollaryna we demir ýola zeper ýetirip, gatnawy kynlaşdyrdy. Azatlygyň iki sebitdäki habarçylarynyň maglumatlaryna görä, birnäçe ýerde elektrik üpjünçiligi hem kesildi.

Ahaldaky habarçy Bäherden bilen Bamy aralygynda ýagyşyň 10-njy oktýabrda agşam başlap, ertesi gün hem dowam edendigini aýdýar. Balkandaky habarçynyň maglumatyna görä, welaýatda 11-nji oktýabrdaky güýçli ýagyş 17 sagada golaý dowam edipdir.

Sil suwlary ýollary kesip geçdi

Ahaldaky habarçynyň maglumatyna görä, dagdan gelen sil Bäherden-Bamy aralygyndaky esasy ýoly ýuwup, käbir böleklerinde çukurlary emele getiripdir. Suwuň getirip döken uly we ownuk daşlary hem ulaglaryň geçmegini kynlaşdyrypdyr.

Sil ýeňil ulaglaryň gatnawyny bökdäp, ýük ulaglary bilen awtobuslar zeper ýeten böleklerden haýal hereket edip geçmeli bolupdyr. Käbir sürüjiler ulaglaryny ýoluň golaýyndaky beýik ýerlere çykaryp, suwuň azalmagyna garaşypdyrlar.

Habarçy ýoldaky çukurlara düşen käbir ulaglara zeper ýetendigini hem aýdýar. Zeper ýeten ulaglaryň sany belli däl.

Balkandaky habarçy Bereket, Gumdag we Gyzylarbat töwereklerinde Türkmenbaşy-Aşgabat awtoýolynyň dört bölegine sil zeper ýetirendigini habar berýär.

Degişli maglumat

Balkanyň ilatly ýerlerini sil basdy, adam pidalary boldy

Onuň maglumatyna görä, Gumdaga golaýda demir ýoluň bir bölegine hem zeper ýetipdir. Habarçy munuň Aşgabat ugruna öýlänki gatnawda birnäçe sagatlyk bökdençlik döredendigini aýdýar.

Ahaldaky habarçy Ahal we Balkan welaýatlarynyň häkimiýetleriniň ýoly dikeltmek işlerini guraýandygyny hem belleýär. Emma zeperiň möçberi we bejeriş işleri barada resmi tassyklama ýok.

Elektrik we internet üpjünçiliginde bökdençlikler

Ahaldaky habarçynyň maglumatyna görä, ýagynlaryň täsir eden ýerlerinde elektrik üpjünçiligi bir günläp kesilipdir.

Balkandaky habarçy bolsa Gumdagda, Bereketde, Esenguluda we Magtymgulyda elektrik hem-de internet üpjünçiliginiň 20 sagada golaý kesilendigini aýdýar.

Daşoguzda "Baý bazary" suw aldy. 11-nji oktýabr

Habarçy Daşoguz welaýatyndaky çeşmelerine salgylanyp, demirgazyk welaýatyň adybir şäheriniň "Baý bazaryny" hem suw basandygy ýetirdi.

Sosial mediada bu ýagynlar bilen baglylykda suw basan köçeleri, demir ýol liniýalaryny we bazarlardaky dükanlary görkezýän wideolar hem paýlaşylýar.

Türkmenistanyň resmi mediasy 5-nji oktýabrda çap eden hepdelik howa çaklamasynda 5-11-nji oktýabr aralygynda birnäçe welaýatda ýagyş ýagmagyna we ýeliň güýçlenmegine garaşylýandygy aýdylýardy. Şol habarda sil howpy ýa-da gatnawa giriziljek çäklendirmeler barada maglumat berilmändi.

Döwletiň berk gözegçiligi astyndaky resmi media, makalanyň çap bolan pursadyna çenli, tebigy harasatyň ýetiren zyýany barada maglumat bermedi. Azatlygyň sebitleriň häkimlikleri bilen habarlaşyp teswir almak synanyşyklary netije bermedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.