Arkadagdaky "Arkadag" oýny utuk getirdi, mejbury janköýerler 'utuldy'

Türkmen futbolçylary. Arhiw suraty

Aşgabatdaky çeşmeler türkmen režiminiň döredýän ‘mejburlyk medeniýetiniň’ sport çärelerini hem ‘doly basyp alýandygyny’, bu tendensiýanyň “Arkadag” kluby döredileninden soň ‘bedew badyna eýe bolandygyny’ habar berýärler. Paýtagtly sport synçysynyň tassyklamagyna görä, 15-nji sentýabrda “Arkadag” klubynyň öz stadionynda geçirilen ýaryşa tomaşa edenleriň ‘tas hemmesi mejbury janköýer’ boldy.

Türkmen metbugaty “Arkadag” futbol klubynyň AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ilkinji duşuşygynda Bahreýniň “Al-Muharrak” toparyndan 1:0 hasabynda üstün çykandygyny habar berdi, ýöne mejbury tomaşaçy bolan we ‘ýitiren wagtyna gynanýan’ raýatlaryň özara gürrüňçilikde bildirýän negilelikleri barada hiç zat aýtmady.

"Arkadagyň' utuşy we 'janköýer kösençligi'

Duşuşykdaky ýeke-täk gol oýnuň 52-nji minutynda, Mekan Saparowyň burçdan berlen pökgini kellesi bilen derwezä gönükdirmegi netijesinde tora girdi.

Agşam sagat altydan soň başlanan oýna, hakyky janköýerlere derek, paýtagtyň ýokary okuw jaýlarynyň talyplary we Arkadag şäheriniň býujet işgärleri, ýokardan dilde berlen görkezme esasynda, mejbury gatnaşdyryldy diýip, habarçymyz bu ýagdaýyň futbol oýny bilen hakykatdan hem gyzyklanýan adamlarda-da, ‘bir pökginiň yzynda ylgap ýören bir topar erkege seredip oturmaga sabyr-takady ýetmeýän’, emma muňa mejbur bolan adamlarda-da ‘nägilelik döredendigini’ aýtdy.

Degişli maglumat

'Arkadag' 'Al-Nassrdan' utuldy, 'janköýerler' çeken kösençligi barada gürrüň berdiler


“Arkadag stadionynda geçirilen futbol oýny üçin bilet, petek satylmady. Mejbury tomaşaçy bolan talyplardan, býujet işgärlerinden pul alnandygyny ýa alynmandygyny bilemok. Ýöne oýna daşyndan, özi tomaşa etjek bolup gelen janköýerler goýberilmedi” diýip, çeşme aýtdy.

Onuň sözlerine görä, stadiona tomaşaçy hökmünde getirilen talyplar we býujet işgärleri oýnuň “Arkadag” toparynyň ýeňmegi bilen tamamlanjakdygyny öňünden bilipdirler, olara muňa ‘taýyn bolup oturmalydygy’ aýdylypdyr.

“Sebäbi bu Türkmenistanda ýöredilýän syýasy propagandanyň esasy sütünleriniň biri. Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda gurlan Arkadag şäherinde we Arkadag stadionynda we “Arkadag” futbol toparynyň ýeňilmegi mümkin däl. Arkadagyň aty, iti we futbol topary hemişe ýeňiji we gözel bolmaly, bu hökmany [şert]” diýip, çeşme aýtdy.

"Goşa dyrnakdaky ýeňiji" ýeňmese bolarmy?

Habrçymyz bilen aýry-aýrylykda gürleşen ýaşaýjylar Arkadag lakamly Gurbanguly Berdimuhamedowyň özüniň hem ‘goşa dyrnakda hemişe ýeňiji bolýandygyny’ aýtdylar.

“Gurbanguly Berdimuhamedowy milli gahryman edip görkezýän syýasat Saparmyrat Nyýazowyň awtoritar döwlet gurluşynyň dowamy bolup durýar. Emma bu syýasy ýörelgäniň türkmen halkyny nirä alyp barjagy örän şübheli we garaňky görünýär” diýip, Azatlygyň bir söhbetdeşi öz pikirini aýtdy.

“Arkadag” we “Al-Muharrak” ýaryşyň “B” toparçasynda Birleşen Arap Emirlikleriniň “Al-Jazira” hem-de Eýranyň “Gol Gohar” toparlary bilen bilelikde çykyş edýär diýip, habarda bellenýär.

Toparçanyň beýleki duşuşygynda BAE we Eýran toparlary 0:0 hasabynda, deňe-deň oýnadylar.

“Türkmenportal”neşiriniň ýazmagyna görä, ilkinji tapgyrda üç utuk gazanan türkmen kluby toparçanyň ýaryş tertibine baştutanlyk edýär, “Al-Jazira” bilen “Gol Gohar” bir utukdan gazandy, “Al-Muharrak” bolsa utuksyz galdy.

Degişli maglumat

Müňlerçe adam Arkadag şäherindäki Arkadag stadionynda “Arkadagyň” futbol oýnuna tomaşa etmäge mejbur edildi


Azatlygyň habarçylary 12-nji awgustda hem müňlerçe adamyň Arkadag şäherindäki Arkadag stadionyna getirilip, “Arkadag” toparynyň futbol duşuşygyna tomaşa etmäge mejbur edilendigini habar beripdiler.

“Türkmenistanda işden, okuwdan kowulmakdan gorkýan we hemişe sabyrly bolmagy saýlaýan raýtlar köplük bolup, olar häkimiýetleriň gurnaýan syýasy sahnalarynda oýunçy, tomaşaçy bolmakdan başga çykalga görmeýär, sebäbi ýurtda garaşsyz metbugat, söz azatlygy, özbaşdak syýasy partiýalar, ykdysady azatlyk diýen ýaly zatlar tas ýok” diýip, ozalky türkmen diplomaty, häzir Awstriýada ýaşaýan Nurmuhammet Hanamow Azatlyga aýtdy.

Azatlyk Türkmenistanda sport ýaryşlarynyň ýurtda mahabatlandyrylýan şahsyýet kultuna hyzmat etdirilişi, hakyky janköýerleriň sport çärelerine goýberilmezliginiň mümkin bolan sebäpleri barada degişli emeldarlar, hünärmenler bilen açyk gürleşip, resmi düşündiriş alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.