Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 10-njy awgustda Mary welaýatyna bardy we şol ýerden Owganystana sapar etdi. Prezidentiň kakasy uly Berdimuhamedowyň bu gysga sapary welaýatyň birnäçe etrabynyň gündelik durmuşyna täsir etdi, ýaşaýjylar gadagançylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy, internet kesildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtdan Mary şäherine baryp, halkara howa menzilinden göni Tagtabazar etrabynyň Serhetabat şäheriniň “Islim-Çeşme” serhetýaka zolagyna gidipdir we şol ýerden goňşy Owganystana iş saparyny amala aşyrypdyr. Bu barada resmi habarda aýdylýar.
Bu sapar sebäpli sebitde görlen resmi taýýarlyklar diňe serhet ýakasyndaky etrap bilen çäklenmän, eýsem tutuş welaýatda ilatyň durmuşyna täsir ýetiripdir.
Azatlygyň habarçysynyň we ýerli çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, Serhetabat etrabynda internet doly kesilipdir beýleki etraplarda internet örän haýallap, VPN-ler işlemändir.
"Serhetabat (Guşgy) etrabyna prezident gelýär diýlip, internet ulgamy düýbünden kesildi. Tutuş Mary welaýatynda internetiň güýji peseldildi" diýip, çeşmeleriň biri 11-nji awgustda gürrüň berdi. Ýene bir çeşme: "VPN hyzmatlary işlemedi, hatda öýlerde internet arkaly görülýän telewideniýe işlemedi" diýip, aýtdy.
Degişli maglumat
Uly Berdimuhamedowyň Mara sapary: Ýollar ýapyldy, ýetişen pagta hasyly zaýa edildiHowpsuzlyk aladalary sebäpli adyny agzamazlygy soran ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, internet kesilmegi sebäpli ilat töleg terminallardan we bankomatlardan peýdalanyp bilmändir.
Mary şäherinde howpsuzlyk çäreleri güýçlendirilipdir.
"Şäher içinde polis işgärleri her ädimde durlar. Şäheriň köçeleriniň gyralarynda, howlularda duran awtoulaglary aýyrtdyrdylar" diýip, maryly ýene bir ýaşaýjy gürrüň berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň sapary bilen baglylykda häkimiýetleriň gören çäreleri birnäçe etrabyň ýaşaýjylarynyň durmuşyna gönüden-göni täsir ýetiripdir.
"Serhetabat, Tagtabazat, Ýolöten, Murgap etraplarynda ot ýakmak, tüsse çykarmak gadagan edildi" diýip, etrap ýaşaýjysy gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, ýerli häkimiýetler bu çäreleriň Berdimuhamedowyň gelmegi sebäpli geçirilýändigini aýdypdyr, emma kime, ýagny prezidente ýa-da onuň kakasyna garaşylýandygyny aýtmandyr.
"Ilki başda adamlar prezident gelýär diýilse, haýsy gelerkä Gurbangulymy ýa-da Serdar diýip bilmediler, soňra ot ýakmak, tüsse çykarmak gadagan diýlende [öňki prezident] Gurbanguly Berdimuhamedow gelýär diýip çakladylar" diýip, maryly ýaşaýjy Halk maslahatynyň başlygynyň hem häzirki bu wezipesinde, hem-de öň prezident bolanda eden saparlarynyň dowamynda ot ýakmagyň gadagan edilendigini ýatlady.
Türkmenistanda ataly-ogul Berdimuhamedowlaryň welaýatlara edilýän saparlary barada öňünden resmi habar berilmeýär, ilat saparyň boljagyny her gezek öz durmuşyna täsir edýän taýýarlyklardan we dürli gadagançylyklardan bilip galýar.
"Adamlar her gezek prezident gelýär diýlende çörek ýapyp bilmeýär. Gazyň basyşy pes bolmagy sebäpli, adamlar daşarda odun ýakyp çaý, nahar bişirýär. Sapar boljak diýlende adamlar bu mümkinçilikden mahrum bolýar. Elektrik energiýasynyň hem pes bolmagy sebäpli, tok peçlerinde nahar edip bolmaýar" diýip, maryly ýaşaýjysy aýtdy we "ýolbaşçylar welaýata gelse, ýaşaýjylar üçin kynçylyk bolýar" diýip, sözüne goşdy.
Döwet mediasynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mara sapary barada jikme-jik maglumat berilmedi we ýaşaýjylaryň gürrüň beren kynçylyklary hem agzalmady.
Degişli maglumat
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary welaýatyna sapar etmegine garaşylýarResmi habarda Halk maslahatynyň başlygyny Owganystanda Talybanyň baştutanlygyndaky hökümetiň başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradaryň garşy alandygy aýdyldy. Owganystandaky şol duşuşykda taraplar TOPH proýekti, elektrik energiýasynyň eksporty, logistika mümkinçilikleri, medeni-ynsaтperwer, ylym-bilim gatnaşyklary ýaly meseleleri gozgapdyr. Şeýle-de Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisi boýunça ýerine ýetirilen işler barada taýýarlanan wideoşekilleri görüpdir.
TDH gullugynyň habaryna görä, häzirki wagtda bu uly taslamanyň "möhüm tapgyrynyň gurluşygyny üstünlikli tamamlamak boýunça işler alnyp barylýar" we Türkmenistan tarapyndan satyn alnan ýöriteleşdirilen tehnikalaryň 300-e golaýy işledilýär. Bu habarda proýektiň işe girizilmeginiň wagt möhleti we bahasy ýaly anyk maglumatlar berilmedi.
Degişli maglumat
Maryda ýokary wezipeli emeldaryň gelmegine garaşylýar we arassaçylyk işleri geçirilýärGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.