Türkmenistanda içerki reýslere uçar biletleriniň gytçylygy saklanýar. Uly nobatlarda dawalar, hatda ýakalaşyklar hem bolýar. 30-njy martda Aşgabadyň aeroportunda bilet nobatynda bir maýyp adamyň polisiýa tarapyndan rehimsiz urlandygyny habarçymyz şaýatlara salgylanyp, habar berýär.
Paýtagtdan welaýatlara gatnaýan uçarlara isleg artýarka, ýolagçylar uly nobatlara garamazdan, uçarda ýer tapmak tamasy bilen ençeme wagtlap garaşmaga razy bolýarlar. Aşgabadyň aeroportundaky awiakassada dörän şeýle nobatlaryň birinde bir eli ýok maýyp adam polisiýanyň rehimsizligine sezewar edildi.
"Şu gün agşam 17:30-da Aşgabadyň howa menzilinde Türkmenabada uçar üçin açylan 'dosadka' bilet satylýan wagtynda dawa boldy. Bir lebaply maýyp adamy paýtagtyň howa menziline degişli transport polisiýa işgärleri rehimsiz ýenjip, onuň el goşlaryny almaga-da rugsat bermän howa menziliniň daşyna çykardy" diýip, şaýatlaryň biri 30-njy martda gürrüň berdi.
Degişli maglumat
Içerki gatnawlarda awiabiletleriň döwlet bahasynyň üstüne 'para soralýar'Azatlyk bilen gepleşen ýene bir şaýat bu maýyp adamy howa menziliniň daşyna alyp giden polisiýa, ony daşarda ýene-de urupdyr. "Daşynda hem aýawsyz urup, soň kowup goýberdi" diýip, ýagdaýy gören aşgabatly gürrüň berdi.
Şaýatlar bir eli bolmadyk maýyp adamyň kanun boýunça 1-nji maýyplyk toparyna girýändigini bellemek bilen, şeýle adamlaryň düzgün boýunça her 5 adamdan soň nobatsyz bilet satyn almaga hukugynyň bardygyny aýdýarlar.
Polisiýanyň sütemine sezewar bolan adam hut şu düzgünden peýdalanyp, bilet satyn almakçy bolupdyr.
"Ol bilet satyn almakçy bolan wagtynda hiç bir sebäpsiz transport polisiýa ofiserleri gelip, maýyp adamy kassanyň öňünde köpçülik bolup nobata duran adamlaryň içinden süýräp, çykaryp ony agzalalyk döretmekde günäledi. Olar üç sany ofiser bolup, ony süýräp, ýatyryp, depip ýençdiler. Polisiýa işgärleriniň şeýle wagşylygy olaryň serhoş bolmagy barada köpçülikde pikir döretdi" diýip, şaýat öz görenlerini gürrüň berdi.
Howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde gürleşen çeşmeler Aşgabadyň aeroportunda işleýän polisiýa wekilleriniň ýolagçylara el götermegi bilen bagly ýagdaýlaryň soňky hepdelerde seýrek däldigine ünsi çekýärler.
"Kanun goraýjy ofiserleriň soňky günlerde howa menzilindäki nobatlarda raýatlary ýençmegi bilen bagly hadysalary tas her gün görmek bolýar. Paýtagt polisiýasyna islendik arz-şikaýat etjek diýýän raýatlara basyş edilýär. Howa menziliniň polis ofiserleri raýatlara haýbat atyp, olary gerek bolsa ýok etjekdiklerini aýdyp, gorkuzýarlar" diýip, aşgabatly ýaşaýjy aýtdy.
Azatlyk Radiosy aeroportyň wekillerinden, şol sanda howpsuzlyga jogapkär resmilerinden teswir alyp bilmedi.
Degişli maglumat
Otly we awtobus biletleriniň ýetmezçiligi ýitileşdi, taksileriň ýol kireý nyrhlary ýokarlandyBu ýagdaý uçar biletleriniň gytçylygynyň arasynda ýüze çykdy.
Azatlygyň habarçylary uçar biletleriniň soňky aýlarda öňküsinden has elýeterli bolandygyny belleýärler. "Uçar biletlerini erkin satyn almak mümkinçiligi bolýar" diýip, habarçymyz uçar gatnawynyň tertibine gaýtadan seredilmegine uly talabyň bardygyny belledi.
"Köp gatnaw edilýän ugurlara ulag sany köpeldilip, adam az gatnaýan reýsleriň sanyny azaltmak üçin ýagdaýy netijeli öwrenmek we uçar gatnawlaryny tertipleşdirmek üçin iş geçirilmegine zerurlyk bar" diýip, habarçy aýdýar.
Türkmenistanda welaýatlaryň arasyndaky transport problemasy ýyllarboýy saklanýar. Uçar we demirýol biletlerine uly isleg saklanýar, bilet gytçylygy käte has-da agyrlaşýar. Welaýatlaryň arasyndaky ýüzlerçe kilometrlik aralykda awtoulag gatnawy köp wagty we çykdajylary talap edýär.
Degişli maglumat
Kassada ‘ýok’ diýilýän uçar biletleri elden iki esse gymmada satylýar (Wideo)Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.