Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kassada ‘ýok’ diýilýän uçar biletleri elden iki esse gymmada satylýar (Wideo)


Aşgabadyň halkara aeroportunda “dosadka”, ýagny uçara münmedik ýolagçylaryň deregine bilet satyn almak üçin nobata duran adamlar

Aşgabadyň halkara aeroportunda “dosadka”, ýagny uçara münmedik ýolagçylaryň deregine bilet satyn almak üçin garaşýan adamlaryň uly nobaty emele geldi.

Bu barada habar berýän Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri munuň “Türkmenhowaýollary” gullugynyň howa gatnawlarynyň Aşgabatdaky baş gullugynyň kassalarynda daşary ýurtlar üçin biletleriň diňe 6-8 aý soňa satylmagy bilen baglanyşyklydygyny aýdýar.

Aşgabadyň aeroportunda uly nobatlar döredi
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:18 0:00

“Ýakyn günlerde daşary ýurda bilet satyn aljak bolsaň, kassada ‘ýok’ diýýärler. Ýöne elden nagt satýarlar. Elden satylýan bilediň bahasy kassadakydan 2 esse gymmada durýar. Mysal üçin, Türkiýä bilet satyn aljak bolsaň, ol kassada 3000 manat diýlip bahalanýar. Ýöne ony elden 6000-7200 manat aralygynda satýarlar. Dosadka duranyňda, biledi kassanyň nyrhyndan satyn alyp bolýar. Şonuň üçin adamlar bu ýerde bilet satyn almaga synanyşýarlar” diýip, habarçy ýurtda “emeli bilet gytçylygynyň” döredilýändigini hem aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Aşgabadyň halkara aeroportundaky bilet kassalarynyň öňünde her gün 300 çemesi adam nobata durýar. Şol adamlardan ortaça 10 sanysy bilet alyp, daşary ýurtlara uçup bilýär.

Habarçynyň iberen suratlarynda we wideo ýazgysynda kassalaryň öňündäki nobatlara polisiýanyň gözegçilik edýändigini synlasa bolýar.

Soňky aýlarda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň tas ähli “pudaklaryny innowasiýa taýdan ösdürmegiň, olaryň işine sanly tehnologiýalaryň we öňdebaryjy ylmy gazanylanlaryň ornaşdyrylmagynyň zerurdygyny”, “sanly ulgam” we “sanly ykdysadyýet” ýaly aňlatmalary ýygy-ýygydan tekrarlaýar.

Şeýle-de, hökümet maslahatlarynda uçar biletleriniň onlaýn satuwynyň ýola goýulandygy barada yzygiderli gürrüň edilýär. Geçen ýylyň noýabrynda “Türkmenhowaýollarynyň” websaýtynda bu gullugyň öz uçarlaryna biletleri onlaýn satyp başlanandygy mälim boldy.

Ýöne Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanlylaryň ençemesi, şeýle-de redaksiýanyň ýurt içindäki habarçylary “Türkmenhowaýollary” gullugynyň websaýtyndan daşary ýurtlar üçin biletleri häzirlikçe satyn alyp bolmaýandygyny aýdýarlar.

20-nji awgustda Azatlyk Radiosy “Türkmenhowaýollary” gullugynyň resmi websaýtyndan Aşgabat-Stambul aralygyna bilet satyn almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýanyň ilki 31-nji awgustdan tä 6-njy sentýabra çenli aralykda, soňra-da oktýabr, noýabr, dekabr we 2020-nji ýylyň fewral aýyna çenli aralykda bilet satyn almak boýunça eden yzygiderli synanyşyklary netije bermedi.

Azatlyk Radiosy “Türkmenhowaýollary” gullugynyň websaýtynda nireden nirä uçuljakdygy we senesi baradaky maglumatlary ýazyp, gözleg bölümine basanda, synanyşyklaryň ählisinde-de “Bagyşlaň, siziň saýlan senäňizde, saýlan ugruňyza uçar biledi ýok. Başga senäni saýlap, synap görüň” diýlen ýazgy çykdy.

Azatlyk Radiosy ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar barada “Türkmenhowaýollary” gullugyndan häzirlikçe kommentariý alyp bilmedi. Ýurtdaky “bilet gytçylygy” ýa-da biletleri onlaýn satyn almakdaky bökdençlikler we munuň netijesinde Aşgabadyň halkara aeroportunda dörän uly nobatlar barada Türkmenistanyň döwlet mediasynda hem häzirlikçe mesele gozgalmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (2)

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG