Aşgabadyň döwlet eýeçiligindäki dükanlarynda ir sagat 8-den 10-a çenli aralykda, subsidirlenen bahadan, kilogramy 70 manat bolan sygyr eti satylýar diýip, Azatlygyň habarçysy habar berýär. Bu habar ýurtda saklanyp galýan azyk, şol sanda et önümleri meseleleriniň fonunda geldi we türkmen hökümetiniň ýene bir ýyly dükanlaryň, bankomatlaryň ýanyndaky, migrasiýa edaralaryndaky we beýleki ýerlerdäki nobatlar, köpçülik ýerlerindäki dilegçiler bilen ‘göreşip tamamlaýandygyna’ ünsi çekdi.
Adam başyna çäklendirilen möçberde satylýan etiň nobaty uly we, dawa-jenjel bolmazlygy, nobatlaryň surata alynmazlygy, wideo ýazgy edilmezligi üçin, söwda polisiýa gözegçiliginde, tertip-dügzniň saklanmagy ugrundaky tagallalar bilen utgaşýar.
35 manatlyk doň et 70 manada çykdy, nobat azalmaýar
“Mundan öň kilogramy 35 manatdan satylan doň etiň söwdasy iki hepdä hem ýetmän sowuldy, 70 manatlyk et hem basym gutarar” diýip, paýtagt ýaşaýjysy aýtdy we şäher etegindäki obalardan hem köp adamyň, biri-birinden eşidip, gyssanmaç et almaga gelýändigini belledi.
Degişli maglumat
Et gymmatçylygynyň arasynda Lebapda arzan bahadan doňdurylan et satuwa çykaryldy“Ir sagatlarda satylýan etiň hyrydary örän köp. Et adam başyna iki kilogramdan gowrakdan satylýar we bu ýagdaý uzyn nobatlaryň döremezliginiň öňüni alýar” diýip, bir ýaşaýjy aýtdy.
Onuň sözlerine görä, nobatdaky adamlar köpelip başlasa, polisiýa işgäri satyjydan iki kilogramdan paketlere gaplanan we taýýar edilip goýlan etiň näçesiniň bardygyny soraýar.
“Satyjy oňa 10, 12, 14 sany pakete salnan etiň galandygyny aýdýar we polisiýa işgäri şol maglumata esaslanyp, nobatdaky adamlary sanaýar hem-de ‘duranyňyzyň peýdasy ýok, ertir geliň’ diýip, et ýetmejek adamlary dükanyň içinden çykarýar.”
Anonimlik şertinde gürleşen söwda işgäri bu ýagdaýyň näçe wagt dowam etjekdigini, etiň gelejekde näçe manatdan satyljakdygyny bilmeýändigini aýtdy.
“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň ýazmagyna görä, arzan etiň nobatyna duran alyjylar ilki günlerde 1,5, 2 sagat duran bolsalar, häzir üç sagat çemesi garaşmaly bolýarlar.
Nobatlara raýat eşigindäki MHM işgärleri 'berk gözegçilik edýär'
Şeýle-de, neşir nobatlara diňe polisiýa işgärleriniň däl, raýat eşigindäki MHM işgärleriniň hem berk gözegçilik edýändigini belleýär.
TH-nyň şaýatlara salgylanyp ýazmagyna görä, howpsuzlyk işgärleri şenbe güni irden dükanyň töweregindäki ýagdaýlary jübi telefonynda wideoýazgy edýän ýaş aýaly tussag edipdir.
Şaýatlaryň gürrüň bermeklerine görä, bu aýalyň tussag edilmegi gykylyk-galmagally we görkezme häsiýetli bolupdyr. Görnüşinden, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri şeýdip, beýleki alyjylaryň bu ýerde bolýan wakalary wideoýazgy etmek synanyşygynyň öňüni aljak bolýar.
Saklanan aýal zor bilen awtoulaga mündürilip, näbelli bir bir ýere alnyp gidilipdir we nobata duranlaryň hiç biri onuň arkasyny almaga synanmandyr.
Azatlyk bu maglumaty garaşsyz ýagdaýda tassykladyp ýa inkär etdirip bilmeýär.
Degişli maglumat
Durmuşdaky nobatlar metbugatdaky üstünlikleri ýalana çykarýar. Prezident çäre isleýärGaraşsyz neşir Azatlygyň habarçysynyň golaýdaky obalardan et almaga gelýän adamlar baradaky maglumatyny tassyklaýar we paýtagtdan 15 km çemesi uzaklykda ýerleşýän Gypjak obasynda satylýan etiň bahasynyň şäherdäkiden has gymmatdygyny öňe sürýär.
Azatlygyň habarçylary ýurduň döwlet dükanlarynda peýda bolan doň etiň bazarlardaky hususy etiň söwdasyna eden täsiri barada 3-nji noýabrda habar berdiler.
'Emeli ýagdaýda döredilen gytçylyk'
Ýurtda ýokarlanýan et bahalary sebäpli, Täze ýyl baýramynyň iki aý çemesi öňünden satylyp başlan arzan et paýtagtda we sebitlerde azyk dükanlarynda, bankomatlaryň öňünde, migrasiýa edaralarynda saklanyp galýan nobatlaryň üstüni ýetirdi.
Aýyň başynda habarçylarymyz adam başyna iki kilogramdan goýberilýän etiň bahasynyň 35 manat, resmi kurs esasynda 10 amerikan dollaryna barabar bolandygyny ýazypdylar. Bu ýagdaý adamlaryň begenip, ir säherden bazar derwezesiniň agzynda toplanmagyna we öňünden nobat bellemegine getirdi.
Emma Türkmenistan 'soňy görünmeýär' diýilýän nobatlary we agrar ýurtda emeli ýagdaýda döredilendigi aýdylýan et meselesini ne hökümet mejlislerinde, ne-de metbugatda agzaýar.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen maldarlaryň, söwda işgärleriniň we telekeçileriň sözlerine görä, Türkmenistanda barha çuňlaşýandygy aýdylýan azyk meseleleri, şol sanda et gytçylygy we gymmatçylygy emeli ýagdaýda döredilip, işlejek, önüm öndürjek we harytlaryny elýeterli bahadan bazara çykarjak, daşary ýurtlardan haryt getirjek başarnykly adamlara döredilýän päsgelçilikler, giň ýaýran döwlet korrupsiýasy we monopoliýasy bilen bagly.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada resmi düşündiriş alyp bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.