Aşgabatda dükanlardan 'azyk ogurlap tutulýan ýaşlar köpelýär'

Aşgabatdaky söwda merkezleriniň biri. Bezeg suraty

Türkmen paýtagtyndaky söwda merkezlerinde, ýurt ilatynyň gurply we orta gatlak wekilleriniň gündelik gerek azyk önümlerini satyn alýan ýerlerinde ogurlyk hadysalary köpelýär, ýoksullyk, açlyk, mätäçlik sebäpli kanun bozýan, saklanýan we türme tussaglygyna höküm edilýän ýaşlaryň sany artýar diýip, Azatlygyň çeşmeleri habar berýär.

Türkmenistanda kanun bozýan we garşysyna jenaýat işi gozgalýan, ýyl kesilýän adamlaryň sany ýapyk saklanýar we Azatlyk azatlykdan mahrum edilen ýaşlaryň umumy bendileriň näçe göterimini düzýändigini anyklap bilmeýär.

Habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjylar bu ýagdaýy ýurtdaky durmuş, ýaşaýyş şertleri, ilatyň umumy hal-ahwalynyň, gün-güzeranynyň köp ýyllardan bäri gowulaşman, dowamly ýaramazlaşmagy, ‘beterleşmegi’ bilen baglanyşdyrýarlar.

'Garyplyk adamlary düzgün bozmaga iterýär'

“Durmuş şertleriniň köp ýyl bäri yzygiderli kynlaşmagy, garyplyk adamlary barha kän düzgün bozmaga, bikanun işlere ýüz urmaga itekleýär” diýip, bir ýaşaýjy aýtdy.

Degişli maglumat

Türkmenbaşyda ogurlyk hadysalary ýygjamlaşdy


Onuň sözlerine görä, işsiz ýaş ýigitleriň arasynda, ýoksullyk sebäpli, azyk dükanlaryndan azyk harytlaryny ogurlap tutulýan oglanlaryň köpelmegi öýünde iýere gury çörek hem tapylmaýan maşgalalaryň sanynyň gitdigiçe köpelýändigini yşarat edýär.

Anonimlik şertinde gürleşen söwda işgäri soňky wagtlar Aşgabat şäherinde ýerleşýän söwda merkezlerinde edilýän ogurlygyň köpelendigini, munuň hiç kim üçin syr däldigini aýtdy.

“Paýtagtyň “Berkararlyk” söwda merkezinde, “Gülüstan” söwda merkezinde, Teke bazaryň ýanynda ýerleşýän söwda merkezinde, “Kämil” söwda dükanynda ogurlyk hadysasy köpelýär” diýip, söhbetdeşimiz anyk san getirmezden aýtdy.

Aýry-aýrylykda gürleşen adamlar ogurlyk hadysalarynyň köpelýändigi barada aýdylanlary tassyk etdiler. Olaryň köpüsiniň ynanjyna görä, paýtagtda, şäher merkezinde köpelýän ogurlyk hadysalary ilatyň umumy ýagdaýynyň bu ýyl, aýlyklaryň, pensiýa we kömek pullarynyň 10% hem köpeldilmedik ýylynyň birinji ýarymynda has agyrlaşandygyny aňladýar.

“Ýaşlar ýoksullyk, ýeter-ýetmezçilik sebäpli, ýarym aç durmuşda ýaşap, ogurlyga baş goşýarlar. Dükan işgärleri ogurlykda tutulan oglanlary köplenç, polisiýa jaň edip, häkimiýetleriň ellerine tabşyrýarlar” diýip, ýaşaýjy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, raýat eşiklerini geýip, azyk dükanlaryna gözegçilik edýän polisiýa işgärleri tarapyndan ogurlyk wagtynda ele salynýan ýaşlar hem az däl.

Azyk ogurlan ýaşlara 'köplenç ýyl kesilýär'

“Saklanan oglanlar, ogurlanan harytlar bilen bilelikde, polisiýa bölümine alnyp gidilýär. Olara şol ýerde jenaýat işi gozgalýar we açylan jenaýat işleri derrew kazyýete iberilýär” diýip, söhbetdeşimiz ogrularyň ýanyndan tapylan harytlaryň jenaýat işini açmak üçin delil, subutnama hökmünde ulanylýandygyny hem sözüne goşdy.

Degişli maglumat

"Gaňňalyň oýunda, Tejende galdy": Işsizlik we zyýanly endikler tejenli ýaşlara howp abandyrýar


Döwlet eýeçiligindäki metbugat söwda merkezlerinde köpelen ogurlyk barada hiç bir habar bermeýär. Ogurlykda tutulyp, polisiýa bölümine alnyp gidilen oglanlary gören alyjylar şaýat bolan wakalary barada biri-birine gynanyp gürrüň berýärler.

Bazar güni paýtagtdaky “Berkararlyk” söwda merkeziniň binasynda bolan alyjy habarçymyza öz gören zatlaryny gürrüň berdi.

“Ýekşenbe güni hususy eýeçilikdäki “Kämil” azyk dükanynda ogurlyk eden iki sany ýaş ýigit saklandy. Olar azyk harytlaryny jübülerine salyp, kassalardan bahasyny tölemän geçip, dükandan çykjak wagtlarynda dükan işgärleri tarapyndan saklandy.”

Onuň sözlerine görä, raýat eşigindäki polisiýa işgärleri gelip, özlerine tabşyrylan ýaş ýigitleriň billerine guşanan kemerlerinden ellerini geçirip, olary idenekledip alyp gitdiler.

“Bu waka şol wagt “Kämil” dükanyna söwda etmäge gelen alyjylaryň tas hemmesi şaýat boldy” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri açyk reaksiýa bildirmese-de, internet ulanyjylar wagtal-wagtal Türkmenistanda köpelýän ogurlyk hadysalary hakynda gürrüň gozgaýarlar.

Aktiwistleriň käbiri daşary ýurtlarda hem dükan ogurlygynyň bardygyny, ýöne azyk önümlerini ogurlap tutulan ýaşlara garşy jenaýat işleriniň gozgalmaýandygyny öňe sürýärler.

Türme, tussaglar baradaky maglumatlar ýapyklygyna galýar

Habarçymyz paýtagtdaky dükanlardan azyk önümlerini ogurlap tutulan we garşysyna jenaýat işi gozgalan oglanlar, olaryň soňky ykballary barada anyk maglumat alyp bilmedi.

Söhbetdeşlerimiziň biri dükandan iýer ýaly zat ogurlap tutulan ýaşlaryň tas hökmany suratda azatlykdan mahrum edilýändigini aýtdy. Azatlyk bu aýdylýany resmi taýdan tassykladyp ýa inkär etdirip bilmeýär.

Degişli maglumat

Türkmenbaşyda we Hazarda ogurlyk hadysalary ‘köpelýär’


“Ogurlykda tutulan ýaşlar, kazyýet tarapyndan çykarylan karar esasynda, elbetde, azatlykdan mahrum edilýär. Olara, köp bolmasa-da, iki, üç ýyl türme tussaglygy hökümi çykarylýar” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran ýaşaýjy türmä basylan ýaşlaryň ‘gelejeginiň hem garaňky bolýandygyny’ belledi.

Onuň sözlerine görä, azatlykdan mahrum edilen ýaşlaryň arasynda “saglygyny we ýoluny ýitirip, ir dünýäsini täzeleýän ýaşlar örän köp”.

Ýurt maglumat üçin ýapyk bolansoň, Azatlyk türkmen häkimiýetlerinden azyk önümlerini ogurlap türmä düşýän we ol ýerde heläk bolýan ýaşlar barada hiç bir resmi düşündiriş alyp bilmeýär.

Türkmenistan sebitde ilatynyň baş sanyna iň köp tussag düşýän ýurtlaryň biri bolup, türkmen türmelerindäki şertleriň agyrdygy, adam gynamalarynyň, açlyk-horlugyň, keselçiligiň we giň ýaýran korrupsiýanyň bolmaly zat ýaly kabul edilýändigi aýdylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.