Aşgabatda we Ahalda ýagan buz bölekleri maldarlara we tebigata täsir etdi

Çopan we ownuk mallaryň sürüsi (Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)

Aşgabatda we Ahal welaýatynyň käbir obalarynda 18-nji maýda ýagan buz bölekleriniň ilata ýetiren zyýany barada maglumatlaryň gelmegi dowam edýär. Maldarlar we çopanlar onlarça malyň ýitendigini aýdýarka, ýaşaýjylar penjireleriň aýnalarynyň döwülmegi bilen bagly wakalaryň köp bolandygyny belleýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 20-nji martda sebitden maglumat berdi.

“Öýlän sagat 4 töwereginde ýagyp başlan uly buz bölekleri iri we ownuk şahly mallarymyzy çar tarapa dargatdy. Mallar näme bolýandygyna düşünmän, men kesek zyňyp kowýandyryn öýtdüler we hersi bir tarapa dargamana başlady. Bizem buzdan goranmana ýer bolmansoň, ellerimizi kellämize goýup, aşak seredip oturdyk. Şol mahal meniň kellämde mallar dargap barýar diýen düşünje bolmady. Diňe özümiz şikes almakdan gorkup, kellämizi galdyrman aşak bakyp oturdyk” diýip, ahally çopan anonimlik şertinde aýtdy.

Ýatlatsak, Aşgabatda we Ahalyň käbir etraplarynda 18-nji maýda uly buz bölekleri ýagdy. Şeýle-de, Ahalyň we Marynyň çäklerinde buz garyşykly güýçli ýagyş ýagdy. Bu tebigy hadysalar awtoulaglara, miweli agaçlara we hususan-da, ekin meýdanlaryna we gök-bakja ekinlerine güýçli zyýan ýetirdi.

Ahally çopanlaryň ençemesiniň anonimlik şertinde habarçymyza aýtmagyna görä, buz bölekleriniň yz ýany ýagan güýçli ýagyşdan soň, şeýle-de ertesi güni irden, 19-njy maýda olar mallaryny ýeke-ýekeden gözlemäge çykypdyrlar.

Degişli maglumat

Aşgabatda uly buz bölekleri, Ahalda we Maryda güýçli ýagyş ýagdy, ekinlere zyýan ýetdi

“Mallary ýeke-ýekeden gözläp tapmaly bolduk. Ýöne tapylmadyk mallar hem köp boldy. Olaryň sany takmynan onlarçadyr” diýip, ahally ýene bir çopan anonimlik şertinde aýtdy.

"Ganatly guşlar ölüp ýatyr"

Çopanlar mallaryň gözlegine çykanlarynda uly buz bölekleri degip, şikes alyp ýatan ganatly guşlaryň onlarçasyna duş gelendiklerini hem bellediler.

“Olar meýdanda ölüp ýatyrdylar” diýip, çopan aýtdy.

Mundan başga-da, ahally ýaşaýjylaryň ençemesi tebigy hadysada ýaşaýyş jaýlarynyň penjireleriniň döwülmegi bilen bagly wakalaryň köp bolandygyny hem aýtdy.

“Käbir jaýlaryň üçeklerine hem zyýan ýetdi. Häzir her kim öz çeken zyýanynyň öwezini özi dolýar” diýip, ahally ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri iki gün ozal bolan tebigy hadysa barada häzire çenli kelam söz aýtmaýarlar. Bu barada ýurduň metbugat serişdelerinde, şol sanda döwlet telewideniýesiniň “Watan” habarlary gepleşiginiň 17-18-19-njy maýda efire berlen sanlarynda hem habar berlip, hiç hili gürrüň gozgalmaýar.

Şol bir wagtda, buz bölekleriniň we onuň yz ýanynda ýagşyň ýagandygyny we bularyň ýetiren zyýanyny görkezýän wideolar we suratlar TikTok we Instagram ýaly sosial ulgamlaryň ulanyjylary tarapyndan giňden paýlaşylýar.

Ahalda, Maryda we Daşoguzda dört gün, ýagny 15-nji maýdan bäri dowam eden tozanly ýelden soň, 18-nji maýda güýçli ýagyş ýagdy. Ýerli daýhanlaryň ençemesi tebigy hadysalaryň gök-bakja ekinleriniň we miweli baglaryň takmynan 90 göterimine zyýan ýetirendigini aýtdylar.

19-njy maýda Azatlygyň habarçylary bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan daýhanlaryň ençemesi häkimiýetleriň kömek etmegiň deregine “miweli baglaryň zyýan çekendigi barada Internetde ýekeje wideo hem paýlaşmazlyk” barada haýbat atýandygyny gürrüň berdi.

Degişli maglumat

Türkmenistanda turan güýçli ýel elektrik üpjünçiligine, jaýlara we ekerançylyga zyýan ýetirdi

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.