Aşgabatdaky türk wiza merkeziniň daşynda 200-e golaý adam protest geçirdi

Türkmenistanyň pasporty

Aşgabatda Türkiýä syýahat etjek türkmenistanlylaryň wiza almak üçin resminama tabşyrýan ýeke-täk nokadynda, “Mosaic Visa” kompaniýasynyň wiza merkeziniň daşynda 200-e golaý adam protest geçirdi.

Wiza ýüzlenmesi kanagatlandyrylmadyk adamlar tölän pullarynyň yzyna berilmegini talap etdiler we merkezde “korrupsiýanyň höküm sürýändigini” aýdyp, onuň işine nägilelik bildirdiler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 24-nji aprelde paýtagtdan maglumat berdi.

“Hepdäniň birinji güni, ýagny 20-nji aprelde wiza ýüzlenmesi kanagatlandyrylmadyk 200 töweregi adam merkeziň demir haýatynyň daşynda üýşüp, wiza ýüzlenmesi üçin tölän 220 dollaryň yzyna berilmegini talap etdi. Olaryň arasynda ýumurtga ululygyndaky daşlary merkeziň demir haýatyna, penjiresine atanlar hem boldy” diýip, ýagdaýlara şaýat bolan paýtagtly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Bu aralykda, merkeziň resmisi wiza ýüzlenmesi kanagatlandyrylmasa, puluň yzyna berilmeýändiginiň şertnamada görkezilendigini aýdyp, wakanyň bolan ýerine polisiýa işgärlerini çagyrdy.

Degişli maglumat

Türk wiza merkeziniň 'korrupsiýa sebäpli' ýapylandygy, täze merkeziň açyljakdygy aýdylýar

“Ozalky wiza merkezinden-de korrumpirlenendigini...”

“Merkeze gelen polisiýa işgärleri puluny talap edýän raýatlara 15 gije-gündiz wagtlaýyn tussaglyk bilen haýbat atdylar. Döwlen äpişge aýnasynyň özi hem jenaýat işini gozgamaga ýetik bolandygy zerarly adamlar öýlerine gitmäge mejbur boldular. Häzir kimdir birine garşy jenaýat işiniň gozgalandygy ýa golgalmandygy barada maglumat ýok” diýip, waka şaýat bolan ýene bir paýtagtly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Şaýatlaryň birnäçesiniň anonimlik şertinde habarçymyza aýtmagyna görä, protest bildiren adamlaryň köpüsi bu merkeziň “ozalky wiza merkezinden-de korrumpirlenendigini, bu ýerde korrupsiýanyň höküm sürýändigini” aýdyp, onuň işine nägilelik hem bildirdi.

Ýatlatsak, ýanwar aýynda Aşgabatda Türkiýä syýahat etjek türkmenistanlylaryň wiza almak üçin resminama tabşyrýan ýeke-täk nokady, “Gateway International” kompaniýasynyň wiza merkezi duýdansyz ýapylyp, oňa derek “Mosaic Visa” kompaniýasy açyldy. Hökümetçi neşirler bu kompaniýanyň Türkiýä wiza arzalarynyň kabul edilmegi boýunça resmi operator boljakdygyny habar berdiler.

Şonda hökümet edaralaryndaky çeşmelerimiz bu merkeziň işiniň korrupsiýa meseleleri, ilatdan gowuşan dowamly şikaýatlar bilen baglylykda togtadylandygyny habar berdiler. Ýöne ýurtdaky maglumat ýapyklygy sebäpli bu barada degişli türkmen häkimiýetlerinden resmi teswir almak başartmandy.

"Işgärleriň wiza kararyna... hiç hili täsiri ýokdur"

“Işini togtadan merkez geljekki syýahatçylardan bahasy 60 dollar bolan wizalar üçin 200 dollardan pul talap edýärdi. Täze açylan merkez bolsa, 220 dollar talap edýär. Her güni 260 töweregi adamyň wiza ýüzlenmesi üçin resminamalary kabul edilýär. Ýöne şolardan diňe 50-55 çemesi adamyň ýüzlenmesi kanagatlandyrylýar. Galan 200-den gowrak adamyň ýüzlenmesi ret edilýär” diýip, ýagdaýlardan habarly aşgabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

“Mosaic Visa” kompaniýasynyň resmi web sahypasynda bu merkeziň Türkiýe üçin wiza ýüzlenmelerini kabul etmek üçin Aşgabatdaky türk ilçihanasy tarapyndan ygtyýarlandyrylan resmi edaradygy bellenilýär.

Şeýle-de, onda merkeziň ýüzlenmeleri Aşgabatdaky türk ilçihanasyna ugratmaga jogapkärdigi we wiza kararynyň diňe ilçihana tarapyndan berilýändigi nygtalýar.

“Mosaic Visa işgärleriniň wiza kararyna oňyn ýa-da otrisatel hiç hili täsiri ýokdur. Eger muňa ters gelýän ýagdaý bilen duş gelseňiz, Mosaic Visa-nyň ygtyýarly wekillerine habar bermegiňizi haýyş edýäris” diýlip, kompaniýanyň sorag-jogap bölüminde bellenilýär.

"2 müň dollar para bermeseň..."

Şol bir wagtda, türkmenistanlylaryň ençemesi anonimlik şertinde habarçymyza beren maglumatynda raýatlara türk wizasynyň berlip-berilmejekdiginiň merkezde işleýän türkmenistanly işgärler tarapyndan kegitlenýändigini, uly möçberde para bermedikleriň wiza almagynyň tas mümkin däldigini aýdýar.

Degişli maglumat

Onlarça türkmenistanly nägilelik bildirip, ret edilen türk wizasy üçin puluny yzyna aldy

“Tanşyň bolmaly we 2 müň dollar para bermeseň saňa wiza çykaryp bermeýärler. Üstesine-de, raýatlaryň wiza ýüzlenmesinde tölän 220 dollary hem yzyna gaýtarylyp berilmeýär. Bu bolsa, ilat arasynda nägileligi artdyrýar. Soňky hepdelerde merkeziň öňünde wiza ýüzlenmeleri kabul edilmedik adamlaryň protestlerine, piketlerine her hepde, käte hepdede birnäçe gezek duş gelse bolýar” diýip, ýagdaýlardan habarly türkmenistanlylaryň ençemesi aýdýar.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada resmi teswir almak üçin agzalýan merkeziň web sahypasynda görkezilen telefon belgilerine jaň edip, habarlaşmaga synanyşdy.

Ýöne redaksiýamyzyň 24-nji aprelde yzygiderli eden telefon jaňlaryna aýry-aýrylykda jogap beren resmileriň iki sanysy maglumat bermekden saklanyp, telefony taşlamak bilen boldy. Bu ýagdaýlar barada paýtagtyň polisiýa bölüminden hem teswir alyp bolmady.

Türkiýe türkmen raýatlarynyň okamak we işlemek üçin iň köp barýan ýurtlarynyň arasynda galýar. Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda wiza düzgüni, resmi Aşgabadyň talaby boýunça, 2022-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda girizildi.

Şondan soň Aşgabatda Türkiýä syýahat etjek türkmenistanlylaryň wiza almak üçin resminamalaryny “Gateway International” wiza merkezi kabul eden bolsa, şu ýylyň ýanwar aýynyň ortasynda “Mosaic Visa” kompaniýasynyň wiza merkezi kabul edip başlapdy.

Soňky iki ýarym ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Aşgabatda türk wizasyny soraýan raýatlaryň köpüsine wiza berilmeýändigini, munuň ilatda nägilelik döredýändigini we olaryň protest bildirmegine getirýändigini Azatlygyň habarçylary birnäçe gezek habar berdiler.

Türkiýä gitmek üçin wiza almaga synanyşýan türkmen raýatlarynyň onlarçasy ýaňy-ýakynda ret edilen wizalary üçin eden tölegini yzyna almagy başardylar diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary geçen ýylyň aprel aýynda habar berdiler.

Degişli maglumat

Aşgabatda türk wizasyny soranlaryň köpüsi wizasyz we pulsuz galdy, raýatlar protest bildirdi

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.