Aşgabatdan welaýatlara uçar biletleriniň gytçylygy ýakalaşma sebäp bolýar

Uçar biletleriniň kassasy. Türkmenistan (arhiw suraty)

Türkmenistanyň paýtagtyndan welaýatlaryna gatnaýan uçarlara biletleriň söwdasynda bökdençlikler döredi. Azatlygyň habarçylarynyň paýtagtdan we Balkan welaýatyndan berýän maglumatlaryna görä, birnäçe gün bäri uçar biletlerini satyn alyp bolanok.

"Üç gün bäri Aşgabadyň howa menzilinden welaýatlara we welaýatlardan aşgabada bilet ýok" diýip, paýtagtly habarçymyz 29-njy oktýabrda aýtdy.

Balkanly habarçymyzyň sözlerine görä, şu günler Türkmenbaşy şäherinden paýtagta uçup bilmedik ýolagçylaryň arasynda nägilelik güýçlenýär, emma olaryň aeroport wekillerine edýän şikaýatlary netije bermeýär. Hyryn-dykyn gatnaýandygy aýdylýan uçarlara "dosadka" ýagny birden boşan ýerlere eýe bolmagyň üstünde dawa döreýär.

"Adamlar dawa edip, uçardaky ýerine gelmän galan ýolagçylaryň ýerine ýagny dosadka üç bilet çyksa, maýyplara hödürlemäge-de ýol bermän ýakalaşýarlar" diýip, balkanly habarçymyz öz görenlerini gürrüň berdi.

Degişli maglumat

Türkmenabatda uçar biletleri gytaldy, ýolagçylar howa menzilinde gije-gündiz nobata durýar

Ýolagçylaryň arasynda dawaly ýagdaýlaryň soňky günlerde paýtagtda hem ýüze çykýandygyny habarçylarymyz aýdýar.

Aşgabatdaky çeşmeleriň biri 27-nji oktýabrda paýtagtyň howa menzilinde bolan ýagdaý barada şeýle gürrüň berdi: "Bolan ýakalaşmada tiz kömek, polisiýa we beýleki gulluklaryň ýardamyna zerurlyk döredi. Azyndan üç adam hassahana döwük-ýenjik bölümine alnyp gidildi".

Azatlyk Radiosy şaýatlaryň anonimlik şertinde gürrüň beren bu ýagdaýy barada Aşgabadyň aeroport resmilerinden teswir alyp bilmedi.

Otly gatnawyna isleg artýar

Şol bir wagtda paýtagtdan welaýatlara otly bilen gaýtmak mümkinçiligi hem çäkliligine galýar. "Aşgabadyň demirýol menzili hem ýolagçylaryň aşa kändigini bolsa-de, adamlaryň transport hyzmatyna bolan talabyny ödäp bilenok" diýip, demirýol transport işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

"Demirýol ulgamynda otlularyň ýetmezçilik etmegi, lokomotiwler döwük durmagy muňa sebäp bolýar" diýip, ol şeýle-de uçar gatnawyndaky bökdençlikler sebäpli ýolagçylaryň köpelmegi hem meseläni agyrlaşdyrýar diýip sözüne goşdy.

Transport bilermeni raýat awiasiýasy üçin satyn alynýan täze uçarlaryň "daşary ýurtlara gatnaýan ugurlarda" ulanylýandygyny, ýerli gatnawlar üçin "könelişen uçarlaryň ulanylýandygyny" belledi.

Türkmenistanyň milli howa kompaniýasynyň websaýtynda biletleri onlaýn satyn almak üçin hyzmaty göz öňünde tutulypdyr, emma bilet satyn almak funksiýasyndan peýdalanyp bolmady. Habarçylarymyzyň bilet gytçylygy barada beren soňky habarlary barada "Türkmenhowaýollarynyň" wekilleri bilen habarlaşmak üçin eden synanyşyklarymyz hem netije bermedi.

Ýurduň howa we demirýol gatnawynda bilet gytçylygy ýygy-ýygydan güýçlenýär, käte adamlar bilet satyn almak üçin birnäçe günläp kassalara gatnamaly bolýarlar. Munuň sebäbi transport resmileri tarapyndan resmi görnüşde düşündirilmeýärkä, bilet gytçylygy ýylyň dowamynda saklanýar, baýramçylyklaryň öňýany has-da güýçlenýär.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gepleşen transport wekili paýtagtdan Daşoguz we Lebap welaýatlary arasynda gatnaýan transport ulgamlaryna has-da uly talabyň bardygyny aýtdy: "Bu taraplara otly we uçar gatnawlaryny köpeltmeli, adamlar gaty kösenip, erbet garaýollardan awtoulagly gatnamaly bolýarlar we töwekgelçilige duçar bolýarlar".

Degişli maglumat

Türkmenbaşyda emeli döredilen bilet gytçylygy MHM gözegçisi bilen bagly - Çeşmeler

Lebap welaýaty we paýtagt aralygyndaky transport ulgamynda ýolagçylaryň aşa köpdügine we uçar, otly biletlerine uly islegiň saklanýandygyna habarçylarymyz öňden bäri ünsi çekip gelýärler.

Türkmenabat şäheriniň howa menzilinde bilet satyn almak isleýän adamlaryň uly nobatlarynyň emele gelýändigi, adamlaryň gije-gündiz nobata durýan halatlarynyň bolýandygy baradaky mundan öň birnäçe gezek habar berlipdi.

Geçen ýylyň tomsunda "Türkmenhowaýollary" içerki gatnaw tertibine üýtgetmeleri girizip, köp ugurlar boýunça gatnawlaryň sanyny köpeltdi. Emma habarçylarymyz munuň ýolagçylar üçin uly bir ýeňillik döretmändigini, biletleriň köplenç para bilen satylýandygyny habar beripdi. "Mesele para bilen çözülýär, käte üstüne goşup bermeli bolýan paranyň möçberi resmi bahadan esli köp bolýar" diýip, habarçy aýdypdy.

Degişli maglumat

Transport kynçylyklary: Ýolagçylar otlularyň hajathanalarynda sapar etmeli bolýar

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.