Azerbaýjan we Türkmenistan birnäçe ugurda, şol sanda energetika babatynda ylalaşyklara gol goýdy

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew. Baku, 2023-nji ýyl (Arhiw suraty)

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 22-nji iýunda Azerbaýjana eden döwlet saparynyň çäginde iki ýurduň döwlet baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Ýöne resmi habarlarda duşuşyklarda soňky döwrüde täzeden janlanan “Transhazar” gaz geçirijisi barada haýsydyr bir gürrüň gozgalandygy ýa-da gozgalmandygy aýdyňlaşdyrylmaýar. Şeýle-de, Azerbaýjan tarapyndan Türkmenistana “Dostluk” nebit tankeri sowgat berildi.

Resmi maglumata görä, Bakuwyň aeroportynda S.Berdimuhamedowy Azerbaýjanyň premýer-ministriniň birinji orunbasary Ýagub Eýubow, daşary işler ministriniň orunbasary Samir Şarifow we beýleki resmi adamlar garşyladylar.

“Bakuwdaky “Zagulba” köşgüniň “VIP” ýygnanyşyk otagynda resmi wekiliýetiň agzalarynyň gatnaşmagynda prezident Serdar Berdimuhamedow we Azerbaýjan Respublikasynyň prezidenti Ilham Aliýew Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler. Soňra iki tarapyň degişli düzümleriniň arasynda resminamalar alşyldy” diýip, hökümetçi “Turkmenportal” neşiri “Türkmenistan” gazetine salgylanyp, 22-nji iýunda habar berdi.

Degişli maglumat

Hazarüsti gaz geçirijisi arzuwy täzeden janlanyp bilermi?

Resminamalaryň çäginde Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň hökümetleriniň arasynda energetika babatynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyga gol goýlandygy mälim edilýär. Ýöne resmi habarlarda bu ylalaşygyň jikme-jiklikleri aýdyňlaşdyrylmaýar.

Şeýle-de, duşuşyklarda soňky döwürde täzeden janlanan “Transhazar” gaz geçirijisi barada haýsydyr bir gürrüň gozgalandygy ýa-da gozgalmandygy hem aýdyňlaşdyrylmaýar.

Saparyň öň ýanynda, ýagny 21-nji iýunda Azerbaýjanyň mediasy, şol sanda “The Caspian Post” neşiri gepleşikleriň dowamynda energetika pudagynda, ulag we logistika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy, şeýle hem Hazar deňziniň döwletlerini öz içine alýan üçtaraplaýyn hyzmatdaşlyk formatlaryny pugtalandyrmaga aýratyn üns berilmegiň meýilleşdirilýändigini habar berdi.

Duşuşyklaryň çäginde iki ýurduň arasyndaky özara söwda-da harytlaryň geçirilmegi babatda maglumat alyşmak, iki ýurduň gümrük gullugynyň arasynda özara söwdanyň gümrük statistikasy çygrynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda resminamalara hem gol goýuldy.

Mundan başga-da, iýmit howpsuzlygy, oba hojalyk, senagat we saglygy goraýyş ulgamlarynda, şeýle-de Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Azerbaýjanyň Merkezi bankynyň arasynda hyzmatdaşlyk babatda özara düşünişmek hakynda resminamalara gol çekildi.

Türkmen-azerbaýjan gepleşikleri tamamlanandan soňra iki ýurduň döwlet baştutanlarynyň we resmi wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda “Zagulba” köşgüniň ýörite otagynda Azerbaýjan tarapyndan Türkmenistana “Dostluk” nebit tankeri sowgat berildi.

Mundan başga-da, türkmen prezidenti saparyň çäklerinde Bakuwdakt “Ýeňiş” ýadygärlikler toplumyna we Azerbaýjanyň öňki prezidenti Geýdar Aliýewiň guburyna gül goýmak dabaralaryna hem gatnaşdy.

Resmi habarlarda Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjana saparynyň dowam edýändigi bellenýär, ýöne onuň haçan tamamlanjakdygy barada anyk bir zat aýdylmaýar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.