Türkmenistanyň käbir orta mekdeplerinde çagalaryň bilim alýan şertleri ýaramazlygyna galýar. Bu ýagdaý okuw ýyly başlanyp, çagalar mekdebe gatnap başlansoň belli bolup, ene-atalarda mekdep üçin diýlip, özlerinden yzly-yzyna ýygnanýan pul nämä sarp edilýär diýen soragy döredýär. Azatlygyň habarçysy Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda ýerleşýän şeýle mekdepleriň birindäki ýagdaý barada habar berýär.
"11-nji orta mekdebiň okuwçy çagalarynyň synp otaglaryndaky oturgyç, partalary gaty ýaramaz ýagdaýda" diýip, habarçymyz gören ýagdaýlary suratlandyrdy.
Ene atalar öz çagalarynyň şeýle şertlerde bilim almagyna gynanýarlar we döwük oturgyçlaryň hatda okuwçylaryň egin-eşiklerini zaýalaýandygyny aýdýarlar.
"Synp otaglaryndaky oturgyçlaryň döwük we gaty ýaramaz ýagdaýda bolmagy sebäpli oglumyň jalbary, gyzymyň ýaşyl okuw köýnegi tüýjerip birnäçe günde zaýalandy" diýip, babadaýhanly ene gürrüň berdi.
Ol döwük oturgyçlarda näçe seresaply oturyp-tursaňda egin-eşikleriň ilişýändigini belledi: "Çagalar her oturyp-turanynda geýimleri ol döwük oturgyja sürtülip, sapaklary çykýar".
Degişli maglumat
Mekdeplerde okuwçylardan pul toplanýar, çagalar hapa hajathanalardan peýdalanmaly bolýarÝene bir ene çagasynyň mekdepden ýyrtyk geýimli gelendigini gürüň berdi.
"Men ilki çagamyň gepine ynanman öz deň-duş synpdaşlary bilen ylgaşyp oýnanlarynda ýykylyp geýimini zaýalandyr öýtdüm, soň mekdebe baryp, hut öz gözüm bilen synp klasyň içindäki şertleri gördüm. Oturgyçlar, partalar, okuw tagtasy, hatda synpyň agaç pollary gaty ýaramaz ýagdaýda " diýip, aýtdy.
Howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde gepleşen ýerli ýaşaýjylar bir çagany orta mekdebe ugratmak üçin şu ýyl diňe geýime azyndan bir müň manat harçlamaly bolandygyny aýtdylar. Resmi kurs boýunça 285,7 amerikan dollaryna barabar bu çykdajynyň möçberi ortaça aýlygyň ýarysyna barabar. Maşgalalaryň köpüsinde azyndan 2-3 okuwçy bar.
Maddy ýagdaýy agyr bolan maşgalalar hem az däl. Olaryň köpüsi çagalaryny mekdebe taýýarlamak üçin öň ulanylan geýimleri we okuw esbaplaryny satyn alýarlar, käbirleri hatda puly bolman, dükanlardan karzyna almaga mejbur bolýarlar.
"Biziň çagalarymyzyň egin-eşikleriniň köp bölegini ýeterlik pulumyz bolmansoň dükanlardan karzyna aldyk" diýip, ýaşaýjy aýdýar.
Bu mesele ene-atalaryň aladasyny güýçlendirýär, geýimleriň zaýalanmagynyň üstüne tölenmedik karzlar hem goşulyp, maşgalalaryň maddy ýagdaýyny has hem agyrlaşdyrýar.
Olar täze geýim almaga mümkinçiliginiň düýpden ýokdugyny aýdyp, çagalary indi nädip geýindirjegini bilmeýärler.
"Mekdebiň ilkinji günleri eşikler beýle zaýalanyp dursa, biz indiki hepdeden çagamyza geýdirmäne mekdep eşigi bolman, mekdepden alyp galmaly bolaýmasa. Sebäbi täze satyn almaga pul ýagdaýymyz ýok, öňki bergini bermäni täze karz almaga ýerimiz ýok" diýip, babadaýhanly ýaşaýjy aýtdy.
Ene-atalar mekdebe baryp, şertlerde şikaýat edendigini, emma mekdep işgärleriniň olara öz çagalary üçin täze oturgyç satyn almakdan başga çykalga teklip etmändigini gürrüň berdiler.
Degişli maglumat
Mekdepler okuwçylardan pul ýygnap, ene-atalardan bu barada maglumat ýaýratmazlygy soraýarOlaryň sözlerine görä, geçen okuw ýylynyň aýagynda her ýyl bolşy ýaly bir okuwçydan kanikul döwründe mekdebi abatlamak üçin pul ýygnanypdyr. Şol puluň nämä sarp edilendigi barada olara hasabat berilmändir.
"Her ýyl her bir okuwçy çagadan remont üçin diýip, abatlaýyş işlerini geçirjek diýip pul ýygnalýar, emma kanikul gutaryp orta mekdebe baranyňda üýtgän zat görmeýäris. Indiden beýläk ýekeje-de teňňe bermerin diýip ata-eneleriň ençemesi aýdýar" diýip, mekdep okuwçynyň kakasy aýtdy.
Türkmenistanyň orta mekdeplerinde abatlaýyş işleri, binany bejermek, reňklemek, partalary we oturgyçlary satyn almak, şeýlede arassyçylygy saklamak ýaly maksatlar üçin okuwçylar yzly-yzyna pul tabşyrmaga mejbur edilýär. Şuňa meňzeş maksatlar üçin mugallymlaryň aýlyklaryndan hem pul tutulýar, şeýle-de olar dynç alyş günlerinde arassaçylyk işlerine çekilýär.
Döwletiň garamagyndaky okuw jaýlarynyň maliýe üpjünçiligine degişli satistiki magumatlar ýurtda köpçülige elýeterli edilmeýär, ýurt resmileriniň çykyşlarynda hem sanlar berilmeýär, problemalar hem gozgalmaýar.
Azatlyk Radiosy orta mekdeplerdäki ýaramaz şertler we ilatdan abatlaýyş üçin yzygiderli pul toplanmagy barada düşündiriş sorap, Türkmenistanyň bilim ministrligine we sebit bilim wekillerine eden ýüzlenmelerine jogap alyp bilmedi.
Degişli maglumat
Mekdepler nämede tapawutlanýar?Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.