Grafiki dizaýn hünäri boýunça okaýan birinji ýyl talyp köplenç sapakdan soň Tähranyň merkezi köçelerinde gezelenç edýär, käte bolsa dostlary bilen duşuşmak üçin döwrebap Iranşahr köçesindäki kafeleriň birinde saklanýar.
"Duşuşyklarymyzda biz esasan kynçylyklarymyz barada gürleşýäris" diýip, talyp Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Eýran gullugy bolan Farda radiosyna beren maglumatynda aýtdy. "Biz diňe bir maşyn satyn alyp bilmän galman, hatda sürüjilik şahadatnamasyny hem alyp bilmeýäris" diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.
Farda radiosy bilen gürleşenleriň köpüsi ýaly, häkimiýetleriň ar almagyndan gorkup, adynyň tutulmazlygyny haýyş eden talybyň aýtmagyna görä, sürüjilik şahadatnamasyny almak onuň aýlyk 95 dollarlyk zähmet hakynyň tas hemmesine barabar bolar.
Degişli maglumat
Eýranda protestçileriň 10-syna ölüm jezasy berlen kazyýet işi barada täze maglumatlar ýüze çykdyÝaşy 18 bilen 22 aralygyndaky ýedi dostuň ählisi maşyn sürmegi öwrenipdir, emma olaryň hiç biriniň şahadatnama almaga gurby ýetmeýär. Indi bolsa olaryň ýeke-täk hakyky güýmenjesi hem basyş astynda.
Kafe medeniýeti
Dynç almak üçin näme edýändikleri soralanda, bu topar diňe kafeleri agzady. Olar bu ýerlerde doglan günlerini belleýärler, naharlary paýlaşyp iýýärler, şeýle-de çaý we kofe içip gürrüň edýärler. Olaryň arasyndaky ýaş zenanlar kafelerde we köçelerde hökmany hasaplanýan hijaby dakynman gezýärler. Şol bir wagtda, uniwersitetde olar palto geýmäge we ýaglyk daňynmaga mejbur bolýarlar.
Soňky aýlarda polisiýa we kazyýet edaralary köp sanly kafesi bilen tanalýan Sanaýi we Iranşahr köçelerine aýratyn üns berip başladylar. Iýul aýynda häkimiýetler şäheriň merkezindäki bu iki etrapda ýedi kafeni möhürläp ýapdylar. Olar beýlekiler bilen bir hatarda, munuň sebäpleri hökmünde müşderileriň pyýada ýollarynda we köçelerde ýygnanyşyp durmagyny görkezdiler. Oktýabr aýynda bolsa, Tähranyň jemgyýetçilik ýerlerine gözegçilik edýän polisiýa bölüminiň ýolbaşçysy, ýaşlaryň bu ýerlerde bolmagyny "maksatsyz aýlanyp ýörmek" diýip häsiýetlendirdi.
30-njy oktýabr agşamynda ýaşlar "Halloween" baýramy mynasybetli Iransahr köçesine ýygnananlarynda, "Basij" milisiýasynyň agzalary we raýat eşigindäki agentler olar bilen çaknyşdylar we netijede, kafeler öz gapylaryny ýapmaga mejbur edildiler.
10-njy noýabrda Eýranyň kazyýet ulgamyna degişli "Mizan" habar agentligi Iranşahr köçesinde tussag etmeleriň bolandygyny habar berdi, emma näçe adamyň tussag edilendigini aýtmady. Agentlik tussag edilenleri "hijapsyzlygy we ahlaksyzlygy aç-açan wagyz etmekde" aýyplady. Tähran prokuraturasy bolsa, özleriniň "ýalaňaçlygy we ahlaksyzlygy wagyz etmek" diýip atlandyrýan hereketlerine garşy göreşiň dowam etdiriljekdigini mälim etdi.
Agyr ýagdaýdaky şäher
Bu repressiýalar, ýylyň köp böleginde howasyndan kynlyk bilen dem alyp bolýan, ýaşyl meýdanlary barha azalýan şäherde bolup geçýär. Şäheriň ýaşaýjylary bolsa, 2025-nji we 2026-njy ýyllarda Amerikanyň Birleşen Ştatlary hem-de Ysraýyl bilen iki gezek bolan uruşdan soň, söweşleriň täzeden başlamagyndan gorkýarlar.
Tähran "Economist Intelligence Unit" guramasynyň 2026-njy ýyl boýunça ýaşaýyş üçin amatlylyk indeksinde 173 şäheriň arasynda 164-nji orny eýeläp, geçen ýyldakydan iki basgançak aşak düşdi. Şäher jemgyýetçilik we dini çäklendirmeleri, senzurany hem-de dynç alyş mümkinçiliklerine elýeterlilik ýaly faktorlary öz içine alýan "medeniýet we daşky gurşaw" kategoriýasynda 100 baldan bary-ýogy 37 bal aldy.
Tähranyň Howanyň hiline gözegçilik kompaniýasynyň maglumatyna görä, mart aýynda tamamlanan Eýran ýylynda paýtagtda bary-ýogy alty gün howa arassa bolupdyr, 178 gün bolsa howa saglyk üçin zyýanly bolupdyr. Bu güýz has gowy geçdi: möwsümiň ilkinji 45 gününde howa bäş gün zyýanly bolupdyr, geçen ýylyň şol döwründe bolsa bu görkeziji 28 gün bolupdy.
Ýakynda geçirilen bir barlag 2006-njy we 2016-njy ýyllar aralygynda Tähranda gurluşyk işleri we baglaryň ýerine jaýlaryň gurulmagy netijesinde gözden geçirilen ösümlik örtüginiň takmynan 27 göteriminiň ýok bolandygyny ýüze çykardy.
Şäheriň günorta-gündogarynda ýaşaýan we demirgazygynda işleýän, dyrnak bezegi boýunça hünärmen, 36 ýaşly zenan öz ýaşaýan ýeriniň golaýynda asuda gezelenç etmäge ýer ýokdugy sebäpli, iki günden bir gezek şäheriň demirgazyk-günbataryndaky Pardisan seýilgähine gezelenç etmäge gidýändigini aýdýar.
Ol özüniň "soňy görünmeýän" diýip atlandyrýan ulag dyknyşyklarynda her gün 3,5 sagada çenli wagtynyň geçýändigini gürrüň berýär. Şeýle-de, ol işden soň, öýüne gitmezden öň, ýollardaky ulag dyknyşyklary açylýança, bir-iki sagatlap pyýada gezelenç edýändigini aýdýar.
Güýmenjäniň bahasy
Işden soň — köplenç bolsa uzak ýol ýöräp gelenden soň — dynç almagyň hem öz bahasy bar.
Köp ýyllap dowam eden halkara sanksiýalar, yzygiderli inflýasiýa we rialyň barha gowşamagy Eýranyň ykdysadyýetine agyr zarba urdy. Ykdysady kynçylyklar ýanwar aýyndaky protestleriň esasy sebäpleriniň biri boldy, häkimiýetler ol protestleri gan döküşikli repressiýa bilen basyp ýatyrdylar. Ykdysady basyş, ABŞ bilen Ysraýyl 28-nji fewralda Eýrana garşy urşa başlany bäri has-da artdy.
Zähmet ministrliginiň kesgitlän ýörite hünäri bolmadyk işçiler üçin iň pes aýlyk zähmet haky, goşmaça tölegler bilen bilelikde, 82 amerikan dollaryna barabardyr, döwlet işgärleri bolsa ortaça 86 dollardan 90 dollara çenli aýlyk alýarlar.
Şu ýyl güýz paslynda azerbaýjanly saz topary Tähranyň günorta böleginde ýerleşýän medeniýet merkezleriniň birinde konsert berdi, petekleriň bahasy 75 sentden 3,75 dollara çenli boldy. Şäheriň demirgazyk-günbatarynda ýaşaýan we konserte maşgalasy bilen gelen bir döwlet işgäri her bir oturgyçlyk ýer üçin 3 dollar töläpdir.
Degişli maglumat
Birleşen Ştatlaryň Merkezi serkerdeligi Eýranyň ABŞ-nyň Bahreýndäki radar desgasyna zarba urandygy baradaky beýanatyny ret etdiOl konserte hökmany hijapsyz barypdyr we märekäniň arasynda başy açyk aýallaryň ýaglykly aýallardan has köpdügini aýtdy. Onuň sözlerine görä, ol işde başyny örtýär, emma beýleki jemgyýetçilik ýerlerinde adatça örtmeýär.
Ýurduň demirgazygyndaky daglarda ýerleşýän "Toçal" dag lyža dynç alyş merkezi tüsse-dumandan gaçmaga mümkinçilik hödürleýär.
Şu ýyl dag lyžasyna başlan 26 ýaşly ýigit snoubord, ädik, eşik, äýnek we ellik satyn almak üçin takmynan 300 dollar sarp edipdir. Her sapar, iýmit we içgiden daşgary, diňe merkeze girmek 6,75 dollara düşýär we "Toçal" iň arzan lyža merkezidir. Beýlekilerde baha 11 dollara çenli ýetýär.
"Göwün açmak, güýmenmek gymmat" diýip, ol aýtdy.
"Dem almaga wagt ýok"
Tehranyň günortasyndaky Hawaran ýolunda agyr ýük ulaglary howany has-da hapalaýarlar. 38 ýaşly bir ussa ol ýerdäki kärendesine alnan ussahanada 10 ýyllap işledi, emma 2025-nji ýylyň iýun aýyndaky 12 günlük uruşdan soň işleri tutuşlygyna togtady. Ol ilki şägirtlerini goýberdi, birnäçe aýdan soň bolsa, kärende tölegini töläp bilmänsoň, ussahanany boşadyp, kärende şertnamasyny bes etmeli boldy.
Ol häzirki wagtda özüniň satyn alan, ölçegi 3x3 metr bolan taýýar gurluşly kiçijik jaýda işleýär we onuň ýerleşýän ýeri üçin aýda 131 amerikan dollary möçberinde kärende tölegini töleýär.
"Hawaarana edil öli toprak sepilen ýaly. Müşderi hem ýok, pul hem ýok" diýip, ol aýtdy. "Gözüňi açyp-ýumýançaň, ýene kärende töleginiň wagty gelýär. Dem almaga-da wagt ýok" diýip, ol sözüni üstüne goşdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.