Balkan-Aşgabat ýolunda bolan ulag hadysasynda bäş adam heläk boldy

2023-nji ýylyň maýynda Aşgabadyň eteginde bolan ulag heläkçiligi. (Illýustrasiýa suraty)

Balkan-Aşgabat gara ýolunda 15-nji aprelde bolan ýol hadysasynda bäş adam heläk boldy. Balkan welaýatynyň Gyzylarbat we Bereket etraplarynyň arasynda bolan ýol heläkçiligi barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 16-njy aprelde sebitden maglumat berdi.

“Heläkçilige uçran ‘Toyota Avalon’ kysymly ulag ýolda ençeme gezek togalanandygy sebäpli pres enjamdan çykan ýaly bolupdyr. Munuň netijesinde ulagyň içindäki bäş adam, şol sanda sürüji we ýolagçylaryň hemmesi heläk boldy” diýip, ýagdaýlardan habarly ýol polisiýasy anonimlik şertinde aýtdy.

Ol wakanyň giçlik sagat 6 töwereginde bolandygyny we ýokary tizlikde barýan ulagyň sebitde iki günläp ýagan ýagyşdan soňra emele gelen ýagynly, sürçek ýolda typyp, hereketini ýitirene meňzeýändigini hem belledi.

Degişli maglumat

Lebapda, Daşoguzda bolan ýol hadysalarynda 10 adam, şol sanda bir maşgala heläk boldy

“Beýikli, pesli ýolda tizligini peseltmek üçin tormuza basanda, ulag typyp, hereketini ýitirip agdarylypdyr we gapdallykdan togalanypdyr” diýip, hadysanyň yz ýanynda wakanyň bolan ýerine baran şaýatlaryň biri anonimlik şertinde aýtdy.

Azatlygyň ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada sebitiň Polisiýa müdirligine, şol sanda ýol polisiýasyna jaň edip, resmi teswir almak boýunça eden synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Bellesek, 14-nji aprelde ýurduň Ahal, Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň köp böleginde güýçli ýel turup, ýagyş ýagdy. Tebigy hadysanyň netijesinde, elektrik geçiriji simleriň onlarçasy üzülip, ilat toksuz galdy. Şeýle-de, ýaşaýyş jaýlarynyň üçeklerindäki demir şiferler uçup, ýere gaçdy. Bag-bakjaly daýhanlaryň baglarynyň şahalary döwüldi.

Türkmenistanda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy ýurtda bolýan ýol-ulag hadysalary barada aç-açan hasabat bermeýär. Içeri işler ministrligi hem, ýol heläkçilikleri we adam pidalary baradaky statistikany çap etmeýär. Döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri hem ýol hadysalaryny agzamaýar.

Ýöne Azatlygyň habarçylary adam pidalaryna getirýän köçe-ýol, şeýle-de otly hadysalary barada yzygiderli habar berýärler.

Geçen aýyň başynda Lebap we Daşoguz welaýatlarynda bolan aýrybaşga iki ýol hadysasynda 10 adam, şol sanda bäş adaman ybarat bir maşgala heläk boldy.

Türkmenistanda ýol-ulag hadysalaryna, ýol polisiýasyndaky çeşmelerimiziň we türkmenistanlylaryň ençemesiniň tassyklamagyna görä, köplenç çukanakly ýollar, awtoulagyň ýokary tizlikde ýa-da içgili dolandyrylmagy ýaly ýagdaýlar sebäp bolýar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.