Balkanyň merkezinde we etraplarynda tiz kömek ulaglary sandan çykyp, hassalar kömeksiz galýar

Tiz kömek ulagy. Turkmenistan. (arhiw suraty)

Balkanabat şäherinde we golaýdaky etraplarda tiz lukmançylyk kömegi ýerli ilat köpçüligine tasdan elýeterli däl. Azatlygyň ýerli çeşmeleri tiz kömege mätäç adamlaryň garaşyp, howply ýagdaýlary başdan geçirýändigini habar berýärler, sürüjiler bolsa awtoulaglarynyň döwlüp, ýola çykyp bilmeýändigini gürrüň berdiler.

Gyssagly medisina kömegine zerurlyk ýüze çykan halatynda "03" telefon belgisine jaň etmek bilen problema çözülmeýär.

Balkanly ýaşaýjylaryň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, näsaglar, şol sanda çagalar we örän agyr haldaky hassalar gyssagly medisina kömegini wagtynda alyp bilmän, olaryň jany howp astynda bolýar.

"Geçen bazar güni Balkanabadyň 225-nji kwartalynda çagyrylan tiz kömek bir ýarym sagat gijä galyp bardy. Emma şol tiz kömek ulagy ýagdaýy agyrlaşan 60 ýaşly zenany ulagyna mündürip alyp gitdi, emma heniz hassahana ýetmänkä ulag hereketlendirijisi öçüp galdy" diýip, bu ýagdaýa şaýat bolan ýerli çeşme gürrüň berdi.

Ol ýolda durup galan ulagy bejermeli bolandygyny gürrüň berdi. Şol wagt agyr hassa ulagyň içinde ýatyp, başga bir tiz kömek ulagynyň gelmegine garaşmaly boldy. Ikinji ulag hem ýarym sagat eglenip barypdyr.

Degişli maglumat

Tiz kömek sürüjileri ýaramaz ýollardan şikaýat edýär

"Beýleki ulagyň hem 30 minut gijä galyp barmagy zerarly zenan ulagda jan berdi" diýip, çeşme aýdýar.

Bu zenanyň ölüminiň soňky aýda bolan pajygaly ýagdaýlaryň diňe biridigini aýtmak bilen çeşmeler, saglygy saklaýyş pudagynyň zerurlyklaryna we medisina kömeginiň hiline ýeterlik üns bermeýän hökümetiň ägirt uly metjitler, boş duran sport desgalary, at ýataklary ýaly kaşaň gurluşyklara millionlarça dollarlyk çykdajy etmegine nägile bolýarlar.

"Adamlar wagtynda medisina kömegi berilmän ýogalýan adamlaryň ölüminde döwleti günäkärleýärler. Arkadag şäherindäki at ýatak, futbol stadion, ýa-da kaşaň metjit ýaly zatlara we bir adamyň ham hyýallaryna sowulýan pullar ilatyň zerurlyklaryna sowulanda pajygaly ýagdaýlar bolmaly däl" diýip, balkanly ýaşaýjy aýtdy.

Ulaglaryň sany az, olar döwülýär

Sebitiň saglyk ýolbaşçylaryndan resmi görnüşde teswir alyp bilmedi. Emma ýerli saglyk işgärleriniň Azatlyga anonimlik şertinde aýtmagyna görä, tiz kömek ulaglarynyň sany örän az, sandan çykanda olary wagtynda bejerip bolmaýar.

"Welaýatyň merkezi şäherinde jemi 5 sany tiz kömek ulagy hereket edip, olaryň hem kadaly işlän güni tas ýok" diýip, sebit saglyk edaralarynyň birinde işleýän çeşme aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Balkanabadyň tiz kömek awtoparkyna degişli ulaglaryň ýene 35 sanysy garažda döwük dur. Bu "Mercedes" awtoulaglary bolup, olaryň işlemän durmagyna ätiýaçlyk şaýlarynyň ýetmezçiligi sebäp bolýar.

"Ätiýaç şaýlary aşa gymmat bolany üçin bu ulaglary ýöretmäge welaýat býujetiniň güýji ýetmeýär" diýip, çeşme belledi.

Azatlyk Radiosy balkanabatly ulag hünärmeni bilen söhbetdeş boldy, onuň aýtmagyna görä, tiz kömek gullugynyň balansyndaky awtoulaglar könelişip, olary bejermek üçin döwlet tarapyndan ýeterlik pul goýberilmeýär: "25 ýyl mundan ozal öndürilen "Mercedes-Benz" ulaglarynyň indi her biriniň şaýlaryna we olary doly düzetmek ücin azyndan 200 müň manatdan çykdajy etmeli. Welaýat sangaražyndaky bu tiz kömek ulaglaryny bejermäge ne pudak, ne-de döwlet pul çykarýar".

Ýeterlik ýangyç berilmeýär

Sürüjiler işleýän ulaglaryň hem çagyrylýan ýerlere baryp bilmeýän halatlarynyň bolýandygyny, ýangyç ýetmezçiliginiň muňa sebäp bolýandygyny gürrüň berdiler.

"Nebit welaýatymyzdan çyksa-da dört-bäş sany tiz kömek ulagyna dizel ýangyjy ýetmezçilik edýär. Sürüji öz hasabyna dizel satyn alyp döwletiň tiz kömek ulagyny ýöredýär.

Hazar ýakasyndaky Balkan welaýatynda nebit ýataklarynyň ençemesi ýerleşýär we nebiti gaýtadan işleýän iri kärhana ýerleşýär.

"Günüň dowamynda 20 litr dizel berilýär, tiz kömek köp çagyrylýar, 20 litr dizel günortana ýetmän gutarýar" diýip, balkanly sürüji her gün öz jübüsinden ýene-de azyndan 30 litr ýangyç satyn almaly bolýandygyny gürrüň berdi.

"Her 8 sagatdan çalyşýan sürüjiler öz smenasynda ulag sürmek üçin ýangyç satyn alýar. Bu "Mercedes" ulagynyň hereketlendirijisiniň göwrümi 5.5 litr bolany üçin ol bir gije-gündizde 150 litrden hem kän dizel ýakýar".

Sebitde ýangyç gytçylygynyň ýüze çykmagy hem seýrek däl.

Degişli maglumat

Paýtagtyň ýaşaýjylary gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömeginiň öz wagtynda berilmeýändigini aýdýarlar

Bu şäheriň, ýagny welaýat paýtagtynyň problemasy diýip, balkanly çeşmeler Balkanabat şäheriniň ýagdaýyny gürrüň berýärler. Olaryň sözlerine görä, Bereket, Gyzylarbat, Esenguly we Türkmenbaşy ýaly etraplaryň obalaryna tiz kömek hyzmatynyň tasdan ýokdugyny aýdýarlar.

"Doly togtanyna 4 ýyla golaý wagt bolup gelýär. Näsagyň MHM ýa-da häkimlik emeldarlarynda ýakyny bolmasa obalara tiz kömek barmaýar" diýip, agzalan etraplaryň birinde ýaşaýan çeşme gürrüň berdi,

Başga bir etrabyň ýaşaýjysy etrap merkezinden uzakdaky obalarda ýagdaýyň has-da agyrdygyny aýdýar: "Merkezden uzakda ýaşaýanlar öläýmeli, başga alajyň ýok. Hyzmat togtadyldy".

Türkmenistanyň saglyk resmileri pudakdaky kemçilikler resmi görnüşde agzamaýar. Döwlet habar serişdelerinde hem problemalar gozgalmaýar.

"Ýurtda ýaşamagyň özi howply ne lukman bar, ne tiz kömek ulagy" diýip, balkanabatly ýaşaýjy aýdýar.

Soňky ýyllarda saglygy saklaýyş edaralarynda işgärleriň arasynda öz islegi boýunça işden çykýan köpeldi. Daşary ýurtlara gazanç üçin gidýän lukmanlaryň we şepagat uýalarynyň sany köpelýärkä, keselhanalarda işgär ýetmezçiligi güýçlenýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.