Balkanda aýrybaşga üç ýol hadysasynda azyndan bäş adam öldi

Balkan welaýatyndaky ýollaryň biri (Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)

Balkan welaýatynyň çäklerinde bir hepdäniň dowamynda üç sany ýol-ulag hadysasy boldy. Aýrybaşga ýerlerde bolan bu ýol hadysalarynda azyndan bäş adam heläk boldy. Yzly-yzyna bolan ýol hadysalaryndan soň, häkimiýetler sebitiň ýollaryna we köçelerine gözegçiligi güýçlendirip, ýol polisiýasynyň sanyny göz-görtele artdyrdylar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 19-njy maýda sebitden maglumat berdi.

“Bu ýol hadysalary maý aýynyň 11-den 17-ne çenli aralykda boldy. Olaryň birinjisi 11-nji maýda Magtymguly etrabynda bolup, bu ýol hadysasynda ýeňil awtoulagdaky üç adam heläk boldy. Betbagtçylygyň bolan wagty, sürüji dag ýolunda ulagyň dolandyryşyny ýitirip, ulag dagdan aşak gaçdy” diýip, ýagdaýlardan habarly polisiýadaky çeşmämiz aýtdy.

Degişli maglumat

Balkan-Aşgabat ýolunda bolan ulag hadysasynda bäş adam heläk boldy

13-nji maýda Türkmenbaşy şäheriniň etegindäki Gyýanly ýaşaýyş toplumynyň golaýynda bolan ýol hadysasynda hem, ýeňil ulagdaky bir adam heläk boldy we başga-da bir adam şäher hassahanasynda bejergi alýar.

“19-njy maýda irdenki maglumatlara görä, ol henizem huşsuz ýatyr we onuň saglyk ýagdaýynyň agyrdygy aýdylýar” diýip, polisiýadaky çeşmämiz aýtdy.

Ýol hadysalarynyň ýene biri 17-nji maýda Aşgabat-Türkmenbaşy ýolunyň Türkmenbaşy şäherinden takmynan 35 kilometr uzaklykdaky böleginde boldy.

“Ýol hadysasynda bir sany ‘Toyota Camry’ kysymly ýeňil ulag ýol gyrasyndaky bordýura baryp urýar we ulag azyndan üç sapar togalanýar. Ulagyň sürüjisi wakanyň bolan ýerinde jan berýär. Betbagtçylyga sürüjiniň uklap galmagynyň sebäp bolandygy aýdylýar” diýip, sebitiň polisiýa bölümindäki ýene bir çeşmämiz aýtdy.

Yzly-yzyna bolan bu ýol hadysalaryndan soň, häkimiýetler sebitiň ýollaryna we köçelerine gözegçiligi güýçlendirip, ýol polisiýasynyň sanyny göz-görtele artdyrdylar.

"Gije-gündiz berk režimde işleýärler"

“Ýol polisiýasynyň inspektorlary gije-gündiz berk režimde işleýärler. Uly ýollaryň her 10 kilometrinde eli radarlary polisiýa işgärleri ýerleşdirildi. Indi hökümete degişli awtobus sürüjilerine çenli radara düşmezlik üçin haýal hereket edip başladylar” diýip, ýagdaýlara şaýat bolan balkanly ulag eýesi anonimlik şertinde aýtdy.

Polisiýadaky çeşmelerimiz hem, 18-nji maýdan başlap ýol polisiýasynyň has berk iş tertibine geçendigini tassyklap, hatda etrap we şäher häkimleriniň ulag sürüjilerine tizlige üns bermek barada duýduryş berlendigini aýtdylar.

Degişli maglumat

Lebapda, Daşoguzda bolan ýol hadysalarynda 10 adam, şol sanda bir maşgala heläk boldy

Azatlyk bu ýagdaýlar barada sebitiň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda Polisiýa müdirliginden resmi teswir almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 19-njy maýda ýurduň Içeri işler ministrliginiň resmi web sahypasynda görkezilen telefon belgilerine eden jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi ýol-ulag hadysalary, adam pidalary boýunça statistikalary çap etmeýär. Ýurtda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy ýurtda bolýan ýol-ulag hadysalary barada aç-açan hasabat bermeýär. Döwlet media serişdeleri ýurtda bolup geçýän ulag heläkçilikleri barada habar bermeýär.

Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçylary we garaşsyz neşirler ýurduň dürli sebitlerinde bolýan we adam pidalaryna getirýän ýol hadysalary barada ýylyň dowamynda ençeme gezek maglumat berýärler.

Ýurduň ýol polisiýasyndaky çeşmelerimiziň we türkmenistanlylaryň ençemesi Türkmenistanda ýol-ulag hadysalaryna köplenç ýollaryň ýaramaz bolmagy, awtoulagyň ýokary tizlikde ýa-da içgili dolandyrylmagy ýaly ýagdaýlar sebäp bolýar.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň ýol infrastrukturasy bilen bagly meseleleriň diňe ýerli ilatyň arasynda däl, eýsem daşary ýurtly ýük ulag sürüjileriniň arasynda hem nägilelik döretmegi bilen bagly ýagdaýlara köp duş gelse bolýar. Sosial ulgamlarda paýlaşylýan wideolarda ýurduň käbir sebitlerindäki ýollaryň ýagdaýynyň aşa ýaramazdygy, olarda uly çukurlaryň bardygy aýdylýar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.