Balkanda häkimiýetler çanak antennalary aýyrýarlar, ‘Starlink’ ulanýanlary gözleýärler

Türkmenistanda köpgatly jaýlaryň üçeklerindäki çanak antennalar (Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde häkimiýetler hemra arkaly hödürlenýän Internet we teleýaýlymlar üçin niýetlenen çanak antennalary söküp aýyrmak çärelerine nobatdaky gezek täzeden başladylar. Bu çäreler, Internet üpjünçiligi gowşak bolan Türkmenistanda “Starlink” aragatnaşyk ulgamyny ulanýanlary anyklamak boýunça nobatdaky kampaniýanyň bir bölegidir diýip, ýerli ýaşaýjylar we polisiýadaky çeşmelerimiz aýdýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 26-njy oktýabrda sebitden maglumat berdiler.

“Häzirki wagtda esasanam Internetden awtanom peýdalanýan, ýagny gurply ýa-da daşary ýurtlarda garyndaşlary bolan we ylaýta-da milleti gazak bolan we ýygy-ýygydan Gazagystana sapar edýän balkanly raýatlar polisiýanyň kiber howpsuzlyk bölümleri tarapyndan nyşana alynýar. Olaryň jaýlary we üçekleri barlanýar” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Şäheriň polisiýa bölümindäki çeşmämiziň aýtmagyna görä, goňşy Gazagystandan “Starlink” enjamyny getirmek aňsat. Gazak milletli türkmenistanlylar bu enjamyň hödürleýän hemra Interneti üçin tölegler meselesini hem çözüp berip, tölegleri daşary ýurtlardaky tanyşlarynyň bank hasaplary arkaly geçiriň berýärler.

Degişli maglumat

Eýran bilen serhediň golaýyndaky türkmen obalarynda 'Starlink' ulanyjylar gözlenýär

“Bu hakda polisiýanyň ýerlerdäki şugullary maglumat berip, şolaryň üsti bilen anyklandy we şol sebäpli olar nyşana alynýarlar. Sebäbi olar goňşy ýurtdan ‘Starlink’ getirip, olara türkmenistanlylara hödürleýärler” diýip, çeşmämiz aýtdy.

Internet üpjünçiligi gowşak bolan, öz ilatyna iň pes tizlikli we gymmat Internet üpjünçiligini hödürlemekde tanalýan, şeýle-de raýatlaryň Internet elýeterliligini onýyllyklaryň dowamynda berk gözegçilikde saklaýan Türkmenistanda “Starlink” ulanýanlaryň peýda bolandygyny habarçylarymyz geçen ýylyň güýz aýlarynda habar beripdiler.

“Şäheriň görküne zyýan ýetirýär”

Şondan bäri habarçylarymyz bu enjamdan peýdalanýanlaryň göz-görtele köpelýändigini, olaryň daşary ýurtlardaky bank hasaplaryna abonent tölegini geçirip, ýokary tizlikli Internetden peýdalanýandygyny we ýurtda petiklenen Netflix, YouTube ýaly saýtlara, şeýle-de Azatlyk Radiosynyň web saýtyna bökdençsiz girip bilýändigini aýdyp gelýärler.

Şol bir wagtda, şu ýylyň başyndan bäri häkimiýetler bu enjamdan peýdalanýan raýatlara gözegçiligini güýçlendirip, olary anyklamak we bu aragatnaşyk ulgamyndan peýdalanmagynyň öňüni almak boýunça öýlere reýdleri geçirip, çäre görýändigi barada habarçylarymyz ençeme gezek habar berdiler.

Häzirki wagtda Balkanyň häkimiýetleri diňe “Starlink” enjamynyň gurallaryny we antennalaryny däl, eýsem Balkanabadyň tas ähli kwartalynda galan-gaçan satellit antennalaryny hem söküp aýyrýarlar.

Olar hemra arkaly daşary ýurt teleýaýlymlaryna tomaşa etmäge niýetlenen bu çanak antennalary söküp aýyrmak çäresini “olaryň şäheriň görküne zyýan ýetirýändigi” bilen düşündirýärler.

“208-nji, 209-njy, 225-nji, 211-nji we 189-njy kwartallarda we şäheriň käbir beýleki etrapçalarynda ilat sebitde hökümet tarapyndan hödürlenýän kabel TW we IP TW-leriň işlemeýändigini aýdyp, köp ýyl bäri satellit antennalaryny saklap gelýärdiler. Indi olary doly söküp başladylar. Häzir agzalan kwartallarda daşary ýurt telekanallaryna tomaşa etmek mümkinçiligi hiç hili galmady” diýip, ýagdaýlardan habarly ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Şol bir wagtda, polisiýadaky çeşmämiz bu çäreleriň hem “Starlink” bilen baglanyşyklydygyny aýdyp, soňky döwürde “çanak antennalary arkaly ‘Starlink’ enjamynyň Internet signalyndan peýdalanýan ussalaryň bardygynyň anyklanmagy” bilen baglanyşyklydygyny aýtdy.

“Bu ussalaryň kömegi bilen, köp adamyň erkin Internetden, ýagny “Starlinkden” peýdalanýandygy anyklandy” diýip, çeşmämiz belledi.

Degişli maglumat

Awazada tiz internet hödürlenýärkä, Türkmenbaşyda aragatnaşyk örän haýallygyna galýar

Gysga tolkunly radio ýaýlymlaryny kesýän enjamlar...

Şol bir wagtda, çeşmämiz şäheriň aglaba ýaşaýjysynyň kabel TW we IP TW ulgamlarynyň işlemeýändigini hem aýdýar. Şeýle-de, ol bu barada ýurtda ilaty kabel TW we IP TW ulgamlary bilen üpjün edýän “Türkmentelekom” ýa-da “Balkantelekom” tarapyndan anyk düşündiriş berilmeýändigini hem belleýär.

“Beýleki uly şäherlerde Änew, Mary we Türkmenabatda kabel TW we IP TW ulgamlary şäheriň tas ähli ýerinde çekilen. Balkanabatda, gynansak-da, diňe welaýat häkimlik köçesinde bar. Galan 98 göterim ilatda ne kabel TWbar, ne-de kadaly WiFi Internet bar” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanabatly ýaşaýjy belledi.

Ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi geçen ýyl agzalýan kwartallardaky 4-5 gatly jaýlaryň her biriniň depesine gysga tolkunly radio ýaýlymlaryny kesýän enjamlaryň hem ýerleşdirilendigini aýdýar.

“Şondan bäri radio diňlemek üçin şäherden 15 kilometr uzakdaky daga çykmaly bolýarys” diýip, balkanabatly ýaşaýjy belledi.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada sebitiň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda Balkanabat şäher häkimliginden we Polisiýa müdirliginden teswir alyp alyp bilmedi. Redaksiýamyzyň 26-njy oktýabrda agzalýan edaralara eden jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.

Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanýan Türkmenistanda häkimiýetler ilatyň Internet elýeterliligini onýyllyklaryň dowamynda berk gözegçilikde saklaýar. Ýurtda garaşsyz habar web sahypalary, şeýle-de Instagram, YouTube ýaly saýtlar petikli bolmagynda galýar.

Ýurtda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylýandygyny ýygy-ýygydan tekrarlaýan türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ilatyň Internet üpjünçiligindäki we elýeterliligindäki meseleler, çäklendirmeler barada hiç hili gürrüň gozgamaýarlar.

Degişli maglumat

“MHM gadagan etdi”: Çaphanalar ilatyň häkimiýetleriň adyna ýazýan arza-şikaýatlaryny çap edip bermegi bes etdi

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.