Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awazada tiz internet hödürlenýärkä, Türkmenbaşyda aragatnaşyk örän haýallygyna galýar

Türkmenbaşydan Awaza barýan ýoldaky monitor (arhiw suraty).
Türkmenbaşydan Awaza barýan ýoldaky monitor (arhiw suraty).

Awazada ýokary tizlikdäki täze internet hyzmatlary hödürlenýär, emma kadaly internetiň diňe syýahatçylyk zolagy bilen çäklenip, onuň çäginden daşary dessine kesilýändigini sebitdäki habarçymyz aýdýar.

"Täze işläp başlan '5G' internet diňe myhmanlar üçin niýetlenip, hatda iki kilometr golaýda ýerleşýän mikroraýon ilatyna ulanmaga-da rugsat berilmeýär" diýip, ýerli çeşmeleriň biri 16-njy oktýabrda gürrüň berdi.

Milli syýahat zolagy Awaza Türkmenbaşy şäheriniň çetinde ýerleşýär. Bu ýerde resmi çäreler, uly dabaralar we dürli duşuşyklar geçirilýär, şol sanda daşary ýurtlularyň gatnaşmagyndaky halkara ýygnaklary. Adaty raýatlar hem, bu ýerdäki kaşaň myhmanhanalarda ýerleşip, dynç alyp bilýär.

"1-nji oktýabrdan işe başlan "5G" TMcell öýjükli aragatnaşyk hyzmatyny birikdirmek üçin Awazadaky aragatnaşyk TMcell merkezine ýüz tutmaly. Hyzmata birikdirilmek üçin 20 manat tölemeli, ýene-de 200 manada 20GB bukja satyn almaly bolýar. Emma bu hyzmatdan diňe Awazada bolýan günleriňde peýdalanyp bolýar" diýip, türkmenbaşyly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, gysga wagtlyk ulanmak üçin resmi kursdan jemi 62,8 amerikan dollaryna barabar bu bukjany satyn almak üçin kepilnama hem görkezmeli bolýar: "Gelen myhmanlar üçin myhmanhanalardan kepilnama soralýar we şonuň esasynda '5G' interneti Awazada bolýan güniňe görä hasaplap, birikdirip berilýär".

Türkmenbaşyly ýaşaýjylar öňden bäri sebitde ganymat mobil aragatnaşygynyň diňe Awazada bolup, ondan başga ýerlerde hyzmatlaryň hiliniň örän gowşaklygyna galýandygyny aýdyp gelýärler.

"Awazada soňky bir ýylda VPN ulanman internete doly girip bolýar. Ähli YouTutbe, Instagram, TikTok, Telegram ýaly platformalara bökdençsiz girýärler. Ýöne bu diňe myhmanlar üçin" diýip, Awazanyň golaýyndaky etrapçanyň ýaşaýjysy aýtdy.

Ýaşaýjylaryň tamasy çykmady

Awazada öýjükli aragatnaşyk hyzmatlaryny has-da ösdürmek üçin "5G" hyzmaty oktýabryň başyndan bäri ýola goýlup başlapdyr, bu ýagdaý ýerli ýaşaýjylarda ýokary hilli internetden peýdalanmak mümkinçiligine tama döredipdir, emma olaryň tamasy çykmandyr.

"Mikroraýonda we Türkmenbaşyda propiskadaky adamlara birikdirip bermeýärler. Bu ýerli ýaşaýjylarda dürli soraglary we nägilelikleri döredýär" diýip, türkmenbaşyly ýene bir ýaşaýjy Azatlyga gürrüň berdi. Ol ýurtda "ähli zat göz üçin edilýär" diýýär: "Dürli sammitler geçýän Awazada dürli ýurtlardan habarçylar, delegasiýa wekilleri barýar. Şolar üçin, görsün diýlip, edilýän oýunlardan ilata bir gram peýda ýok".

Azatlyk Radiosy ýurduň ýeke-täk mobil operatory TMCELL - "Altyn Asyr" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde teswir alyp bilmedi.

Bu aralykda syýahat zolagynyň golaýynda ýaşaýan ýaşaýjylar öýerine çekilen internetiň örän haýal bolup, hatda kadaly gepleşip hem bolmaýandygyny gürrüň berýärler.

"Häzirki internetimiz '4G' we öý telekom Wi-Fi 6 mg/s - örän pes. Men Awaza golaý mikroraýonda ýaşaýaryn we internetim örän haýal bolany üçin '5G' internetiň birikdirilmegine mümkinçiligim we zerurlygym bar. Enem-atam bilen IMO mesenjeri arkaly gürleşip hem bolmaýar, internetiň güýji ýetmeýär" diýip, türkmenbaşyly ýaşaýjy aýtdy.

Döwlet eýeçiligindäki türkmen metbugaty Türkmenistanyň dünýäniň öňdebaryjy sanly döwletleriniň "hataryna ynamly çykýandygyny” habar berip gelýär. Hökümet resmileri ýurdy öňdebaryjy sanly döwletleriniň hataryna çykarmaga gönükdirilen çäreleriň görülýändigini habar berip, "sanly ykdysadyýeti ösdürmäge", "elektron hökümet" ulgamyny ornaşdyrmaga, emeli aňyň we "bulut" tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen "giň gerimli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär” diýýärler.

Hususan-da, wise-premýer Mämmmethan Çakyýew geçen ýyl “Türkmentel – 2025” atly konferensiýasynda eden çykyşyna delil hökmünde ýurtda gurlan ilkinji "akylly" şäheri mysal getirdi we Arkadag şäherinde öňdebaryjy sanly, maglumat-kommunikasiýa we "ýaşyl" tehnologiýalaryň, şol sanda aragatnaşyk ulgamyna "5G" standartynyň giňden ornaşdyrylandygyny aýtdy. Emma hökümet resmisi ilatyň köplük bolup ýaşaýan ýerlerinde aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini agzamady.

Haýal, gymmat hem-de çäklendirilen

Türkmen hökümetiniň ýurtda ösen tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy barada berýän hasabatlaryna garamazdan, Türkmenistan düýäde iň haýal we iň gymmat internetli ýurtlaryň hatarynda agzalýar.

Üstesine, ilatyň maglumat elýeterliligine berk gözegçilik edýän ýurtda internet petiklenýär. Garaşsyz habar serişdeleriniň websaýtlary we sosial ulgamlary: Instagram, TikTok, Facebook, YouTube ýaly meşhur platformalar petikli galýar. Bu ýagdaýda ilat VPN-lerden peýdalanýar we şu sebäpden hem häkimiýetleriň yzarlamalaryna sezewar bolýar.

Ýurtda aragatnaşyk hyzmatlarynyň hiliniň ýaramazlygy hem-de berk gözegçilik astynda saklanmagy ilat arasynda goňşy ýurtlaryň mobil operatorlarynyň SIM kartlaryna bolan islegleri artdyrýar. Soňky döwürde ýurtda "Starlink" ulanyjylaryň sany hem köpelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

​
XS
SM
MD
LG