Balkanda Hatyra güni mynasybetli býujet işgärleriniň hasabyna sadaka berildi, ilat gonamçylyga goýberilmedi

Türkmenistanda Hatyra güni mynasybetli berlen sadakalaryň biri (Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)

6-njy oktýabrda Türkmenistanda Hatyra güni bellenildi. Türkmen paýtagtynda prezident Serdar Berdimuhamedow gül goýmak boýunça hatyra çäresine gatnaşdy. Balkan welaýatynda bolsa, býujet işgärlerinden ýygnalan pul serişdesiniň hasabyna sadaka berildi, ýöne oňa adaty raýatlar goýberilmedi. Şeýle-de, ýerli häkimiýetler ýaşaýjylara sadaka bermegi we gonamçylyklara barmagy gadagan etdi. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 7-nji oktýabrda sebitden maglumat berdi.

Türkmenistan 6-njy oktýabrda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny we söweş meýdanlarynda wepat bolan türkmenistanlylary ýatlap, Hatyra gününi belledi.

Türkmen metbugaty prezident Serdar Berdimuhamedowyň “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda gül goýmak çäresine gatnaşandygyny we 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde gurban bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralap, “Ruhy tagzym” ýadygärligine gül çemenini goýandygyny habar berdi.

Degişli maglumat

Ahalda gonamçylyklara gözegçilik güýçlenýär, işanlar, palçylar, tebipler soraga çekilýär

Öten-geçenleri ýatlamak, edermen Watan goragçylaryny, tebigy betbagtçylykda pida bolanlary hatyralamak däbi halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ynsanperwer ýörelgeleriniň biridir diýip, TDH-nyň habarynda bellenýär.

Ýurduň günbatar welaýatynda hem, bu sene mynasybetli Balkanabat şäherindäki baş metjitde sadaka berildi.

“Telekeçileriň her birine bir goýun salgyt salyndy”

Sebitiň hökümet edaralarynda işleýän we sadaka gatnaşan býujet işgärleriniň ençemesiniň aýtmagyna görä, ýatlama çäresinde çykyş eden häkimiýet we din wekilleri sadakanyň prezidentiň we onuň kakasy, Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan berlendigini aýtdylar.

Ýöne hakykatda bolsa, sadaka üçin Balkanyň tas ähli etraplaryndaky edara-kärhanalaryň işgärleriniň her birinden 70 manat möçberinde pul ýygnaldy diýip, býujet işgärleri aýtdylar. Şeýle-de, sebitiň telekeçileri hem sadaka goşant goşmaga mejbur edildiler.

“Telekeçileriň her birine bir sany goýundan salgyt salyndy. Üstesine, sadaka diňe welaýatdaky ýolbaşçylar, şol sanda Milli howpsuzlyk ministrliginiň ýerli edarasynyň, prokuraturanyň, kazyýet ulgamynyň işgärleri, gazar dok adamlar gatnaşdyrylyp, adaty adamlara girmäge rugsat berilmedi” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanabatly býujet işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Bellesek, Türkmenistanda häkimiýetler tarapyndan berilýän sadakalara býujet işgärlerinden we telekeçilerden pul ýygnalmagy ýa-da olaryň azyk, mal goşandyny goşmaga mejbur edilmegi bilen bagly ýagdaýlar mundan ozalky ýyllarda hem bolupdy.

Şeýle-de, metjidiň töweregine dilegçilik maksadynda gelen zenanlar polisiýa işgärleri tarapyndan saklanyp, mejbury pagta ýygymyna iberildi.

Mundan başga-da, häkimiýetler ýaşaýjylara sadaka bermegi we gonamçylyklara barmagy hem gadagan etdiler. Gadagançylyklar köp ýaşaýjyda nägilelik döretse-de, olar bulary üýtgedip bilmediler.

Degişli maglumat

Balkanda prezidentiň enesini hatyralap, ýerli ýaşaýjylaryň hasabyna  ‘anna agşamlary’ berilýär

“Häkimiýetler ilatyň režime garşy jemlenmeginden howatyrlanýarlar”

“Polisiýa işgärli adamlara gonamçylyklara zyýarat etmegi we sadaka bermegi gadagan etdiler. Hatyra gününde etraplardaky gonamçylyklara, hususan-da, Bereket etrabyndaky Gaýyp molla, Hoja şehit ýaly gonamçylyklara adam goýberilmedi. Adamlar Hatyra ýa-da haýt günlerinde gonamçylyklara baryp, ölen-ýitenlerini hatyralaýandyklaryny, mazarlaryň töweregindäki çöp-çalamlary arassalaýandyklaryny aýdyp, gonamçylyklaryň töweregindäki polisiýa işgärlerine nägilelik bildirdiler” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri we metbugaty bu gadagançylyklar we olaryň sebäpleri barada aç-açan gürrüň gozgap, ilat köpçüligine maglumat bermeýärler.

Ýöne polisiýa işgärleri ýaşaýjylara dilden berýän maglumatlarynda çäklendirmeleriň sebäbini “pagta möwsüminde zyýaratlaryň we toý-sadakalaryň agşam sagat 6-dan soň amal edilmelidigi” bilen düşündirýärler.

Şol bir wagtda, ýerli ýaşaýjylar bu gadagançylyklaryň “adamlaryň köpçülikleýin ýygnanýan ýerlerini berk gözegçilikde saklaýan türkmen häkimiýetleriniň ilatyň režime garşy jemlenmek howatyrlanmalary” bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar.

Azatlygyň bu ýagdaýlar barada degişli ýerli häkimiýetlerden, şol sanda Balkan welaýat häkimliginden, Polisiýa müdirliginden we baş metjidinden teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi. Redaksiýamyzyň 7-nji oktýabrda bu edaralara eden telefon jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.

Türkmenistanda Hatyra güni başda ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň karary esasynda, 12-nji ýanwarda, rus basybalyjylaryna garşy söweşen gahrymanlaryň goranan galasynyň partladylan gününde bellenýärdi. Soň bu gün 6-njy oktýabra, Aşgabatda 1948-nji ýylda bolan ýer titremesiniň gününe geçirildi.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.