Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ahalda gonamçylyklara gözegçilik güýçlenýär, işanlar, palçylar, tebipler soraga çekilýär


Gonamçylyk (Arhiw suraty)
Gonamçylyk (Arhiw suraty)

Ahal welaýatynda şu günler gonamçylyklara gözegçilik güýçlendirilip, olaryň her birinde azyndan iki polisiýa işgäri nobatçylyk çekýär. Bu aralykda, ilat arasynda tanalýan molladyr işanlar, palçylar we tebipler Milli howpsuzlyk ministrliginiň ýerli edaralary tarapyndan soraga çekilýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 21-nji ýanwarda sebitden maglumat berdi.

“Häzir islendik gonamçylyga barsaň iki polisiýa işgäriniň nobatçylyk çekýändigini görse bolýar. Olar gonamçylyklara gelýän adamlary üns bilen berk gözegçilikde saklap, yzarlaýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly ahally ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Güýçlendirilen gözegçiligiň sebäbi barada ilat köpçüligine aça-açan resmi düşündiriş berilmeýär.

Ýöne polisiýa we gonamçylyk işgärleriniň ençemesiniň habarçymyza aýtmagyna görä, munuň sebäbi soňky aýlarda gonamçylyklarda ýüzüne iňňe, sapak dürtülen suratlaryň tapylmagy bilen bagly wakalaryň köpelendigi bilen baglanyşykly.

Ýokary derejeli döwlet emeldarlarynyň suratlary...

“Tapylýan suratlaryň arasynda beýlekiler bilen bir hatarda, ýokary derejeli döwlet emeldarlarynyň, şol sanda olaryň garyndaşlarynyň we hukuk goraýjy işgärleriň suratlary hem kän” diýip, polisiýa işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Onuň sözlerine görä, bu ýagdaý, ýurtda dowam edýän ykdysady we durmuş kynçylyklarynyň fonunda iş ýüzünde adalat tapyp bilmeýän ilatyň palçylardan, tebiplerden we porhanlardan haraý gözleýändigini görkezýär.

“Ilat kimden ejir çekýän ýa-da çeken bolsa, özbaşdak zulum görkezen adamlaryň suratlaryna iňňedir sapaklaryny sanjyp, gonamçylyklara gömüp, erbet doga etmäne başlady. Bu adamlaryň nähili çykgynsyz ýagdaýdadygyny görkezýär” diýip, gonamçylyk işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Bu aralykda, ylmy subutnamalardan mahrum bolan ezoteriki hyzmatlary amal etmekde ilat arasynda meşhurlyga eýe bolan molladyr işanlar, palçylar we tebipler Milli howpsuzlyk ministrliginiň ýerli edaralary tarapyndan soraga çekilýär.

“Meni hukuk goraýjy edarasynyň birine çagyryp, sorag etdiler. Ilki bilen dünýe garaýşym nähili, soň kimler meniň hojalygyma gelýär we adamlar näme haýyş edýärler, kimler bilen gatnaşýaryn, näme wagyz edýärsiň, Arkadagly Serdaryň alyp barýan syýasatyna garşylygym barmy diýen soraglary berdiler. Men özüme zyýan gelmez ýaly jogaplar berdim” diýip, ýakynda soraga çekilen işanlaryň biri anonimlik şertinde gürrüň berdi.

"Şugulçylyga çagyrdylar"

Mundan başga-da, MHM işgärleri ondan suratlara erbet doga etdirip, soňra olary gonamçylyklara gömýänler barada maglumatyň bardygyny ýa ýokdugyny hem sorapdyrlar.

“Men ýok diýip jogap berdim. Soňra olar maňa bu barada maglumat bolanda, bulary MHM edarasyna habar bermegi tabşyryp, meni şugulçylyga çagyrdylar we soňra-da goýberdiler” diýip, ahally işan aýtdy.

Azatlygyň bu ýagdaýlar barada degişli ýerli häkimiýetlerden, şol sanda sebitiň Polisiýa müdirliginden resmi teswir almak boýunça telefon arkaly eden synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Türkmenistanda häkimiýetleriň ilat arasynda tanalýan palçylara, tebiplere gözegçiligi güýçlendirip, olara garşy reýdleri geçirýändigi barada Azatlygyň habarçylary mundan ozal hem habar beripdiler. Ýöne häkimiýetleriň gonamçylyklara güýçlendiren gözegçiligi barada tas ilkinji gezek maglumat gelip gowuşýar.

Ýurtda dowam edýän ykdysady krizisiň fonunda, däp-dessurlara eýerýän konserwatiw türkmen jemgyýetinde soňky ýyllarda palçylardan we tebiplerden haraý gözleýän raýatlaryň, şol sanda döwlet gullukçylarynyň köpelýändigi barada maglumatlar gelip gowuşýar.

Şeýle-de, habarçylarymyz ilat arasynda öwlüýälere, gonamçylyklara, gadymy galalara baryp, dileg edýän, şeýle ýerlerden haraý gözleýän adamlaryň köpelýändigini hem habar berip gelýärler. Ýerli synçylaryň ençemesi bu ýagdaýlary krizis döwründe köp adamyň tebigy däl güýçlere meýil etmegi, şolardan haraý we many gözlemegi bilen düşündirýär.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG