Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde 5-nji awgustda ýerli ýaşaýjy tarapyndan berlen sadakalaryň birinde palawyň üstünde basa-baslyk, ýakalaşyk döredi. Onlarça adamyň gatnaşmagynda bolan ýakalaşykda kellesinden şikeslenenler hem boldy. Ýakalaşyk wakanyň bolan ýerine polisiýa işgärleriniň gelmegi bilen dargadyldy. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 6-njy awgustda sebitden maglumat berdi.
“Şäheriň 189-njy kwartalynda üçünji güni, 5-nji awgusta bir gurplyrak maşgala köp gatly jaýynyň öňünde goýun öldürip, palaw ataryp, takmynan 150 tabak palaw paýlamagy niýet etdi. Kwartaldaky garyp maşgalalar we goňşy kwartaldakylarda eşidip geldiler. Takmynan 350-den gowrak adam sadakanyň naharyndan okaralaryny dolduryp, maşgalasyna alyp gideris diýen umyt bilen gelipdir” diýip, waka golaýdan şaýat bolan balkanabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Degişli maglumat
Açlyk gozgalaňlarymy? Türkmenistanda azyk ýetmezçiligi we nägilelikler artýarÝöne sadaka berýän adamyň bişirýän nahary, waka şaýat bolanlaryň ençemesiniň sözlerine görä, munça adama ýetmeýändigi belli bolansoň, okaralaryny alyp gelip, palaw nobatyna duran ýaşaýjylaryň onlarçasy biri-biri bilen dawa-jenjel etmäge başlady.
"Ýarty käse nahar üçin bir-biriniň kellesini ýardylar"
“Dawa-jenjeller soňra has ula ýazyp, adamlar elindäki okaralary bilen biri-birini urup, agyr şikes ýetirmäge çenli alyp geldi. Adamlar ýarty käse nahar üçin bir-biriniň kellesini ýardylar” diýip, wakanyň ýene bir şaýady anonimlik şertinde aýtdy.
Ýakalaşyk wakanyň bolan ýerine polisiýa işgärleriniň gelmegi bilen dargadyldy. Söhbetdeşlerimiz polisiýa işgärlerine hem ýakalaşygy togtatmagyň zordan başardandygyny hem belleýärler.
Azatlyk wakada takyk näçe adamyň ýaralanandygyny we olaryň soňky saglyk ýagdaýy barada häzirlikçe jikme-jik maglumat alyp bilmedi. Redaksiýamyzyň bu barada ýerli polisiýa we saglyk bölümlerinden telefon arkaly teswir almak boýunça eden synanyşyklary hem oňyn netije bermedi.
Bu waka, sebitde käbir gurply hojalyklaryň, musulmanlaryň sapar aýy mynasybetli, sadakalary berýän mahalyna gabat geldi. Sapar aýy her ýyl aý senenamasyna görä üýtgeýär. Şu ýyl bu aý iýul aýynyň ortasyndan başlap, awgustyň ortalaryna çenli dowam edýär.
Gadagançylyk girizilýär, ýöne sebäpler, çözgütler agzalmaýar
“Sapar aýynda köp gatly jaýlaryň howlusynda nahar bişirip, nahar paýlaýan hojalyklaryň sadakalarynda azyndan 100 adam nobata durýar, käte olaryň sany 300-400 adama ýetýär. Sebäbi güzeran eklenji agyr bolan köp sanly garyp maşgala üçin tas ýylyna bir sapar etli palaw iýmek mümkinçiligini berýär” diýip, balkanabatly ýaşaýjy aýtdy.
Ýöne bu maşgalalar indi bu mümkinçilikden hem mahrum bolýana meňzeýär. Sebäbi sebitiň häkimiýetleri ýakalaşykdan soň, şäher ýaşaýjylaryna sapar aý sadakalaryny bermegi gadagan etdi.
“Indi iki günden, ýagny 5-nji awgustdan bäri polisiýa işgärleri kwartallara aýlanyp, adamlara sadaka bermegi gadagan edýärler. Olar sadaka ýa hudaýoly üçin üýşen adamlary hem dargadýarlar, ýöne bu ýagdaýlara nämeler sebäp bolýandygy, olaryň çözgütleri barada gürrüň edilmeýär” diýip, balkanabatly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
“Ýurtdaky çuňňur aladalandyrýan ýagdaýlar”
Bu maglumatlary, şol sanda ýakalaşygy şäheriň polisiýa bölümleriniň birinde işleýän çeşmämiz hem tassyklap, adamlaryň ýarty käse palaw üçin biri-biriniň kellesini ýarandygyny we munuň “ýurtdaky çuňňur aladalandyrýan ýagdaýlara” yşarat edýändigini aýdýar.
Degişli maglumat
Türkmenistanda etiň gymmatlamagy nägileligi güýçlendirýär, Lebapda ýaşaýjylar etrap häkimliklerine üýşýär“Döwlet paýok bermesini togtatmagy netijesinde, hepdäniň dowamynda öýünde bir gezek-de nahar bişmeýän adamlar bar. Sebäbi adamlarda iş ýok ýa-da hojalykda diňe bir adam işleýär, onuňam alýan aýlygy 2 müň manatdan geçenok. Iň ýönekeý ýumurtganyň bahasy 45-50 manat boldy, et Balkanabatda 200 manada ýetip, täzelenen rekordy goýdy. Soň adamlar nädip gyzgyn nahar bişirsin?! Häzir bir käse nahar üçin kelle ýaran adamlar ertir bir gazan nahar üçin näme ederler?!” diýip, polisiýadaky çeşmämiz aýtdy.
Türkmenistan indi 10 ýyl çemesi wagt bäri ýiti ykdysady kynçylyklary başdan geçirýär. Ilat giň ýaýran işsizlikden, ýurduň köp pudagynda aýlyklaryň pesliginden, şol bir wagtda, azyk önümleriniň we hyzmatlaryň yzygiderli gymmatlamagyndan ejir çekýär.
Galyberse-de, türkmen häkimiýetleri soňky iki ýyldan gowrak wagtyň dowamynda döwlet dükanlarynda subsidirlenen azyk önümleriniň satuwyny hem tapgyrlaýyn esasda ýatyryp, ozal iki esse diýen ýaly arzan bahadan satylan harytlaryň nyrhlary bazar bahalary bilen deňleşdirdi. Bu hem güzeran eklenji günsaýyn agyrlaşýan müňlerçe hojalyga goşmaça urgy boldy.
Türkmen häkimiýetleri ykdysady kynçylyklary we bularyň ilata ýetirýän täsirlerini boýun almaýar we türkmenistanlylaryň “bolelin durmuşda” ýaşaýandygyny yzygiderli öňe sürýärler. Bu ýagdaýlar barada ýurduň metbugat serişdeleri hem ýyllarboýy habar bermän gelýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.