Balkanda ten söwdasyna garşy reýd geçirilýär, saklananlardan ‘para almak’ ýagdaýlary ‘köpelýär’

Köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň golaýynda duran polisiýa işgärleri we ulaglary (Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)

Balkan welaýatynda ten söwdasyna garşy reýdler geçirilýär. Reýdlerde saklanan raýatlaryň, şol sanda ýaş müşderileriň gorkuzylmagy we olardan para alynmagy bilen bagly ýagdaýlar göz-görtele köpeldi. Bu ýagdaýlar barada aýry-aýrylykda maglumat beren ýagdaýlardan habarly balkanly ýaşaýjylaryň ençemesi we polisiýadaky çeşmämiz muňa ten satýan zenanlar bilen polisiýanyň arasyndaky “ýörite hyzmatdaşlygyň” sebäp bolýandygyny aýdýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 5-nji oktýabrda sebitden maglumat berdi.

“Şu günler Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerinde polisiýa myhmanhanalara, ýörite kwartiralara, käbir kafedir restoranlara reýd geçirýär. Ten satýan zenanlar we olaryň hyzmatyndan peýdalanýan erkek adamlar saklanyp, ýerli polisiýa bölümlerine alnyp gidilýär” diýip, Türkmenbaşynyň kanun goraýjy edaralarynyň birindäki çeşmämiz aýtdy.

Günbatar welaýatyň häkimiýetleri bu reýdler we olaryň häzirki wagtda geçirilmeginiň sebäpleri barada aç-açan we anyk maglumatlary bermeýärler. Bu barada Balkan welaýat häkimliginiň resmi web sahypasynda haýsydyr bir maglumat göz ilmeýär.

Degişli maglumat

Balkan prezidentleriň suratlaryny asyp, myhmanlary ‘kowup’, Awazada geçjek halkara çärelerine taýýarlanýar

Ýöne bellesek, reýdler ýerli häkimiýetleriň öňümizdäki günlerde Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek halkara çärelerine berk taýýarlyk görýän mahalyna gabat geldi.

8-nji oktýabrda Awazada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň, 9-njy oktýabrda bolsa Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegine garaşylýar.

Ýagdaýlardan habarly balkanly ýaşaýjylaryň we polisiýadaky çeşmelerimiziň aýtmagyna görä, kanun goraýjy edaralaryň wekilleri dilden berýän maglumatlarynda reýdleriň sebäbini jemgyýetçilik ahlagyny goramak we arassaçylyk düzgünleriniň saklanmak zerurlygy bilen düşündirýärler.

"Jynsy gatnaşygy tamamlaýança gapyda garaşyp durýarlar"

Şol bir wagtda, söhbetdeşlerimiz saklanan raýatlaryň aglabasyna döwlet tarapyndan göz öňünde tutulan jerimäniň ýazylmaýandygyny, muňa derek müşderilerden, gorkuzylyp, 3000-5000 manat möçberinde para alynýandygyny aýdýarlar.

“Men ten söwdasy bilen meşgullanýan bir gyz bilen 200 manat töläp, iki sagatlyk jynsy gatnaşyk üçin ylalaşdym we öňünden gürleşen myhmanhanamyzdan otag alyp, şol ýerde duşuşdyk. Ýöne myhmanhanadan çykmaly wagtymyz, gapy kakyldy we gapyda duran polisiýa işgärleri bizi polisiýa uçastogyna alyp gitdi. Ol ýerde bizi deri keselleri hassahanasyna alyp gidip, ekspertizadan geçirjekdiklerini we iş gozgaljakdygyny aýdyp, gorkuzyp başladylar. Şondan soň, men 3 müň manat para bermäge razy boldum” diýip, balkanabatly bir ýaş erkek anonimlik şertinde başdan geçiren ýagdaýlaryny gürrüň berdi.

Bu maglumatlary kanun goraýjy edaradaky çeşmämiz hem tassyklap, şeýle wakalaryň köpelendigini we muňa ten satýan zenanlar bilen polisiýanyň arasyndaky “ýörite hyzmatdaşlygyň” sebäp bolýandygyny aýtdy.

“Ten satýan gyzlara müşderileri tarapyndan teklip gelen badyna, olar polisiýadaky şärigine jaň edip, ‘sagat pylan wagty, pylan adrese ýa-da otele gel’ diýip aýdýarlar. Polisiýa ofiserleri, düzgün bozan adamy ekspertiza alyp baran wagty analiz netijesi jynsy gatnaşygyň bolandygyny tassyklamagy üçin, ten satýan bilen müşderisi jynsy gatnaşygy tamamlaýança gapyda garaşyp durýarlar. Soňra hem olary saklaýarlar. Barlaglar, ekspertizalar diňe para almak üçin oýlanyp tapylan shemanyň bir bölegi” diýip, çeşmämiz aýtdy.

Söhbetdeşlerimiziň sözlerine görä, saklanan erkekler öz atlarynyň bu wakalar bilen ilteşikli eşidilmeginden alada edip, soralan parany berip, ‘gutulmaga’ tarap hereket edýärler.

Degişli maglumat

Maryda 'ahlak reýdleri' geçirildi, ýaşaýjylar polisiýany korrupsiýada aýyplaýar

"Döwletiň ynanan polisiýasynyň gazanjyndan döwlete bähbit ýok"

“Ýöne döwletiň ynanan polisiýasynyň bu gazanjyndan döwlete 1 manat hem bähbit ýok. Olar diňe öz jübülerini doldurýarlar. Polisiýa kämillik ýaşyna ýetmedik 16 ýaş töweregindäki okuwçy gyzlar bilen hem hyzmatdaşlyk edip, erkekleri awlap, olaryň okuwçydygyny bahanalap, erkek müşderileriň 20 müň manada çenli puluny alýarlar” diýip, çeşmämiz aýtdy.

Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 136-njy maddasynda ten söwdasy “jelepçilik” diýlip atlandyrylýar we jeza hökmünde bellenilen binýatlyk mukdarynyň 20-40 aralygyndaky möçberde jerimäni ýa-da 480 sagada çenli hökmany işlerde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasynyň berilýändigi nygtalýar. Ýöne kanunda bu “hyzmatdan” peýdalanan raýatlara nähili jeza çäreleriniň göz öňünde tutulýandygy anyk beýan edilmeýän ýaly bolup görünýär.

Şol bir wagtda, çeşmämiz türkmen kanunçylygynda bikanun jynsy gatnaşykda saklanyp, sud edilen erkek hem-de zenan raýatlar üçin 50 müň manat pul jerimesiniň we 1 ýyl ýurtdan çykmak gadagançylygynyň göz öňünde tutulandygyny aýdýar.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada sebitiň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda Balkan welaýat häkimliginden we Polisiýa müdirliginden telefon arkaly resmi teswir almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 5-nji oktýabrda häkimlige we müdirlige eden telefon jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.

Türkmenistanda ýiti ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň, azyk gymmatçylygynyň ilata agyr zarba urmagy dowam etdirýändigini, ogul-gyzyny ekläp bilmän ejiz galan eneleriň, maşgalany goldamak üçin ten söwdasy bilen meşgullanýan ýaş gyzlaryň köpelýändigini Azatlygyň habarçylary habar berip gelýärler.

Türkmen häkimiýetleri ýurduň iri şäherlerinde ten söwdasyna garşy wagtal-wagtal geçirilýän reýdler barada açyk we anyk maglumatlary bermeýär. Bu barada resmi metbugatda hem hiç bir mesele gozgalmaýar.

Degişli maglumat

Maryda ten satýan aýallary saklamak boýunça reýd geçirilýär

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.