Türkmenistanyň Merkezi banky geçen ýylyň dekabrynda 1, 5, 10 manatlyk modifisirlenen polimer banknotlary, şeýle-de täze 200 manatlyk polimer banknoty dolanyşyga girizdi. Döwlet eýeçiligindäki metbugat bu pullaryň ‘hapalanma, könelme, zeperlenme ýaly daşky täsirlere durnuklylydygyny’, ýagny çydamlydygyny belledi.
Ýöne bu pullar, näme sebäpdendir, ‘könelen’ manatlardan ‘ýadan adamlaryň ellerine ýetmeýär’ diýip, çeşmeler habar berýär.
Balkan welaýatyndaky habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürleşen adamlar sebitdäki ýaşaýyş nokatlarynda ‘arassa manat banknotlaryny’ tapmagyň tas mümkin däldigini öňe sürýärler.
“Täzelikde ulanyşa goýberilen 5 we 200 manat kupýuralar heniz hem welaýatda ýok. Ýyrtylan we seriýa nomerleri gabat gelmeýän 1, 5, 10, 20, 50 we 100 manatlyk banknotlar reňkleri öçüp, trýapka meňzäp galdy. Söwdada, taksi hyzmatlarynda, bilet we kommunal töleglerinde indi gyralary gopan manat kupýuralary hem kabul edip alýarlar” diýip, bir ýaşaýjy aýtdy.
Manat ýagdaýyna 'iş başarmaýan hökümet günäkär'
Onuň sözlerine görä, manadyň bu ýagdaýa düşmegi ‘adamlaryň günäsi däl, iş başarmaýan hökümetiň günäsi’.
Degişli maglumat
Türkmenistanda dollaryň gara bazar nyrhy 'peseldi', harytlar 'arzanlamady'Gürrüňi edilýän manatlaryň iň köneleri 2009-njy, 2012-nji, 2014-nji ýyllarda çykarylan. Ýöne 2017-nji, 2020-nji ýyllarda çykarylan banknotlaryň arasynda hem elden-ele geçip, ‘halys bolan’ ýa ‘sürçegi çykan’ diýilýän pullar bar diýip, ýaşaýjylar aýdýar.
Emma muňa garamazdan, resmi maglumata görä, bu pullaryň ählisi Türkmenistanyň çäginde kanuny töleg serişdesi bolmagynda galýar.
Azatlyk bilen aýry-aýrylykda gürleşen ýaşaýjylar manat ýagdaýynyň uly Berdimuhamedowyň prezidentligi döwründe, hususan-da 2017-nji ýyldan başlap ‘çylşyrymlaşandygyny’ aýdýarlar.
“Uly Berdimuhamedow söz we metbugat erkinligini gysyp, daşary ýurt inwestorlaryny Türkmenistandan uzaklaşdyrdy, gaçyrdy” diýip, balkanly raýat 2017-nji ýylda manadyň dollara bolan hakyky gatnaşygynyň ilki 20 essä golaý, soň 7 essä golaý tapawutlanandygyny, häzir 1 amerikan dollarynyň gara bazarda 20 manat çemesinde saklanýandygyny belledi.
Sentýabr aýynyň ortalarynda 1 ABŞ dollarynyň Aşgabatdaky gara bazarlarda 17, 17,50 manada çenli arzanlandygy habar berildi.
Ýurduň maliýe durnuklylygynyň daýanjymy ýa garyplygyň sebäbi?
Resmi habarlarda türkmen manadynyň 1993-nji ýylda dolanyşyga girizileli bäri ýurduň maliýe durnuklylygynyň daýanjy bolmagynda galýandygy aýdylýar, emma synçylar manadyň iki kursunyň ilatyň aglaba böleginiň garyp düşmegine, az sanly adamyň baýamagynda ‘uly rol oýnaýandygyny’ öňe sürýärler.
Balkan sebitindäki habarçymyza pikirini aýdan hünärmen manat meselesini ‘ýurtda dowam edýän ykdysady krizis, hökümet korrupsiýasy’ bilen baglanyşdyrýar.
“2017-ni ýylda Aşgabatda geçirilen Aziýa oýunlary üçin gurlan Olimpiýa şäherçesi, kaşaň howa menzili, paýtagtyň durkuny täzeläp gurmak üçin harçlanan serişdeler ýurduň ykdysady çökgünlik derejesiniň, manadyň hümmetsizlik derejesiniň tas hroniki derde öwrülmegine sebäp boldy.”
Howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň aýdylmazlygyny soran hünärmen döwletiň walýuta ätiýaçlyklarynyň oýlanyşyksyz harçlanýandygyny öňe sürdi we, raýatlaryň durmuşynyň ýyrtyk manat banknotlaryny ulanmak derejesine çenli pese gaçmagynyň bir sebäbini nagt däl dolanyşyga geçmek üçin gönükdirilmeli serişdeleriň ‘saklanmagynda görýändigini’ aýtdy.
Degişli maglumat
Manadyň 'durnukly hümmeti' halky mätäç saklamagyň guralyna öwrüldi - ÇeşmelerOnuň sözlerine görä, manat, nagt pul ýetmezçiligi meselesi nagt däl dolanyşyga geçilmegi bilen çözülmelidi, emma bu bolmady.
“Nagt däl söwda adamlaryň durmuşyna häzire-bu güne çenli doly girip bilmän gelýär. Ýurtdaky nagt däl söwdanyň görkezijileri pes, kä ýerde 5%, kä ýerlerde 10%” diýip, söwda hünärmeni aýtdy.
Onuň sözlerine görä, bu bir tarapdan tehniki enjamlaryň hyzmaty bilen bagly bolsa, ikinji tarapdan, korrupsiýa bilen bagly.
Aýdylmagyna görä, manat gytçylygy bank işgärleriniň käbiriniň manat nagtlaşdyrmak üçin nagtlaşdyrylýan puluň 5 göterimine çenli para alyp, bikanun gazanç etmegine mümkinçilik berýär.
Hökümetiň maliýe, manat syýasaty düýpden ýalňyşmy?
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen ýerli ykdysatçy hökümetiň maliýe, manat, ykdysadyýet syýasatynyň düýpden ýalňyşdygyny öňe sürdi.
Onuň sözlerine görä, ýurt ilatynyň kanun esasynda işläp, gowy gazanç etmek, kanun esasynda salgyt tölemek mümkinçiligi örän çäkli.
“Daşary ýurtda walýuta gazanan adamlar ony öz ýurdunda bankda däl, gara bazarda manada öwürýär. Adamlar bolanja puluny öýünde, keçäniň aşagynda, gerek bolanda sowar ýaly, nagt görnüşinde saklaýar. Bankdan döwlet bahasyndan walýuta alyp bilmeýän telekeçiler hem gizlin söwda edip, gazanjyny ýaşyrýar. Sebäbi döwlet ulgamyna, resmilere hiç hili ynam ýok” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.
Türkmenistan garaşsyz neşirleriň resmi maglumat ýa düşündiriş almaklary üçin ýapyk ýurt bolansoň, ýurduň Merkezi banky bilen habarlaşyp, manat meseleleri barada anyklaşdyrma alyp bolmady.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.