Balkan welaýatynyň dag etegindäki obalary sil basdy. Dynç günlerinde ýagan güýçli ýagyş we yzýany toplanan sil suwlary uly mukdarda toplanyp birnäçe ilatly ýerleriň üstünden düşdi. Sebitdäki habarçymyz soňky ýagdaýlary habar berdi.
23-nji we 24-nji maýda ýagan güýçli ýagşyň netijesinde sil suwlary Belek obasyny kesip geçýän Aşgabat-Türkmenbaşy awtomobil ýoluny we demir ýoluny zaýalady. Gyzylarbatdan geçýän ýoluň hem azyndan iki ýerine sil suwy zeper ýetirdi diýip, habarçymyz Balkan welaýatynyň ilatly ýerlerine aýlanyp, öz gören ýagdaýlaryny gürrüň berdi.
Ýerli çeşmeleriň birnäçesi 23-nji maýda Gyzylarbat etrabynyň Purnuar obasynda siliň netijesinde iki çaganyň heläk bolandygyny we Belekde üç adamyň sil suwunda dereksiz ýitendigini habar berdiler. Olaryň sözlerine görä, gözleg işleri iki günläp dowam edipdir.
"Dag etek obasy Purnuarda iki sany 7 ýaşlaryndaky çaga sil suwunyň akymyna gark bolup öldüler. Belekde hem üç adam sil suwuna akyp gitdi. Gözlegler alnyp barylýar, emma jesetler heniz tapylmady" diýip, çeşmeleriň biri 24-nji maýda aýtdy.
Azatlyk Radiosy bu maglumaty Balkan welaýatynyň häkimiýetlerinden resmi görnüşde tassyklap bilmedi. Häkimligiň websaýtynda habarlaşmak üçin görkezilen telefon nomerlere jogap berilmedi.
Çeşmeleriň sözlerine görä, awtoýol abatlanyp, duşenbe güni günortan ulanmaga berlipdir.
Gyzylarbat etrabynyň Goç obasynyň üstünden akabalary dolduryp akan sil suwlaryň möçberi uly bolupdyr, emma ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, bu ýerde sil zyýan ýetirmändir.
Balkanyň Iskender obasyna baran çägeli sil suwlary ýollary petikläp, ulag hereketini çäklendiripdir.
"Geçelge ýollary çägeli sil suw basyp, awtoulaglara ýöremäge mümkinçilik goýmady" diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.
Sil suwlary basan ilatly ýerleriň birnäçesi Balkan we Türkmenbaşy şäherleriniň arasynda ýerleşýär.
'Ulaglar, adamlar suw içinde galdy'
"Ýagyn ýagyp durka Belek obasyny sil basdy. Häzir sil gelen ýerlerde hiç bir döwlet gullukçylary ýok. Ençeme adam awtoulagly köçeden geçip, öýlerine baryp bilmeýär. Käbir awtoulaglar bolsa sil suwlaryň içinde galdy" diýip, ýerli ýaşaýjy ýekşenbe günki ýagdaý barada gürrüň berdi.
Balkanly ilatly ýerleriň ençemesinde köp sanly ýaşaýyş jaýlar, ýyladyşhanalar, mal ýataklary sil suwundan ejir çekipdir.
"Döwlet tarapyndan adamlara amaly ýardam berilmeýär, diňe TikTokda paýlaşmaň diýip duýduryş edilýär. TikTokda goýulýan wideolar pozulýar we olary ýerleşdiren adamlar MHM tarapyndan soraga çekilýär" diýip balkanly çeşmeleriň biri aýdýar.
Ýene bir ýaşaýjynyň sözlerine görä, adamlar häkimiýetler tarapyndan kömek alyp bilmändir we suwuň içinde galan awtoulaglary çykarmak üçin tagalla edipdir:
"Döwletden kömek bolmajagyny bilen adamlar özbaşdak traktor tutup, awtoulaglaryny sil suwlardan çykarmaga çalyşýar. Biz awtoulaglary we olaryň içindäki adamlary özbaşdak halas etmeli bolduk. Indi kynçylyk başymyzdan geçensoň häkimiýet wekilleri gelip, 'Näme boldy? Zyýan çeken adam barmy? diýip sorag edýärler".
Balkanly ýaşaýjynyň soňky ýagdaýlar barada gürrüň berip, aýtmagyna görä, sil suwlarynyň netijeleri bilen baglylykda duşenbe güni çäre görüp başlan häkimiýetler polisiýa işgärleri ýeten zeperiň möçberini anyklamakçy bolýarlar.
Adamlar geplemekden gorkýar
"Häkimlik işgärleri polisiýa işgäri bilen bilelikde sil suwlarynyň geçen ýerlerinde nämeleriň bolup geçendigini anyklamakçy bolýarlar" diýip, balkanly aýtdy. "Adamlar häkimlik işgärleri özleri gelip soran bolsalar biz nägileligimizi açyk aýdardyk, emma olaryň ýanyndaky polisiýa eşigindäki adamlary görüp, ýaşaýjylar geplemekden saklanýar" diýip ol sözüne goşdy.
Degişli maglumat
Balkanda 100-den gowrak hojalyk jaýy sil suwlaryndan ejir çekdiÝerli ýaşaýjylaryň anonimlik şertinde gürrüň bermegine görä, ilat köpçüligi häkimiýet wekillerine maglumat bermekden howatyr edýär, sebäbi kömege derek raýatlara köplenç basyş edilýär.
Döwletden kömek gerek
"Bize kyn pursatda döwletden kömek gerek, emma wagtynda ýardam bolmaýar. Häkimiýetler hem adamlaryň döwletden kömek bolmandygyna gaty gaharlydygyny bilýär we şol sebäpden häkimlik işgärleri ýanlaryna polisiýa işgärlerini alyp barýar" diýip, balkanly ýaşaýjy aýtdy.
Azatlyk Radiosy balkan welaýatyndaky sil barda maglumat beren çeşmeleriniň atlaryny howpsuzlyk aladalary sebäpli agzamakdan saklanýar.
Balkan welaýatynda ilatly ýerleriň ýagyn we sil suwlary bilen basylmagy wagtal-wagtal ýüze çykýar. Adatdan daşary tebigy hadysalaryň ýygjamlaşmagy bilen bir hatarda suwuň ýygnanmagynyň öňüni almak boýunça zerur infrastruktura göz öňünde tutulmaýar, ýa-da talaba laýyk bejerilmeýär, şol sanda sil we suw ýaplary gazylmaýar.
Türkmenistanda tebigy hadysalar we olaryň netijeleri resmiler tarapyndan we döwlet habar serişdelerinde agzalmaýar.
Degişli maglumat
Sil suwlary ýollara, jaýlara zelel ýetirýär, ýöne öri meýdanlar ganýar, mallar ine-gana otlaýarGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.