Balkanyň ýol polisiýa işgärleriniň arasynda işden çykýan köpelýär

Polisiýa işgäri köçe gözegçilik nokadynda. Türkmenistan (arhiw suraty).

Balkan welaýatynda ýol gözegçilik polisiýasynyň işgärleri köpçülikleýin işden çykyp başladylar. Ýerli polisiýa işgärleriniň özleri munuň sebäbini iş şertleriniň agyrlaşmagy bilen baglanyşdyrýarlar. Olar soňky aýlarda özlerinden ýerine ýetirip bolmajak talaplaryň edilýändigini gürrüň berdiler.

"Ýolbaşçylar bizden günde 25 sany protokol ýazyp, jerime salmak we 1 müň manat puly hasaba almazdan, getirmegi talap edýärler" diýip polisiýa işgäri gürrüň berdi.

Ýol gözegçilik polisiýasynda işleýän ýene bir balkanly edilýän talaby ýerine ýetirip bolmaýar diýýär: "Radar enjamlaryny satyn almak we gije-gündiziň dowamynda 2 müň manat puly resmi hasaba alman tapyp getirmek we ýene 15 sany protokoly dolduryp, jerime salmak mümkin däl".

Türkmenistanda 1-njy maýdan administratiw düzgün bozmalar üçin jerimeleriň möçberi ýokarlandy, bu ýol hereketine degişli düzgün bozmalary hem öz içine alýar. Bu ýagdaý ýazylýan jerimeleriniň sanynyň artdyrylmagyna we polisiýa işgärleri üçin täze planyň kesgitlenmegine getirdi.

Degişli maglumat

Jerimeleriň bahasy ýokarlandy, polisiýa işgärleri üçin jerime plany kesgitlendi

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan balkanly polisiýa işgärleri şu aýda işden çykanlaryň sanynyň işgärleriň tas üçden bir bölegine ýetendigini öňe sürýärler. Azatlyk Radiosy bu ýagdaý barada Balkan welaýatynyň içeri işler edaralaryndan resmi görnüşde teswir alyp bilmedi.

Polisiýa işgärleriniň bir bölegi öz islegi boýunça arza ýazyp işini terk edýär, beýlekileri işe çykmakdan boýun gaçyrýar. "Hatda 15 ýyllap ýol polisiýasynda işlän kärdeşlerimiz hem işden çykyp gidýärler" diýip, balkanly polisiýa işgäri aýtdy. "Bir-iki ýyldan pensiýa çykmaly ofiserler hem işini taşlaýar" diýip, ol sözüne goşdy.

Türkmenistanda içeri işler edaralarynyň işgärleriniň ortaça aýlygy wezipe derejesine laýyklykda tapawutlanýar we 2500-4500 manat aralygynda bolýar. Polisiýa işgärleriniň sözlerine görä, häzir olardan resmi jerimelerden başga-da, para görnüşinde günde tabşyrmak talap edilýän puluň mukdary bir aýlygynyň ýarysyna barabar bolýar.

'Ýönekeý raýatlar düzgüni köp bozmaýar, arkasy barlar tölemeýär'

Emma bu paradan başga protokol ýazyp, resmi görnüşde jerime salmak boýunça plany ýerine ýetirmek hem örän kyn diýip, ýol gözegçilik polisiýasynyň işgäri gürrüň berdi: "Men Balkanabatda köp ýyl işledim ýolda ähli adam diýen ýaly tanyş. Olarda köne awtoulaglaryndan gelýän 5 manat güzeranyndan başga zadynyň ýokdugyny bilýärin we olara 100 ýa-da talap edilýän 500 manatlyk jerimeleri ýazmaga nebsim ýol bermeýär. Men ýaly Hudaýdan gorkýan onlarça ýol polisiýasy öz işläp oturan işlerini öz islegleri bilen terk etmeli bolýar".

Balkanly polisiýa işgärleri ýol düzgünlerini hakykatdan hem boýan sürüjileriň hem az däldigini, emma olaryň köplenç gurply we wezipeli adamlar ýa-da olaryň ýakynlary bolup, hiç wagtda jerime tölemeýändigini belleýärler.

"Ýokary tizlik bilen hereket edýän ulag eýelerini saklanyňda olar ýokardaky birine jaň etdirip, tizligini peseltmegiň deregine üstümizden gülüp gidýärler. Ýönekeý adamlar bolsa, ulaglaryny kadadan tiz dolandyrmaýarlar. Ýalňyşlyk ýa-da howlukmaçlyk bilen sürýän seýrek sürüji bolaýmasa, tizlik üçin jerime ýokarlanaly bäri kanuny bozýanlar diňe arkasynda kanun goraýjy, MHM, kazy ýa-da prokuror ýaly garyndaşy bar adamlar düzgüni bozýar. Olara jerime ýazmaga bolsa, rugsat berilmeýär" diýip, balkanly polisiýa işgäri gürrüň berdi.

Işden çykanlara basyş edilýär

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gepleşen birnäçe polisiýa işgäri ýolbaşçylaryň işgärleri işe gaýtarmaga synanyşýandygyny we esasan basyş görkezýändigini aýdýarlar.

"Her gün welaýat polisiýasynyň ýolbaşçylary işe gaýdyň diýip, çagyryp dürli basyşlar edýär. Hatda işiňizi suda geçirjek diýip hem haýbat atýar. Bizem iş şertleri agyr gelýär diýip, parany we protokol planyny azaltmagy soradyk, emma welaýat başlygy 'bizem ýokary tabşyrmaly, bizden talap şeýle' diýip ýeňillik bolmajagyny aýtdy. 'Sizleri madda bilen işden boşadaryn, gaýdyp 3 arkaňyz işe alynmaz' diýip haýbat atdy" diýip, ýene bir polisiýa işgäri aýtdy.

Degişli maglumat

Türkmenabatda polisiýanyň ýaş jübütleri saklap, olardan ‘para talap etmek çäreleri’ güýçlendi

Azatlygyň Balkan welaýatynyň kanun goraýjy edaralaryndaky çeşmesine görä, işden çykmaga synanyşan birnäçe polisiýa işgäri ýerli MHM-niň bölümine soraga çagyrylypdyr.

Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar prezidentiň 11-nji aprelde gol çeken permanyna görä, girizilip, käbir düzgün bozulmalar üçin jerimeleriň möçberi 100%-e çenli ýokarlandyryldy.

Resmi metbugatda bu üýtgetmeleriň ýurduň administratiw-hukuk gatnaşyklary baradaky kanunçylygyny kämilleşdirmek maksady bilen işlenip taýýarlanylandygy aýdyldy.

Degişli maglumat

Polisiýa işgäriniň hal-ahwaly içeri işler edaralaryndaky düýpli problemalardan habar berýär

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.