Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Jerimeleriň bahasy ýokarlany, polisiýa işgärleri üçin jerime plany kesgitlendi

Ýol hereketine gözegçilik edýän polisiýa işgäri. Türkmenistan (arhiw suraty).
Ýol hereketine gözegçilik edýän polisiýa işgäri. Türkmenistan (arhiw suraty).

Türkmenistanda 1-njy maýdan administratiw düzgün bozmalar üçin jerimeleriň möçberi ýokarlandy. Resmi metbugatda bu üýtgetmeleriň ýurduň administratiw-hukuk gatnaşyklary baradaky kanunçylygyny kämilleşdirmek maksady bilen işlenip taýýarlanylandygy aýdylan hem bolsa, bu ýagdaý polisiýa işgärleriniň ýazýan jerimeleriniň sanyna hem täsir ýetiripdir. Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary soňky ýagdaýlar barada habar berýärler.

"Jerimeleriň möçberi ýokarlanyp, her bir polisiýa işgärinden günde 20 jerime ýazmak talap edilýär. Şonuň üçin Döwlet ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri awtoulaglara, polisiýa işgärleri pyýada raýatlara her gün azyndan 20 jerime ýazmaly boldular" diýip, aşgabatly polisiýa işgäri gürrüň berdi.

Habarçylarymyz bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan polisiýa işgärleriniň sözlerine görä, jerime plany barada dilden tabşyryk berilýär we "plany" dolup bilmedik polisiýa işgärleri ýazylmadyk jerimeleriň puluny ýolbaşçylara öz hasabyna tabşyrmaly, bolmasa olara işini ýitirmek howpy abanýar.

"Ýazmaly jerimäniň sanyny dolup bilmedik polisiýa işgärleri şol ýetmeýän jerimäniň öwezini dolmak üçin nagt görnüşinde polisiýanyň başlygyna tölemeli. Her bir ýazylmadyk protokol üçin 100 manat bermeli, ýagny 15 protokol dolduryp, ýene bäşisini doldurmadyk bolsa, 500 manat eltip bermeli" diýip, polisiýa işgäri aýtdy.

Jerimeleriň möçberiniň artdyrylmagy barada täze düzgün 1-nji maýda güýje girdi. Prezidentiň 11-nji aprelde gol çeken permanyna görä, Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizilip, käbir düzgün bozulmalar üçin jerimeleriň möçberi tas 100%-e çenli ýokarlandyryldy.

'Talaby berjaý etmek kyn'

Polisiýa işgärleriniň sözlerine görä, işini ýitirmezlik aladasy polisiýa işgärlerini tabşyrygy berjaý edip, jerimeleriň sanyny artdyrmaga mejbur edýär.

Şu günler jerimeleriň köpelmegi welaýatlarda has duýulýar diýip, çeşmeler gürrüň berýär.

Lebaply ýaşaýjylar welaýatda şu günler ýolda polisiýa tarapyndan saklanman awtoulagly geçmek kyn.

"Häzir ýol polisiýalary her bir geçip barýan awtoulagy saklap, dokumentler bilen bir hatarda ýangyn söndüriji, derman gapyrjagy, üç burç gyzyl yşyklandyryjy, teker üçin direg we egniňe geýilýän giýje çyra düşende yşyklandyrýan keltekçe ýaly zatlary talap edip başladylar" diýip, lebaply ýaşaýjy 5-nji maýda gürrüň berdi.

Sürüjileriň sözlerine görä, polisiýa tarapyndan soralýan zatlaryň köpüsi satuwda seýrek bolýar we şeýdip, tas her bir sürüji jerime tölemeli bolýar.

"Häzir adamlara ýangyn söndüriji guralyň ýok diýip, yzygiderli jerime salynýar, emma häzirki gün Türkmenabatda bu gural tas hiç bir ýerde satuwda ýok" diýip, türkmenabatly sürüji şu günler tapdyrmaýan ýangyn söndürijiniň bahasynyň hem 10 esse ýokarlanandygyny belledi: "Öň 10-15 manatdan satylan ognetuşitel häzir 400-500 manatdan bahalanýar. Olaryň käbirinde bellenen wagt senesi 2023-nji ýylda güýjüni ýitirýär diýlip görkezilýär".

'Jerimeler barada habarsyz galdyk'

Azatlyk bilen gürrüňdeş bolan lebaplylaryň ençemesi administratiw jerimeler baradaky täze düzgünlerden özleriniň bihabardygyny aýtdylar.

"Awtoulag sürüjileriň köpüsi jerimeleriň birden beýdip ýokarlanmagyndan habarsyz galýar, bu jerimeleriň ýokarlanjagy döwlet telewideniýesinde, radioda, gazetlerde habar berilmedi. Diňe TikTok ulgamynda habarlar peýda boldy" diýip, lebaply ýaşaýjy aýdýar.

Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodeksine käbir üýtgetmeleriň girizilýändigi barada 11-nji aprelde hökümet maslahatynda mälim edilipdi we 17-nji aprelde hökümetçi “Turkmenportal” we “Takyk” neşirlerinde käbir maglumatlar çap edilipdi.

Jerimeleriň 1-nji maýdan ýokarlanjakdygy baradaky şol habarlardan soň Balkan welaýatynda ýol gözegçiligi polisiýasynyň alýan paralarynyň mukdary hem ýokarlanypdy.

Tizlik düzgünini we beýleki düzgünleri bozanlardan soralýan paranyň mukdary, soňky aýlarda, 30 manat bolanlygyndan 50, 75 manada çenli ýokarlandy; awtoulagyny sagatda 40 km tizlikde sürülmeli ýerde sagatda 80 km tizlikde süren sürüjilerden soralýan paranyň mukdary 150 manada çenli ýokarlandy diýip, ýerli sürüjiler habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň günbatar welaýatyndaky habarçysynyň 29-njy aprelde beren şol maglumatynda awtoulaglarda goýulýan derman gutularynyň, ýangyn söndüriji enjamlaryň bahalarynyň iki esse gymmatlandygy aýdylypdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG